Şu günler Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Köpetdag döwlet goraghanasynyň işgärleri baglaryň ýerli görnüşlerini, ilkinji nibarda – türkmen arçasynyň nahallaryny ösdürip ýetişdimek üçin tohumlyk materiallaryny taýýarlaýarlar. Bu nahallar goraghananyň çäklerini gaýtadan tokaýlaşdyrmaga degişli bolan ýerlerinde ekmek üçin ulanylar.
Arçanyň taýýarlanan tohumlary tejribe-synag meýdanynda – ösümlik nahalhanasynda noýabr aýynda ekiler. Soňra bolsa arçalara uzak wagtlap ideg etmek işleri başlanar. Sebäbi arçalar ýylda bary-ýogy 3-7 sm boý alýarlar. Haýal boý alýandygyna garamazdan olar tebigy şertlerde uzak 600-800 ýyl ýaşaýarlar. Arçanyň tebigy şertlerde ösmegini we ony medeni şertlerde ösdürip ýetişdirmegiň ekobiologiki aýratynlyklaryny öwrenmek alymlara bu gymmat bahaly baglary dag zolaklarynda ekmek bilen, onuň Köpetdagda sanyny artdyrmaga mümkinçilik berýär.
Merkezi Köpetdagyň elmydama ýaşyl öwsüp oturan türkmen arçalary esasan hem ösümligiň tokaý dörediji görnüşidir. Arçanyň kuwwatly kök toplumy ösümlik dünýäsini emele getirmäge şertleri döretmek bilen, topragyň suw-ýel zerarly zaýalanmagynyň, suw ýitgileriniň öňüni alýar. Muňa seýrek duş gelýän we gyzyl kitaba girizilen ösümlikler degişlidir.
Ekologlar ýerli ösümlikleriň beýleki görnüşlerini – türkmen pissesini, türkmen badamyny, ýemşeniň gyzyl kitaba girizilen görnüşlerini, çöllük zolagynda bolsa, ak we gara sazagy ekýärler. Nahallary ekmek işi adatça bolşy ýaly, ýaz we güýz bag ekmek möwsümlerinde geçirilýär.