Paýtagtyň “Grand-Türkmen” myhmanhanasynda ÝHHG Aşgabatdaky merkeziniň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi bilen bilelikde guramaklarynda teleradio gepleşikleri hukuk taýdan düzgünleşdirmäge bagyşlanan “tegelek stoluň” başynda maslahat geçirildi. Maslahatyň işine milli habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň Mejlisiniň, Adalat, Aragatnaşyk ministrlikleriniň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky milli institutyň, şeýle hem Türkmenistanyň DIM Halkara gatnaşyklary institutynyň we Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň hünärmenleri gatnaşdylar.
Aşgabatda bolup geçen tegelek stoluş başynda bolup geçen maslahata gatnaşmak üçin halkara bilermenleri – Anna Kaçkaýewa (Russiýa Federasiýasy) we Taras Şewçenko (Ukraina) geldiler. ÝHHG Merkeziniň taslamalary utgaşdyryjysy Kristofer Hornegiň belleýşi ýaly, bu duşuşyk Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlykda amala aşyrylýan Merkeziň “Türkmenistanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri hakyndaky kanunynyň döwrebaplaşdyrylmagyna ýardam bermek” taslamasynyň çäklerinde guraldy.
“Tegelek stoluň” başynda bolup geçen maslahata gatnaşyjylar iki günüň dowamynda häzirki zaman audiowizual mediany sazlaşdyrmagyň maksatlary we çemeleşmeler, teleradio gepleşikler ulgamyny sazlaşdyryjy guramalary, sanly gepleşiklere geçmek, ygtyýarnamany bermäge çemeleşmeler we maksatlar, halkara we milli alnyp görkezmelere hukuk ýaly meseleleriň giň tapgyryna seredildi.