Ï Janly tebigatyň muzeýiniň täze ýaşaýjylary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Janly tebigatyň muzeýiniň täze ýaşaýjylary

view-icon 610
Ýakynda janly tebigatyň muzeýinde şatlykly waka bolup geçdi – bu ýere hazar düwleni getirildi. Bu örän görmegeý bir ýaşan düwlen çagalar gözi bilen şadyýan hem enaýy.

Özüniň mähremigi we açyk göwünliligi bilen täze ýaşaýjy bu ýeriniň işgärleriniň göwnüne ýarady. Ýöne ol işgärleriň ählisiniň arasynda özüni idedýäne has ynamdar garaýar. Düwlenjigiň özüni alyp barşyndan çen tutsaň, giň gyşky suw basseýni onuň göwnünden turupdyr, bu ýerde ýüzüp bolýar, kçijik başlyjaklar bilen iýmitlenip bolýar, suw basseýninden çykyp, çägeli kenarda dynç alyp bolýar.


Düwlenjigiň köp wagtyny suwda geçirýändigine garamazdan hepdäniň duşenbe günleri oňa sanitar gününi belleýärler: profilaktika üçin suwda ýüzüjileri we gytyk tüýlüleri deňiz suwunyň tastwory bilen süpürýärler. Ol bu çäräni örän parahatlyk bilen geçirýär.


Tebigatyň janly muzeýinde süýdemdirijiler toparynyň bu wekiline öňden bäri garaşýardylar hem-de oňa oňaýly bolar ýaly jaýy öňünden taýýarladylar. Şonuň üçin hem bag nahallary bilen gurşalyp alynan tomusky basseýnli wolýer gyşky basseýne degşip durýar.


Hazar düwlenleriniň boýy 1 metre ýetmek bilen, olar 10-15 ýyl ýaşaýarlar. Olar bütin ömrüniň dowamynda iýmitlenmek üçin owunjak balyklaryň we leňňeçleriň köp mukdarda bardygyny nazarda tutup, Hazar deňziniň türkmen kenaryndan russiýanyň kenarlaryna göçýärler. Düwlen bir gije-gündüziň dowamynda 500-600 gram balygy iýýär. Düwleniň ýaşaýan ýerinde iň arassa suw bardyr diýip, aýdýarlar.

Janly tebigatyň muzeýine düwleniň getirilmegi bu ýeriniň ilkinji räzeligi däldir. Onuň bu ýere gelen güni jübüt babuinleriň maşgalasynda maýmynjyk dünýä indi. Şu ýyl bu ýerde üçünji maýmyn dünýä indi. Olaryň doglan aýlary maý, iýun, oktýabr aýlarydyr.