Şu gün Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalarynyň merkezinde Türkmenistanyň Agrar partiýasyny döretmek boýunça guramaçylyk komitetiniň ýygnagy boldy.
Ýygnaga Türkmenistanyň Agrar partiýasyny döretmek boýunça guramaçylyk komitetiniň agzalary we partiýanyň döredilmegini goldap çykyş edýän pikirdeşleriniň welaýatlardan gelen wekilleri gatnaşdylar.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda döwlet we jemgyýetçilik durmuşyny demokratiýalaşdyrmak, raýatlarymyzyň konstitusion hukuklaryna eýerip, syýasy partiýalary döretmäge bolan hukuklaryny berjaý edip bilmegi üçin giň mümkinçilikler döredilýär. Ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň çäklerinde “Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanuny kabul edildi we şonuň netijesinde köp partiýalylyk ulgamynyň kemala gelmegi ugrunda taryhy ädimler ädildi. Häzirki wagtda Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasy hem işjeň hereket edýär.
Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we “Syýasy partiýalar hakynda” Türkmenistanyň Kanunynda kepillendirilen hukuklaryndan peýdalanyp, ýurdumyzyň raýatlarynyň bir topary oba hojalyk toplumynda alnyp barylýan taryhy ähmiýetli, ägirt uly özgertmeleri, agrar ulgamynda öňe sürülýän syýasy başlangyçlary, amala aşyrylýan demokratik özgertmeleri goldamak maksady bilen şu ýylyň iýul aýynda Türkmenistanyň Agrar partiýasyny döretmek boýunça guramaçylyk komitetini döretdi. Milli kanunlara laýyklykda, guramaçylyk komiteti ýerlerde syýasy partiýany döretmäge gönükdirilen guramaçylyk we düşündiriş işlerini alyp barýar. Guramaçylyk komiteti tarapyndan ýerlerde agrar partiýanyň pikirdeşlerini jemlemek boýunça işler amala aşyryldy.
Türkmenistanyň Agrar partiýasyny döretmek boýunça guramaçylyk komitetiniň mejlisiniň barşynda guramaçylyk komiteti tarapyndan partiýanyň döredilmegini goldap çykyş edýän pikirdeşlerini jemlemek boýunça alyp barýan işleri barada habary diňlenildi. Şeýle hem agrar partiýasynyň dörediji gurultaýyny çagyrmak, oňa gatnaşjak wekilleri saýlamak boýunça ýerlerde ýygnaklary geçirmegiň tertibi, wekilçilik kadalaryny bellemek we milli kanunçylyga laýyklykda, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň hasaba alynmagy üçin zerur resminamalary taýýarlamagyň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Guramaçylyk komiteti şu günki geçiren ýygnagynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň dörediji gurultaýyny 2014-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda geçirmek we kanunçylyga laýyklykda, bu barada Türkmenistanyň Adalat ministrligine habar bermek barada karar kabul etdi.
Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň dörediji gurultaýynyň gün tertibine Türkmenistanyň Agrar partiýasyny döretmek hakynda, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Tertipnamasyny we Maksatnamasyny tassyklamak, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Merkezi Geňeşiniň agzalaryny, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň gözegçilik-derňew toparynyň agzalaryny we ýolbaşçy düzümini saýlamak hakynda meseleleri girizmek barada karar kabul edildi.