Şu gün Türkmenistanyň Döwlet medenitýet merkeziniň paýtagtymyzdaky Mukamlar köşgünde Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň tamamlanmagyna bagyşlanan dabara boldy.
Döredijilik forumy Aşgabatda we Maryda üstünlikli geçip, biziň halklarymyzyň örän ýakyndygyny, olaryň köpasyrlyk dostlukly we doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek isleginiň örän güýçlüdigini ýene-de bir gezek aýdyň görkezýän täsirli çärä öwrüldi.
Ýeri gelende aýtsak, dünýäniň çeperçilik medeniýetiniň gazananlaryny çuňňur özleşdirmek Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe milli ruhy mirasy aýawly saklamak, öwrenmek we dünýäde giňden wagyz etmek bilen birlikde, ýurdumyzyň medeniýetini we sungatyny ösdürmegiň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Gumanitar ugurdaky giň halkara gatnaşyklary, dünýä bileleşigi bilen medeni gepleşigiň ýola goýulmagy şol wezipäniň berjaý edilmegine degerli ýardam berýär. Şu medeni çäre hem onuň nobatdaky ajaýyp nusgasyna öwrüldi.
Ozal habar berlişi ýaly, Türkiýäniň Türkmenistandaky medeniýet günleriniň çäklerinde geçirilen çäreler arkaly, türkmenistanlylar doganlyk ýurduň sungatynyň dürli ugurlary, häzirki döwürde onuň ösüşine mahsus ýagdaýlar bilen tanyşdyryldy. Türkiýäniň uly döredijilik wekiliýetiniň düzümine amaly-hagam, aýdym-saz, balet, teatr we kino sungatynyň wekilleri goşuldylar.
Türkmenistanyň Şekillendiriş sungaty muzeýinde guralan sergide türk amaly-haşam sungatynyň dürli ugurlary görkezildi. Ussatlaryň döreden zatlary: demirden nepislik bilen ýasalan zatlar, aýnadan we farfordan edilen bezegli önümler, türk keramikasy, dürli daşlar bilen bezelen gutujyklar, plitkany el bilen bejermek boýunça Gündogaryň adaty sungatyna degişli nusgalar, matalardan edilen zatlar we matanyň ýüzündäki şekiller, kümüşden ýasalan şaý-sepler, “ebru” usuly boýunça çekilen suratlar köp sanly muşdaklaryň we bilermenleriň ünsüni çekdi. Bu ýerde gymmatly bolmadyk daşlardan zatlary ýasamak, basma usuly boýunça tälim bermek guraldy. “Ebru” atly djbe öwrülen türk sungaty – suwuň ýüzünde şekilleri çekip, soňra olary kagyza geçirmek boýunça görkezilenler tomaşaçylarda uly gyzyklanma döretdi. “Ebru” usulyny ulanýan suratkeş sergä gatnaşanlara suwuň ýüzünde şekilleri çekmegiň esasy usullaryny görkezip, ýygnananlaryň öňünde birnäçe sungat eserlerini döretdi. Sergini guraýjylaryň sözlerine görä, şunuň ýaly sergiler elmydama türkmenistanlylarda uly gyzyklanma döredip, doganlyk halkyň baý medeniýeti bilen içgin tanyşmaga mümkinçilik berýär hem-de medeniýetleriň özara baýlaşmagyna ýardam edip, türkmen-türk gatnaşyklaryny täze many-mazmun bilen has-da kämilleşdirýärler.
Ankaranyň Döwlet milli tans toparynyň we Izmir şäheriniň türkmen halk aýdymlaryny hem ýerine ýetirýän “Türkmen dünýäsi” aýdym-saz we tans toparynyň çykyşlary milli aýdym-sazlara we tanslara uly sarpa goýýanlary has-da begendirdi. “Türkmen dünýäsi” topary tarapyndan gadymy küştdepdi tansy dostlukly ýurduň bu toparynyň her bir konsertinde dürli görnüşlerde we äheňlerde ýerine ýetirildi. Tahyr Aýdogdunyň sazandalar topary bolsa saz sungatynyň ýokary derejesine mahsus görnüşde çykyş edip, halk sazlaryny, şeýle hem türk we dünýäniň nusgawy sazlaryny ussatlyk bilen ýerine ýetirdiler.
Döwlet opera we balet teatrynyň hem-de Türkiýe Respublikasynyň Döwlet teatrynyň artistleri täsirli sahnalary, şol sanda dramaturgiýa eserindäki keşpleri özboluşly görkezmek hem-de täze görnüşlerde beýan etmek bilen tapawutlanýan täsirli balet oýnuny ýerine ýetirdiler.
