“Kitap – hyzmatdaşlygyň we ösüşiň ýoly” ady bilen Aşgabatda geçirilen IХ Halkara kitap sergisiniň-ýarmarkasynyň çäklerinde täze taslamanyň – internet-almanah türkmen.ru tanyşdyrylyşy geçirildi. Bu taslama “Türkmenistan” halkara žurnalynyň we turkmen.ru internet saýtynyň awtorlary tarapyndan döredildi. Tanyşdyrylyşa milli we daşary ýurt köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, Türkmenistanyň medeniýet we sungat işgärleri, sergä gelenler gatnaşdylar.
“Türkmenistan” žurnalynyň we ”Türkmenistan.ru internet saýtynyň baş redaktory Mihail Pereplesnin öz täze taslamasyny tanyşdyrmak bilen, internet-almanah türkmen.ru döredilmegi – Türkmenistan barada maglumatlary ulgamlaşdyrmaga synanşykdyr diýip, belledi. Bilimiň ähli ugurlaryny gurşap almagyň mükin däldigine düşünmek bilen, saýtyň awtorlary – düzüjileri okyjylary köp gyzyklandyrýan ynsanperwer ulgamynda gözleg geçirmek bilen çäklendiler. Tematiki sözbaşylaryň her bir materialy anyk owadan suratly hatara eýe bolar. Saýtyň materiallary türkmen halkynyň taryhy ynsanperwer däp-dessurlaryny hem-de häzirki zaman Türkmenistanyň durmuşyny beýýan ederler.
Beýik Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy bellenilýän ýylynda badalga almak bilen, täze media-taslama halkyň öz taryhynda döreden ynsanperwer gymmatlyklarynyň ählisiniň nyşany hökmünde nusgawy türkmen edebiýatynyň keşbine ýüzlenýär.