Şu gün paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde açylan Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleri türkmen we türk halklarynyň arasyndaky berkeýän dostluk gatnaşyklarynyň, iki medeniýetiň üstünlikli özara hereketiniň ajaýyp mysalyna öwrüldi.
Bu uly döredijilik forumy ýokary derejede geçirilen duşuşyklaryň barşynda gazanylan ylalaşyklara laýyklykda geçirilýär hem-de iki halkyň köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy depginli ösdürmäge, dostluk we doganlyk gatnaşyklary pugtalandyrmaga özara islegleriniň we taýýarlygynyň aýdyň şaýatnamasy bolup durýar.
Häzirki tapgyrda iki ýurduň özara gatnaşyklarynyň üstünligi Türkmenistanyň we Türkiýäniň Liderleriniň – Prezidentler Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Rejep Taýyp Ärdoganyň syýasy erkinde, dünýä syýasatynyň köp meseleleri boýunça garaýyşlaryň gabat gelýänliginde, dünýä ösüşiniň hazynasyna ägirt uly goşant goşan iki doganlyk halkyň gatnaşyklarynyň kuwwatly taryhy binýadynda jemlenýär. Hormatly Prezidentimiz türkmen-türk doganlyk gatnaşyklarynyň bozulmaz esaslarynyň biriniň uly gymmatlyk bolan taryhy-medeni aragatnaşyklaryň we bu ugurdaky gatnaşyklaryň bolup durýandygyny ençeme gezek nygtaýar.
Şu ýyl Türkiýede beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 290 ýyllygynyň giňden bellenilmegi barha ösýän ynsanperwer hyzmatdaşlygynyň, şol sanda ylym, bilim, döredijilik işleri ulgamlarynda hyzmatdaşlygyň ajaýyp nyşany bolup hyzmat edýär. Mälim bolşy ýaly, Ankaranyň owadan künjekleriniň birinde “Türkmenistan” seýilgähi ýerleşýär. Ol ýerde Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi oturdylandyr. Beýik Magtymguly Pyragynyň ýadygärligi Türkiýäniň Ýozgat şäherinde hem ebedileşdirilendir.
Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň şanly senesiniň bellenýän ýylynda onuň goşgularynyň üç ýygyndysy türk biline terjime edildi, şeýle hem beýik akyldaryň ömür ýoluna we edebi-filosofik döredijiligine bagyşlanan ylmy maslahatlary özünde jemleýän şanly çäreleriň toplumy geçirilýär. 2014-nji ýylyň TÜRKSOÝ tarapyndan Magtymgulynyň ýyly diýlip yglan edilmegi bu halkara guramasynyň Magtymguly Pyragynyň baý edebi we ylmy-filosofiki mirasyny dünýä derejesinde çuňňur öwrenmek we wagz etmek işinde mynasyp goşandydyr.
Iki ýurduň medeni gatnaşyklarynyň giňeldilmegine şeýle hem bilelikdäki konsertler, Türkiýe Respublikasynyň meşhur ýerine ýetirijileriniň çykyşlary, medeniýet işgärleriniň halkara maslahatlaryna we festiwallara gatnaşmaklary, Medeniýet günleri ýardam edýär. Ine, 2012-nji ýylda Türkmenistanda Türkiýäniň Medeniýet günleri uly üstünlik bilen geçdi, 2013-nji ýylyň iýulynda Türkiýe Türkmenistanyň Medeniýet günleriniň çäklerinde türkmen artistlerini kabul etdi. Iki ýurduň alymlarynyň beýik akyldarlaryň we şahyrlaryň, beýleki taryhy şahsyýetleriň eserlerini çuňňur öwrenmek we giňden wagz etmek boýunça bilelikdäki işleri alnyp barylýar. Doganlyk türk halkynyň şekillendiriş we estrada sungaty iýun aýynda Daşoguzda geçirilen medeniýet hepdeliginde, şeýle hem awgustda "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda guralan “Awaza-2014” atly halkara aýdym-saz we folklor festiwalynda görkezildi.
Iki dostlukly ýurduň gatnaşyklary dowam edýär. Muňa Türkiýe Respublikasynyň uly wekiliýetine Aşgabatda bildirilen mähirli kabul edişlik nobatdaky gezek şaýatlyk edýär. Türkmenistanda Türkiýe Respublikasynyň Medeniýet günleriniň açylyş dabarasyna giň jemgyýetçiligiň, ýurdumyzda işleýän diplomatik wekilhanalaryň, döredijilik işgärleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, talyp ýaşlar gatnaşdylar.
Forumyň resmi açylyş dabarasynda däp bolan türkmen-türk hyzmatdaşlygyny baýlaşdyrmaga, taryhy mirasyň, iki doganlyk halklaryň baý milli däpleriniň wagz edilmegine ýardam etmäge gönükdirilen bu wakanyň aýratyn ähmiýeti nygtaldy.
