Ï Watanymyzyň welaýatlarynda baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açylyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyzyň welaýatlarynda baýramçylygyň öň ýanyndaky binagärlik açylyşlary

view-icon 558
Lebap welaýatynyň dolandyryş merkeziniň ýaşaýjylary Watanymyzyň Garaşsyzlygynyň şöhratly baýramçylygyna ajaýyp sowgat aldylar. Türkmenabat şäherinde 16, 24, 32 we 48 öýli dürli görnüşdäki we otaglarynyň ýerleşişi gowulandyrylan köp gatly öýlerden ybarat bolan täze ýaşaýyş jaý toplumyny ulanmaga bermek dabarasy boldy. Şeýlelikde, şäher maşgalalarynyň ýüzlerçesi täze abadanlaşdyrylan öýlerde jaý toýlaryny tutar.

Has oňaýly jaýlaryň taslamasy ýurdumyzyň häzirki zaman şähergurluşyk talaplaryny hem-de dünýä tejribesini nazara almak bilen ýerli binagärler tarapyndan düzüldi. Täze desgalar döwlet we hususy gurluşyk kärhanalarynyň hünärmenleri tarapyndan guruldy. Olar işleriň barşynda has öňdebaryjy tehnologiki gurnamalary we döwrebap timarlaýyş serişdelerini peýdalandylar.

Täze ýaşaýyş jaý toplumynyň jaýlarynda ýaşaýjylar üçin ähli amatly şertler göz öňünde tutuldy. Öýleriň belent üçekleri, giň , ýagty otaglar oňat timarlanan amatly aşhana, ýylylyk, energiýa, suw üpjünçiliginiň merkezleşdirilen ulgamy –bularyň hemmesi täze jaýa göçüp baranlaryň göwnünden turdy. Öýler uly hem-de kiçi maşgalalar üçin niýetlenendir. Täze jaýlaryň töweregindäki ähli çäkler we bu ýerde çekilen awtomobil ýollarynyň we ýanköçeleriniň ugry göwnejaý ýagdaýda abadanlaşdyrylypdyr, ýaş agaç nahallary oturdylypdyr.

Amyderýanyň boýundaky şäherde döwrebap ýaşaýyş jaý toplumynyň açylyş dabarasy baýramçylyk ýagdaýynda geçdi. Bu ýere ýygnananlaryň öňünde şäheriň we welaýatyň döredijilik toparlary gyzykly konsert maksatnamasy bilen çykyş etdiler. Täze jaýa göçüp gelenleri welaýat we şäher häkimlikleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, ýaşuşular gutladylar.

Dabarada çykyş edenler Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmenistanlylary has oňaýly ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmek Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýöredýän durmuş ugurly syýasatyň ileri tutulýan wezipeleriniň biri hökmünde kesgitlenildi diýip nygtadylar. Täze jaýa göçüp gelenler milli Liderimize hoşallyk bildirip, täze desgalaryň köpüsini ulanmaga bermek bilen bir wagtyň özünde milli senenamamyzyň şanly senelerini şöhratlandyrmagyň hoşniýetli däbi Türkmenistanyň ägirt uly ykdysady kuwwatyna, durmuşyň ähli ugurlarynda “Döwlet adam üçindir!” diýen şygar astynda amala aşyrylýan toplumlaýyn özgertmeleriň netijeliligine aýdyň şaýatlyk edýär diýip, buýsanç bilen bellediler.

Dabarada täze ýaşaýyş jaý toplumyny bina eden gurluşykçylaryň uly toparyna gymmatly sowgatlar gowşuryldy.