“Aşgabat” kino merkezinde we “Türkmenistan” kino-konsert merkezinde türk filmleri görkezildi. Tomaşaçylara dürli žanrlardaky kinolar hödürlendi, şolarda awtorlaryň tomaşaçylara umumy adamzat ýörelgeleri barada gürrüň bermegi maksat edinendigine göz ýetirmek bolýar. Kinoforumyň açylan gününde režissýor Ýylmaz Erdoganyň Türkiýäniň ikinji jahan urşy döwründäki durmuşyna bagyşlanan “Kebelegiň düýşi” atly taryhy kinodrama, şeýle hem Osman Sinawyň maşgala gymmatlyklary barada gürrüň berýän “Uzak taryh” atly filmi görkezildi. “Türkmenistan” kino-konsert merkezinde Ýylmaz Erdoganyň “Şadyýan durmuş” atly filmi hem-de Çingiz Aýtmatowyň powesti esasynda döredilen “Elwan ýaglykly serwim” atly film görkezildi.
Türk medeniýetiniň wekilleri Mary welaýatyna bardylar, bu ýerde Kemine adyndaky Döwlet drama teatrynyň sahnasynda uly konsert boldy. Şeýle hem myhmanlar Mary welaýatynda taryhy-ülkäni öwreniş muzeýindäki ekspozisiýa bilen tanyşdylar hem-de welaýatyň kitaphanasyna baryp gördüler. Şeýle hem olar “Gadymy Merw” Döwlet taryhy-medeni goraghana degişli täsin galdyrýan ýadygärlikleri synladylar.
Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň tamamlanmagyna bagyşlanan dabarada bu döredijilik çäresiniň beýik we gadymy medeniýetleri täsirli beýan etmek arkaly, köp asyrlaryň dowamynda taryhy-ruhy kökleriniň umumylygy we doganlyk gatnaşyklary arkaly baglanyşýan türkmen we türk halklarynyň däbe öwrülen dostlukly gatnaşyklarynyň has-da pugtalandyrylmagyna ýardam berýändigi bellenildi.
Ýygnananlar iki ýurduň Baştutanlaryna -- Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa we Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýyp Ärdogana dürli ugurlar boýunça hyzmatdaşlyk edilmegine, özara peýdaly türkmen-türk medeni gatnaşyklarynyň geriminiň has-da giňeldilmegine esaslanýan syýasatyň ýöredilýändigi üçin hoşallyk bildirdiler. Türkiýäniň medeniýet we sungat işgärleri öz türkmen kärdeşlerine mähirli kabul edişlik hem-de Türkiýe Respublikasynyň Türkmenistandaky Medeniýet günleriniň üstünlikli geçirilmegine ýardam berlendigi üçin minnetdarlyk bildirdiler.
Soňra dostluga mahsus ýagdaýda konsert boldy, oňa belli türk sazandalary, aýdymçylar, döredijilik toparlary bilen birlikde, tanymal türkmen estrada aýdymçylary, halk aýdymlaryny ýerine ýetirijiler, şeýle hem deprekçileriň “Arçabil” topary, “Serpaý” we “Laçyn” folklor tans toparlary gatnaşdylar. Konsertde tanslar, döwrebap estrada we halk aýdymlary ýerine ýetirilip, şonda dostluk we doganlyk, dogduk topraga söýgi we onuň gözelligi wasp edildi. Döredijilik agşamynyň ahyrynda “Laçyn” topary we konserte gatnaşan ähli tans toparlary tarapyndan gadymy küştdepdi tansy ýerine ýetirildi. Dostlugyň we döredijiligiň bu baýramçylygy Ýer ýüzünde parahatçylygyň we bagtyýarlygyň bähbidine döredijilikli gepleşik üçin açyk bolan döwrebap Türkmenistanyň – söýgüli ata Watanymyzyň häzirki röwşen we bagtyýar gününe bagyşlanan “Bagtyýarlyk aýdymy” bilen jemlendi.
Döwredijilik forumynyň çäklerinde iki ýurduň medeniýet işgärleriniň duşuşyklary boldy, hünärmenleriň arasynda gatnaşyklar ýola goýuldy. Şeýle hem türkiýeli myhmanlar ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerini synladylar. Olar türkmen paýtagtyndaky muzeýlere we beýleki gözel künjeklere baryp gördüler, munuň özi olaryň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen medeniýetini we sungatynyň ösüşi baradaky bilimlerini has-da baýlaşdyrdy.