Ýygnananlary mübärekläp, Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we syýahatçylyk ministriniň orunbasary Abdurrahman Aryjy iki doganlyk halklaryň taryhda ýola goýlan medeni we ruhy umumylygynyň, iki ýurduň doly möçberli özara bähbitli hyzmatdaşlyk ugruna ygrarlylygynyň dostlukly türkmen-türk gatnaşyklarynyň ygtybarly binýady bolup çykyş edýändigini belledi. Kökleri müňýyllyklaryň çuňluklaryna gidýän baý ruhy we medeni mirasy, milli däp-dessurlary gaýtadan dikeltmek we giňden wagz etmek – şu maksatlar türkmen we türk halklaryny olaryň parahatçylygyň, ylalaşygyň we gülläp ösüşiň bähbidine dostluk gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn berkitmäge ymtylmalarynda birleşdirýär diýip, çykyş edenler bellediler.
Çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Türkiýe Respulikasynyň Prezidentleri Gurbanguly Berdimuhamedowa we Rejep Taýyp Ärdogana alyp barýan parahatçylyk syýasatlary, giň halkara hyzmatdaşlygy, medeniýeti we sungaty hemmetaraplaýyn ösdürmek syýasatlary üçin, hususan-da, şu gün Aşgabatda badalga berlen Türkiýäniň Türkmenistandaky Medeniýet günlerini guramakdaky mümkinçilikler üçin çuňňur hoşallyk bildirdiler.
Soňra Mukamlar köşgüniň sahnasynda türk artistleriniň ilkinji konserti boldy. Onuň maksatnamasyny halk mukamlaryny, türk kompozitorlarynyň eserlerini, şeýle hem dünýä sazlarynyň nusgawy eserlerini ýerine ýetiren sazandalaryň çykyşlary açdy. Kanonyň, fleýtanyň we roýalyň owadan owazlary sazlaşykly utgaşyp, diňleýjileri türk tebigatynyň dünýäsine aralaşdyrana döndi. Artistler kalbyňy tolgundyryjy we jadylaýjy sazlaryň dili bilen öz halkynyň özboluşly medeni däpleri barada gürrüň berdiler. Olaryň sazlarynyň ýany bilen halk aýdymlary hem ýaňlandy. Konsertiň maksatnamasyna “Türk Dünýäsi” Izmir döwlet tans we aýdym-saz toparynyň, Ankaranyň halk tans toparynyň çykyşlary goşuldy. Artistler tomaşaçylary ajaýyp horeografiýa çykyşlary bilen begendirdiler. Görnükli milli lybaslara, depginli halk sazlaryna, tansçylaryň hereketlerine tomaşaçylar tarapyndan mynasyp baha berlip, dostlukly ýurduň artistlerine joşgunly el çarpyşmalar we gül çemenleri bagyşlandy.
Ertir medeni çäräniň çäklerinde paýtagtymyzdaky Türkmenistanyň şekillendiriş sungaty muzeýinde türk amaly-haşam sungatynyň sergisi açylar. “Watan” kinokonsert merkezinde Türkiýe Respublikasynyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçiriler.
Türk medeniýetini giňden görkezmek maksady bilen dostlukly ýurduň wekiliýetiniň düzümine sungatyň dürli görnüşleriniň wekilleri goşulypdyr. Ine, çäräniň çäklerinde Türkiýäniň “Harem” döwlet opera we balet teatrynyň baledi türkmen tomaşaçylarynyň üns bermegine hödürlener. 24-nji sentýabrda “Aşgabat” kinokonsert kino merkezinde türk kinolarynyň görkezilişiniň açylyşy bolar. Türk kinematografiýaçylarynyň döreden kinofilmleri bilen “Türkmenistan” kinokonsert merkezinde hem tanşyp bolar. Şol gün Magtymguly adyndaky Türkmen milli sazly drama teatrynyň sahnasynda Türkiýe Respublikasynyň döwlet teatrynyň toparynyň işi bolan “Meraki” spektakly görkeziler. Bu spektakl uly tolgunmadan ejir çekýän adam barada mähirli we şatlykly komediýadyr. Şol tolgunmadan hem gahryman dürli gülküli wakalara gabat gelýär. “Meraki” şöhratly Žan-Batista Molýeriň “Ýalandan kesel bolýan” pýesasynyň meňzeş görnüşidir.
Türk artistleriniň çykyşlary şeýle hem 24-nji sentýabrda Mary welaýatynyň merkezinde bolar, ertesi gün bolsa paýtagtymyzyň Mukamlar köşgünde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy hem-de türkmen we türk sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti geçiriler. Çäräniň çäklerinde şeýle hem iki ýurduň medeniýet ulgamlarynyň wekilleriniň iş duşuşyklary bolup geçer.
Türk myhmanlary üçin uly medeni maksatnama taýýarlandy. Onda paýtagtymyzyň we Mary şäheriniň muzeýleriniň gymmatlyklyklary bilen tanyşlyk, “Gadymy Merw” döwlet taryhy-medeni goraghanasyna, ýurdumyzyň medeni merkezlerine we Aşgabadyň gözel künjeklerine baryp görmek jemlenýär.