Şu gün Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryna taýýarlyk meselelerine bagyşlanan nobatdaky mejlisi geçirildi. Oňa Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynydaky iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Konstitusiýasyna laýyklykda, halk maslahatlary wekilçilikli edaradyr, ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan iri möçberli özgertmeleri we toplumlaýyn ösüş maksatnamalaryny, şol sanda "Türkmenistanyň Prezidentiniň obalaryň, şäherçeleriň, etrapdaky şäherleriň we etrap merkezleriniň ilatynyň durmuş-ýaşaýyş şertlerini özgertmek boýunça 2020-nji ýyla çenli döwür üçin Milli maksatnamasyny" durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşmak bilen, olara möhüm wezipe degişlidir.
Merkezi saýlaw topary saýlawlara taýýarlyk görmek we olary geçirmek boýunça gündelik meýilnamany tassyklady. Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň karary bilen, Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, 2014-nji ýylyň 13-nji sentýabryndan halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmäge girişilendigi yglan edildi. Saýlawlar 2014-nji ýylyň 23-nji noýabrynda bolar. Şu ýylyň 24-nji sentýabry – 24-nji oktýabry aralygynda dalaşgärleri görkezmek işleri geçiriler. Olar 4-29-njy oktýabr aralygynda hasaba alnar.
Mejlisiň barşynda ýurdumyzyň welaýatlarynyň we Aşgabat şäheriniň saýlaw toparlarynyň ýolbaşçylarynyň öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çärä taýýarlyk hakyndaky maglumatlary diňlenildi. Bellenilişi ýaly, welaýat halk maslahatlarynyň saýlawlary boýunça 240, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça bolsa 1480 saýlaw okruglary döredildi. Häzirki döwürde okruglaryň çäklerinde saýlaw uçastoklary döredilýär we olaryň düzümleri kemala getirilýär.
Ýakyn wagtda saýlaw uçastoklarynyň maddy-enjamlaýyn binýady has-da pugtalandyrylar. Bularyň hemmesi döwrebap, ygtybarly aragatnaşyk, täze tehnikalar, gollanmalar, usuly edebiýatlar, kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň ýazgylary we beýlekiler bilen üpjün ediler.
Öňde boljak jemgyýetçilik-syýasy çäräniň taýýarlygyny guramaçylykly geçirmek maksady bilen, Merkezi saýlaw toparynyň nobatdaky mejlisinde welaýat, şeýle hem etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlaryny geçirmek boýunça saýlaw toparlarynyň ýolbaşçy düzümi, uçastok saýlaw toparlarynyň agzalarynyň şahsyýetnamalary, milli synçylar we habar beriş serişdeleriniň wekilleri üçin gollanmalar we beýleki iş resminamalary tassyklandy.
Mejlise gatnaşyjylar saýlawlaryň açyklyk we giň bäsdeşlik esaslaryny üpjün etmegi ilkinji nobatdaky wezipe hökmünde kesgitlediler. Şunuň bilen baglylykda, ýerlerde ilat arasynda zerur bolan düşündiriş işleriniň geçirilmeginiň zerurdygy bellenildi.
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüniň oňyn özgertmelerini üstünlikli durmuşa geçirmekde ygtybarly binýat bolup durýan geljekki saýlawlaryň ýurdumyzda demokratik ýörelgeleri çuňlaşdyrmagyň ýolunda möhüm ädime öwrüljekdigini bellemek bilen, Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyň agzalary saýlaw çäresiniň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi ugrunda ähli zerur tagallalary etjekdiklerine ynandyrdylar.
Merkezi saýlaw toparynyň nobatdaky mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.