Şu gün Hytaýyň paýtagtynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri tamamlandy. Giň möçberli medeni çärä Pekiniň ilatyny we myhmanlaryny türkmen halkynyň sungatynyň dürli ugurlary, onuň özboluşly däp-dessurlary, ýurdumyzyň medeniýet ulgamynda häzirki döwürde gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrdy. Hytaýyň jemgyýetçiliginde uly gyzyklanma döretmek bilen, ol biziň halklarymyzyň ýakyndygyny we taryhy we ruhy taýdan pugta baglanyşyklydygyny äşgär etdi.
Hytaý topragynda türkmenistanlylar mähirli garşylandy. Medeni çäre şatlyk we ýokary ruhy belentlik ýagdaýyny emele getirmek bilen, hytaýlylara biziň ýurdumyzyň köpugurly sungatynyň ajaýyplygyna, gaýtalanmajak öwüşginine göz ýetirmäge mümkinçilik berdi.
Türkmen artistleri Týan Szýao teatrynyň sahnasynda çykyş edip, tomaşaçylarda uly täsir galdyrdy. Türkmenistanyň amaly-haşam sungatynyň eserleriniň we muzeý gymmatlyklarynyň Hytaýyň Zenanlar we çagalar muzeýinde ýaýbaňlandyrylan sergisi sungaty öwrenijileriň, etnograflaryň we gündogary öwrenijileriň ýokary derejedäki gyzyklanmalaryna mynasyp boldy.
Mundan başga-da, Türkmenistanyň HHR-däki Medeniýet günleriniň jemleýji çäreleriniň barşynda türkmen wekiliýetiniň Hytaýyň döredijilik toparlarynyň agzalary bilen duşuşyklary boldy. Bu çäreler hytaý metbugatynda giňden beýan edildi. Geçirilen duşuşyklara iki ýurduň medeniýet işgärleri, iri döredijilik birleşmeleriniň, habar beriş serişdeleriniň wekilleri, belli suratkeşler, kompozitorlar, sazandalar, opera we estrada artisleri gatnaşdylar.
Duşuşyga gatnaşyjylaryň belleýşi ýaly, türkmen-hytaý medeni gatnaşyklary köpasyrlyk tejribä we baý ýörelgelere eýe bolmak bilen, häzirki döwürde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň we HHR-iň başlygy Si Szinpiniň yzygiderli goldaw bermeginde işjeň ösdürilýär we ýurtlarymyzyň strategik hyzmatdaşlygynyň esasyny emele getirýär. Türkmenistanyň we Hytaýyň halklarynda birek-biregiň medeniýetine, belli ýazyjylaryň, suratkeşleriň, şahyrlaryň, sazandalaryň döredijiligine uly gyzyklanmalary bar.
Türkmen we hytaý wekiliýetleriniň iki ýurtda yzygiderli geçirilýän halkara forumlaryna, festiwallaryna, ylmy-tejribe maslahatlaryna, syýahatçylyk sergilerine we sport ýaryşlaryna işjeň gatnaşmaklary munuň aýdyň subutnamasydyr. Bu babatda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň Türkmenistanda hem-de daşary ýurtlarda giňden bellenilen 290 ýyllyk çäreleriniň şu ýyl HHR-de dabara bilen geçirilendigini aýratyn bellemeli.
Bu gezekki geçirilen Medeniýet günleri döredijilik gatnaşyklarynyň çägini has-da giňeltdi. Şunuň bilen baglylykda, medeni gatnaşyklaryň geljegi, hususan-da, sahna sungaty, muzeý işi we köpçülikleýin habar beriş serişdeleri ýaly ugurlaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Pikir alyşmalaryň barşynda hytaý tarapy Türkmenistanyň häzirki döwürde gazanýan üstünlikleri, döwletiň durmuş syýasaty, milli medeniýetiň galkynmagyny şertlendirýän ýurduň ykdysady mümkinçiligi bilen tanyşdyryldy. Soňky ýyllarda biziň ýurdumyzda onlarça täze teatrlaryň, iri muzeýleriň, kitaphanalaryň, medeniýet merkezleriniň, çagalar sungat mekdepleriniň gurulandygy, zehinli ýaşlaryň hünär derejesini höweslendirmek üçin ähli zerur şertleriň döredilýändigi bellenildi.
