Şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Buýrugyna laýyklykda guralan “Türkmenhowaýollary” döwlet milli gullugynyň ýörite uçary bilen türkmen zyýaratçylary Saud Arabystany Patyşalygyna ugradylar.
Musulmanlaryň esasy baýramlarynyň biri bolan Gurban baýramynyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň ähli welaýatlaryna we paýtagtymyza wekilçilik edýän türkmenistanlylaryň 188-si bütin dünýäden bolan zyýaratçylaryň millionlarçasyna goşular. Olar şu sahawatly günlerde Mekgä we Medinä barýarlar.
Paýtagtymyzda din işgärleriniň, zyýaratçylaryň, şeýle hem ministrlikleriň birnäçesiniň wekilleriniň maslahaty boldy. Onda geljekki çäräniň käbir meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy we zyýaratçylaryň öňünde durýan wezipeleri kesgitlendi.
Maslahatda nygtalyşy ýaly, Gürban baýramy döwürleriň we nesilleriň arabaglanyşygynyň, şöhratly ata-babalarymyzyň wesýetlerine wepalylygynyň nyşanydyr. Şunda din wekilleri we zyýaratçylar milletiň baý taryhy-medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi hökmünde halkymyzyň gadymy däp-dessurlaryny we urp-adatlaryny gaýtadan dikeltmek hem-de aýawly saklamak, ýaş nesli türkmen halkynyň ruhy hem-de ynsanperwerlik gymmatlyklary esasynda terbiýelemek işinde uly ähmiýete eýedir diýip bellediler. Şunuň bilen baglylykda, ýygnananlar milletiň gadymy ruhy-medeni däp-dessurlaryny aýawly saklamak we artdyrmak barada edýän aladasy üçin Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa çäksiz hoşallyk bildirip, haj parzyny amala aşyrmak üçin ähli şertleriň döredilmegi häzirki döwrüň ruhubelentligine beslenendiginiň, türkmen halkynyň ata-babalarymyzyň belent ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarlylygynyň ýene-de bir subutnamasydyr diýip nygtadylar.
Şu haj parzyny amala aşyrmagyň barşynda zyýaratçylar Medine şäherine baryp görerler, şol ýerde Muhammet Pygamberiň meşhur metjidi ýerleşýär.
Soňra türkmen zyýaratçylary iri halkara zyýaratçylyk merkezi bolan Mekgä bararlar. Hut şol ýerde esasy musulman ybadathanasy—mukaddes Al-Haram metjidi ýerleşýär.
Metjidiň içki howlusynyň merkezinde Käbe (“Keramatly öý”) ýerleşýär. Onuň burçlary çar künjege gönükdirilendir. Käbe kub görnüşinde bolup, onuň üstüne gara ýüpek mata ýapylandyr. Haj parzy mahalynda ybadathananyň töwereginde tawaf dessury (daşyň töwereginden ýedi gezek aýlanmak) berjaý edilýär. Käbe kybla bolup hyzmat edýär, dünýäniň ähli musulmanlary namaz okanlarynda şol tarapa seredýärler. Ybadathananyň gapysy altyndan edilipdir. Käbäniň gündogar burçunda Gara daş ornaşdyrylypdyr, onda Ybraýym Pygamberiň dabanynyň yzy galypdyr. Al-Haram metjidinde şeýle hem keramatly Zem-Zem çeşmesi ýerleşýär, onuň töwereginde Mekge peýda bolupdyr.
Mukaddes dessur amala aşyrylan mahaly biziň ildeşlerimiz mähriban halkymyzyň we ata Watanamyzyň gülläp ösmegini, milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň janynyň sag bolmagyny, Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ähli ägirt uly özgertmeleriň üstünlige eýe bolmagyny Beýik Biribardan dileg ederler.
Goý, Beýik Biribar türkmen topragynyň zyýaratçylaryny öz penasynda aman saklasyn!
Goý, Gudraty Güýçli Allatagalla biziň zyýaratçylarymyzyň doga-dileglerini kabul etsin! Kabul bolsun!