Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Agrar partiýasyny döretmek boýunça guramaçylyk komitetiniň ýygnagy boldy.
Şanly waka mynasybetli Aşgabada ýurdumyzyň dürli künjeklerinden obasenagat toplumynyň wekilleri, täze partiýanyň agzasy bolmaga isleg bildiren köpsanly delegatlar ýygnandylar. Şeýle hem ýygnaga ýurdumyzyň jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri çagyryldylar.
Partiýany dörediji ýygnagy geçirmek boýunça guramaçylyk komitetiň agzalary ýygnagy açmak bilen, oňa gatnaşyjylary Agrar partiýasyny esaslandyrmak ýaly ýurdumyz üçin hakykatdan-da taryhy ähmiýeti bolan waka bilen gutladylar. Bellenilişi ýaly, täze partiýanyň emele gelmegi köp partiýaly jemgyýetçilik-syýasy ulgamyň yzygiderli döredilmeginiň möhüm ugurlarynyň biri bolan giň demokratik özgertmeleri durmuşa geçirmegiň ýolunda möhüm ädime öwrüldi.
Mälim bolşy ýaly, bu ýokary derejedäki jogapkärçilikli ýörelgäniň binýady 2012-nji ýylyň başynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça ýurdumyzyň Mejlisi tarapyndan işlenip taýýarlanylan Türkmenistanyň “Syýasy partiýalar hakyndaky” Kanunynyň kabul edilmegi bilen tutuldy. Şol ýylyň awgust aýynda ýurdumyzda Senagatçylar we telekeçiler partiýasy döredildi. Ol häzirki döwürde Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen bilelikde Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň durmuş ulgamynyň ähli pudaklaryny ösdürmegiň giň möçberli maksatnamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilmegine mynasyp goşandyny goşýar.
Häzirki döwürde ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan giň möçberli özgertmeleriň başyny başlaýjy döwet Baştutanymyzyň birnäçe gezek belleýşi ýaly, köp partiýalygyň ösdürilmegi döwlet dolandyryş ulgamynda giň möçberli özgertmeler, syýasy gurallary döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň durmuşynda raýatlyk institutlarynyň ähmiýetine we ornuna göz ýetirmek nukdaýnazarynda örän uly ähmiýeti bardyr. Şu ýyllaryň dowamynda milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda demokratiýanyň ösdürilmegine, raýat jemgyýetiniň institutlarynyň we ýurdumyzda parahatçylygy, ylalaşygy, garaşsyz bitarap döwletimiziň durnukly ösüşini üpjün etmekde möhüm şert bolup durýan döwletiň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga gönükdirilen maksatnamalaýyn çäreler durmuşa geçirilýär.
Ýurdumyzda hereket edýän milli kanunçylyga, hususan-da, Türkmenistanyň Konstitusiýasynda we “Syýasy partiýalar hakynda” Kanunynda berkidilen hukuklara laýyklykda, şu ýylyň iýul aýynda raýatlaryň bir topary tarapyndan Agrar partiýasyny esaslandyrmak boýunça guramaçylyk komiteti döredildi. Olar şu döwürde ilat arasynda işjeň guramaçylyk we wagyz-nesihat çärelerini alyp bardylar.
Guramaçylyk komitetiniň 10-njy sentýabrda geçirilen ýygnagynda Agrar partiýasynyň şu gezekki esaslandyryjy ýygnagyny çagyrmak bilen baglanyşykly meseleler ara alyp maslahatlaşyldy. Ony geçirmegiň senesi, partiýany hasaba almak üçin taýýarlanmaly resminamalaryň sanawy, şeýle hem forumyň wekilleriniň ýerlerde saýlaw ýygnaklaryny geçirmeginiň tertibi we beýleki guramaçylyk meseleleri kesgitlendi.
Bir söz bilen aýdylanda, ýerine ýetirilen taýýarlyk işleri bu forumyň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegine mümkinçilik berdi.
Agrar partiýasynyň esaslandyryjy ýygnagy tarapyndan onuň ýolbaşçy düzümi, sekretariaty we hasap toparynyň agzalary saýlandy.
Onuň gün tertibi tassyklanyp, onda Agrar partiýany döretmek, onuň Tertipnamasyny we Maksatnamasyny tassyklamak, partiýanyň Merkezi Geňeşiniň agzalaryny, Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň gözegçilik-derňew toparynyň agzalaryny we ýolbaşçy düzümini saýlamak hakyndaky meseleleri girizmek barada çözgüt kabul edildi.
Ara alyp maslahatlaşmagyň we ses bermegiň barşynda Türkmenistanyň Agrar partiýasyny döretmek hakynda biragyzdan karar kabul edildi, şeýle hem onuň Tertipnamasy we Maksatnamasy tassyklanyldy.
Şeýle hem Merkezi Geňeşiň agzalary we onuň başlygy saýlanyldy. Bäsleşik esasynda geçirilen ses bermeleriň netijeleri boýunça Agrar partiýanyň başlyklygyna Rejep Bazarow saýlanyldy. Akjagül Dowwaýewa gözegçilik-derňew toparynyň ýolbaşçysy boldy.
Çykyşlarda bellenilişi ýaly, Agrar partiýanyň döredilmegi döwrüň talaby, döwletimiziň azyk bolçulygynyň üpjün edilmegine gönükdirilen agrar syýasatyny durmuşa geçirmekde jemgyýetiň tagallalaryň birleşdililmegini öz içine alýan möhüm meseleler arkaly şertlendirilendir.
Häzirki döwürde obasenagat pudagy ýurdumyzyň halk hojalyk toplumynyň möhüm ulgamlarynyň biri bolup durýar. Milli ykdysadyýetimiziň ýagdaýy köp derejelde oba hojalygynyň ösüşine baglydyr. Oba ýerlerinde ilatyň durmuş derejesiniň ýokarlanmagyny ugur edinýän döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilişinde obasenagat toplumynyň düzümleriniň döwrebaplaşdyrylmagyna, pudaga öňdebaryjy tehnologiýalaryň we hojalygy dolandyrmagyň düşewüntli usullarynyň ornaşdyrylmagyna, içerki we daşarky bazarda uly islegden peýdalanýan önümleriň möçberleriniň we görnüşiniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär.
Ýygnaga gatnaşyjylar täze partiýa agza bolmak bilen, beýleki jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri bilen bilelikde halkymyzyň abadan we mynasyp durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilen milli maksatnamalaryň ähmiýetini giňden açyp görkezmek babatda ilat arasynda işjeň wagyz-nesihat çärelerini geçirmäge , hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet adam üçindir!” diýen şygary ýörelge edinýän syýasatynyň mazmunyny düşündirmäge işjeň gatnaşjakdyklaryny nygtadylar.
Agrar partiýany esaslandyryjy ýygnaga gatnaşyjylar onuň barşynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna Ýüzlenme kabul etdiler. Onda häzirki döwürde täze döredilen jemgyýetçilik –syýasy düzümiň mümkinçiliklerini işjeň ulanmak arkaly, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe mukaddes Garaşsyzlygymyzyň gazananlaryny ösdürmäge we pugtalandyrmaga hemmetaraplaýyn ýardam etjekdiklerine ynandyrdylar.
Täze pariýanyň döredilmegi mynasybetli we ýurdumyzda soňky ýyllarda gazanylýan beýik üstünlikler bilen baglanyşykly ýörelgelere badalga beren millli Liderimiziň baş saglygyna toý sadakasy berildi.