Türkmenistanyň lukmançylyk senagatyny ösdürmegiň 2011-2015-nji ýyllarda ösdürmegiň Döwlet maksatnamasyna laýyklykda, ýurtda ýokary netijeli derman serişdelerini, şeýle hem lukmançylyk ähmiýetli beýleki önümleri öndürmek boýunça senagat toplumy yzygiderli giňeldiýär. Hereket edýän kärhanalryň durky täzelenýär, täze önümçilik liniýalary döredilýär.
Häzirki günde ýurtda hili, howpsuzlygy we netijeliligi boýunça dünýä ülňülerine laýyk gelýän derman serişdeleriniň iki ýüzden gowrak görnüşi öndürilýär. Olar antibiotikden, ýüregi, bagry, böwregi, garyn-içege ýollaryny bejermekde ulanylýan agyrsyzlandyryjylardan, serişdelerden ybaratdyr. Ýurtda öndürilýän farmasewtika önümleriniň arasynda ekstraktlar, siroplar we ýerli dermanlar ösümlikleriniň ýygyndysy aýratyn orun eýeleýär. Şunlukda serişdeleriň köpüsi sarp edijilere ätiýaçlandyryş lukmançylyk haty boýunça olaryň bahasynyň 90 göterim arzanladylan baha bilen göýberilýär
Sagaldyş aýratynlyklary bolan dermanlyk otlary, tebigy minerallary, dürli palçyklary we deňiz duzlaryny seljermek milli lukmançyltk senagatynda öndürilýän dermanlyk serişdeleriniň we farmasewtiki önümleriň sanawyny köpeltmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny görkezýär.
Golaýda Aşgabtda “Berzeňňi” mineral suwuny öndürýän zawod we zyýansyzlandyryjy erginlerini zawod ulanmaga berildi. Ondan azajyk öňräk bolsa - Daşoguzda zyýansyzlandyrylan sargy önümlerini öndürýän kärhana ulanmaga berildi.
Golaý wagtda Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Balakan welaýatynda ýene-de iki sany desgasyny ulanmaga bermek göz öňünde tutulýar. Olar Jebel şäherçesinde deňiz duzuny gaplaýan zawot we Bereket etrabynda ýod önümçiligi kärhanasydyr.
Bu amala aşyrylýan işleriň ählisi daşary ýurtlardan getirilýän önümleriň ornuny tutjak önümlerdir we önümleri daşary ýurtlara ibermegi nazarlaýan lukmançylyk senagatydyr, ýokary tehnologiýalar esasynda ýurduň derman senagatynyň ýola düşmegidir.