Ï Ýokary hünärli sürüji bolmaly
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýokary hünärli sürüji bolmaly

view-icon 796
Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň ýanyndaky Paýtagtyň birinji okuw merkezinde we onuň şahamçalarynda her ýyl sürüjileriň bäş müňüsine çenlisi taýýarlanylýar. Ýokary tehniki bilimli mugallymalr okuwçylaryň awtoserişdeleri sürmegiň kategoriýalary boýynça her ýylda ýüze golaý toparlaryny okadýarlar. Häzirki wagtda olara ýurduň dürli ýollarynda duşmak bolýar. Bu merkeziň Aşgabadyň etraplarynyň ählisinde şahamçalary bardyr. Döwlet edaralary we guramalary hem öz sürüjilerini bu okuw merkezine kämilleşdirmäge ugradýarlar.

S – kategoriýasynyň ýük ulaglary, B – ýeňil, BS – ýük we ýeňil, DÝE – awtobuslar we tirkegler üçindigi hemmeler üçin mälimdir. Gepiň gördüşine görä aýtsak, A kategoriýasy (motory sürmek) beýle bir ýaýran görnüşi bomansoň häzirki wagtda bu ugur boýunça merkezde okadylmaýar. Okuwlaryň dowamlylygy – bir aýdan 2,5 we 3,5 aýdyr, geljekki sürüjiler bir günüň dowmynda iki çalşykda – gündüzine we agşamyna 2-4 sagat sapak bilen neşgul bolýarlar. Bu okaýanlara oňaýly bolar ýaly edip guralandyr. Sebäbi okaýanlaryň köpüsi häzirki wagtda ýa-ha ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar ýa-da kärhanalarda işleýärler.


Okuw sapaklary toparlaryň ählisi üçin hem meňzeşiräkdir – ýol hereketiniň düzgüni, sürmek, tiz lukmançylyk kömegini bermek we awtoserişdeleriniň gurluşlarydyr. Olaryň esasynda hem geljekki sürüjiniň maksady sürmäge bolan hukuknamany almakdyr.

Geljekki sürüji merkezde okuwy doly möçberde üstünli tamamlap, şahadatnama alndan soňra ol Içeri işler ministrliginiň düzüm bolümine iberilýär. Ol bu ýerde hukuknama üçin synaglary tabşyrýar. Synaglary teoriýada we iş ýüzünde üstünlikli tabşyrandan soňra awtosöýüjä özbaşdak ulag ýoluna çykmaga rugsat berilýär.

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň sürüjüleri taýýarlaýan we kämilleşdirýän Birinji okuw merkeziniň müdiri Kyýas Meredowyň belleýşi ýaly, şu ýyldan başlap, birnäçe kategoriýalar boýunça ýük we ýeňil awtoulaglarynyň sürüjisi bolmaga şertleri döredýän ýaş aýratynlygy – 16 ýaşdan 18 we 19 ýaşa çenli uzaldylandyr.

Merkeziň mugallymlary ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça sentýabr aýyynda geçirilýän bir aýlygyň dowamynda paýtagtyň orta okuw mekdeplerinde ýol hereketiniň düzgüni boýunça tematiki sapaklary geçdiler.