Ï “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk tamamlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

“Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly biraýlyk tamamlandy

view-icon 1301
Şu gün Türkmenistanda ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlyk tamamlandy. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanan bu uly çäre ýurdumyzda ikinji gezek geçirildi.

Mälim bolşy ýaly, awgust aýynyň ahyrynda geçirilen göni aragatnaşyk arkaly wideoşekilli iş maslahatynda döwlet Baştutanymyz ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almaga gönükdirilen çäreleri guramak bilen, ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça biraýlygy her ýylda geçirmegiň maksadalaýykdygyny nygtady. Munuň özi durmuşyň görkezişi ýaly, şeýle çäreleriň ýol-ulag hadysalarynyň düýpli peselmegine ýardam edýändigi bilen baglanyşyklydyr.

Ýurdumyzda milletiň saglygyna durmuş abadançylygynyň möhüm alamaty hökmünde garalýar. “Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy” atly indi däbe öwrülen biraýlygyň geçirilmegi – munuň özi döwlet Baştutanymyzyň durmuş ugurly syýasatyny durmuşa geçirmekdäki nobatdaky ädimdir.

Milli Liderimiziň tabşyryklaryna laýyklykda, güýzüň ilkinji aýy ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça tutuş ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylan uly çäreler bilen alamatlandy. Biraýlygyň çäklerinde ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleri uly gatnawly köçelerde we şaýollarda ýol hereketiniň düzgünleriniň berjaý edilmegi ugrunda gözegçiligi üpjün etmekde tagallalaryny gaýgyrmadylar, ýurdumyzyň ähli okuw-bilim edaralarynda, kärhanalarda we guramalarda söhbetdeşlikler we “tegelek stollar”, mowzuklaýyn duşuşyklar hem-de ýol gözegçiligi polisiýasynyň işgärleriniň we lukmanlaryň gatnaşmagynda beýleki çäreler geçirildi.

Umumy bilim berýän mekdeplerde we mekdebe çenli edaralarda “Ýol hereketiniň ýaş gözegçileri”, “Ýolyşyk—biziň dostumyz!”, “Ýaşyl yşyk” diýen atlar bilen köpsanly bäsleşikler guraldy. Ýeňijilere höweslendiriji baýraklar gowşuryldy. Mundan başga-da, ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan hem-de orta mekdepleriň we mekdebe çenli çagalar edaralarynyň binýadynda okuw-türgenleşik meýdançalarynda mekdep burçlaryny, öwrediji diwarlyklary guramak boýunça uly işler geçirildi.

Şeýle hem tutuş ýurdumyz boýunça jemgyýetimizde ýollarda özüňi alyp barmagyň ýokary medeniýetini wagyz etmäge we ýola goýmaga, ýol hereketine her bir gatnaşyjynyň onuň howpsuzlygy üçin şahsy jogapkärçilik çekýändigine düşünmegine gönükdirilen beýleki maksatnamalaýyn çäreler hem giňden ýaýbaňlandyryldy.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzda türkmenistanlylaryň abadan durmuşy üçin zerur şertler döredilýär. Türkmenistanda giň dünýägaraýşa eýe bolan we öz Watanyny tüýs ýürekden söýýän ýokary bilimli, maksadaokgunly ýaşlaryň neslini kemala getirmäge gönükdirilen maksadalaýyk toplumlaýyn işler geçirilýär. Şoňa görä-de, ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça tamamlanan umumymilli çäräniň eziz Watanymyzda adam hakyndaky, onuň goraglylygy baradaky aladanyň döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry bolup durýandygynyň ýene-de bir aýdyň subutnamasyna öwrülendigini doly esas bilen tassyklap bolar.