Aýdylyşy ýaly, medeniýet diňe bir kitaphanalarda, muzeýlerde, teatrlarda ýa-da konsert zallarynda bolman, ol ösdürilmelidir. Biz okyjylar, tomaşaçylar bilen ýüzbe-ýüz bolup, halkara derejesinde tejribe alşyp, birek-biregi has ýakyndan tanap, ruhy taýdan baýlaşýarys diýip, duşuşykda bellenildi. Bu ýörelge artistleriň çykyşlaryny guramak, sergi çärelerini, okuw sagatlaryny, şeýle hem edebi tejrimeler boýunça bilelikdäki işleri amala aşyrmak, Beýik Ýüpek ýolunyň ugrunda ýerleşýän döwletleriň sazlaşykly ösüşi hakynda žurnalistik makalalary taýýarlamak bilen baglanyşykly teklipleriň we başlangyçlaryň içinden erş-argaç bolup geçdi.
Mähirli we ynanyşmak ýagdaýynda geçen duşuşygyň barşynda medeni gatnaşyklary ösdürmek, iki halkyň taryhyny öwrenmek, muzeý we kitaphana gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek boýunça pikir alyşmalar boldy.
Şu gün agşam Týan Szýao teatrynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Medeniýet günleriniň ýapylyş dabarasy boldy. Onda Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň gatnaşmagynda geçirilen gala-konsert uly şowhuna beslendi.
Gutlag sözlerinde türkmenistanlylara biziň ýurdumyzyň milli sungatyna tomaşa edenleriň adyndan hoşallyk sözleri aýdyldy. Türkmenistan bilen Hytaýyň nesilden-nesle geçip gelýän medeni gymmatlyklaryny diňe bir saklamak bilen çäklenmän, eýsem, onuň üstüni häzirki döwürde dostluk gatnaşyklary bilen ýetirýändigi bellenildi. Şeýle hem onuň iki halkyň ruhy ýakynlygyny, döwletara gatnaşyklarynyň köpugurly binýadyny äşgär edýändigi aýdyldy.
Soňra sahnada “Merdana” estrada-simfoniki orkestriniň, “Galkynyş” tans toparynyň, “Dehistan” we “Serpaý” folklor-etnografiýa toparlarynyň, belli bagşylaryň, sazandalaryň halk aýdymlaryny, opera we estrada aýdymlaryny ýerine ýetirijileriň çykyşlary ýaýbaňlandyryldy. Olar tomaşaçylara egsilmez şatlyk eçildiler.
Bu ýerde ýaýbaňlandyrylan baýramçylyk konserti asylly ýörelgeleri bolan ynamy döredýän, ony belende göterýän we baglanyşdyrýan sungatyň beýik güýjüniň hormatyna bagyşlanan sena bolup ýaňlandy. Tomaşaçylar türkmen artistlerini yzy üzülmeýän el çarpyşmalar bilen köp wagtlap gutladylar.
Konsert tamamlanandan soň, türkmen wekiliýetiniň agzalary Türkmenistanyň HHR-de geçirilen Medeniýet günleriniň ýokary guramaçylyk derejesi we myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden sag bolsun aýtdylar we ýene-de duşuşmagy arzuw etdiler.
Şeýlelikde, bu medeni çäre türkmen-hytaý medeni gatnaşyklarynyň taryhyna täze sahypany ýazdy we Türkmenistanyň hem-de Hytaý Halk Respublikasynyň arasyndaky köp asyrlyk dostluk gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürmäge we baýlaşdyrmaga bolan gyzyklanmalary äşgär etdi.