Şu gün Lebap welaýatynyň dolandyryş merkezinde özbaşdak türkmen döwletiniň durmuş-ykdysady we ruhy-medeni ösüşine, onuň halkara abraýynyň ýokarlanmagyna şahsy goşant goşan halk hojalygynyň dürli pudaklarynyň iň oňat işgärlerine, önümçiligiň öňdebaryjylaryna, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryna, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, olaryň düzümleýin guramalarynyň işgärlerine, döredijilik işgärlerine ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak we hormatly atlary dakmak dabarasy boldy.
Dabaralar Türkmenistanyň Mejlisiniň ýolbaşçysynyň, hökümet agzalarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleriniň we şu gün hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň gatnaşmagynda bolup geçen Ýaşulular maslahatynyň wekilleriniň gatnaşmagynda ählumumy jebislik we ruhubelentlik ýagdaýynda geçdi.
Işine hakyky wepalylygy hem-de zähmetde gazanan görnükli netijeleri, köpýyllyk asylly zähmet çekendikleri üçin hormatly Prezidentimiziň Permanyna laýyklykda, sylaglara we hormatly atlara mynasyp bolan watandaşlarymyzyň sylaglanmagy biziň ýurdumyzda öz ähli tejribesini, bilimini we başarnygyny Watana wepaly hyzmat etmäge sarp edip, ýaşlarymyz üçin mynasyp nusga bolup durýan öz işiniň ussatlaryna, ýokary hünärli işgärlere neneňsi uly hormat goýulýandygynyň nobatdaky subutnamasyna öwrüldi. Çünki durmuşa, işe şeýle gatnaşyk bilen biz ynamly öňe gidip, ägirt uly maksatlary amala aşyryp, Watanymyzyň abraýyny artdyryp, mähriban halkymyzyň abadançylygyny ýokarlandyryp bileris.
Beýik baýramçylygyň—Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öň ýanynda däbe görä geçirilýän bu dabaraly çäre milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ähli raýatlaryň işlemegi, ýaşamagy we dynç almagy üçin mynasyp şertleri döretmäge, olaryň başlangyçlaryny we hünär ussatlygyny artdyrmagy höweslendirmäge gönükdirilen döwlet syýasatynyň esasy ileri tutulýan ugurlaryny bütin aýdyňlygy bilen ýene-de ýüze çykardy. Şu günler ýurdumyz hyzmatlary, hünär, döredijilik, jemgyýetçilik üstünlikleri döwlet tarapyndan bellenilen iň oňat zähmetkeşleri sarpalaýar.
Döwlet Baştutanymyzyň tabşyrygy boýunça geçirilen dabaralaryň barşynda Watanymyzyň ýokary bahasyna mynasyp bolan zähmetkeşleriň şöhratly sene—Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllygy mynasybetli mähirli gutlaglar, bagt, abadançylyk, döredijilikli başlangyçlarynda täze we uly üstünlikler baradaky arzuwlar ýaňlandy, çünki, umumy tagallalar arkaly ägirt uly işleriň bitirilendigine garamazdan, biziň öňümizde mundan-da belent maksatlar durýar.
Öz gezeginde dabara gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa öz işlerine beren ýokary bahasy, türkmen halkynyň abadan we bagtyýar durmuşynyň bähbidine milli Liderimiziň alyp barýan ýadawsyz zähmeti üçin tüýs ýürekden çykýan hoşallyk sözlerini beýan etdiler. Hormatly Prezidentimize iň oňat arzuwlaryny aýdyp, dabaraly çärä gatnaşyjylar özleriniň ähli güýçlerini, ukyplaryny we tejribelerini döwlet Baştutanymyz tarapyndan başy başlanan ösüşlere beslenen özgertmeleriň we iri möçberli maksatnamalaryň durmuşa geçirilmegine sarp etjekdiklerine ynandyrdylar. Şol özgertmeler maksatnamalary milletiň agzybirliginiň we jebisliginiň pugtalanmagyna, jemgyýetde parahatçylygyň we durnuklylygyň berkemegine, eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine gönükdirilendir.
Ýurdumyzyň baş baýramynyň, şeýle hem ähli sylaglananlaryň hormatyna Türkmenabat şäheriniň Ruhyýet köşgüniň sahnasynda agşamara ýurdumyzyň sungat ussatlarynyň bolan konserti dabaranyň jemlenmesine öwrüldi.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow konsertiň hormatly myhmany boldy. Zala şeýle hem hökümetiň agzalary, Mejlisiň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary, türkmen diplomatlary, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ýaşulular we ählihalk maslahatyna gatnşan beýleki adamlar ýygnandylar.
Konsertiň maksatnamasyna Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüne, Watanymyza we Arkadagymyza bagyşlanan watançylyk eserleri, şeýle hem milli nusgawy sazlaryň hem-de halk döredijiliginiň iň oňat nusgalary, meşhur we täze estrada aýdymlary, ajaýyp aýdym-sazly we tansly çykyşlar girizildi. Şunuň ýaly ajaýyp döredijilik röwüşinde häzirki zaman türkmen sungatynyň baý kuwwaty, onuň giň görnüşleri hem-de ýerine ýetirijilik mekdebi, döredijilik däpleriniň nesilden-nesle geçmegi şöhlelendi.
Baýramçylyk çykyşlary Garaşsyz Türkmenistana, onuň agzybir halkyna, täze taryhy eýýama bagyşlanan hakyky waspnama öwrülip, tomaşaçylaryň kalbyny mähriban Watanymyza tüýs ýürekden buýsanç, ýolbaşçylygynda ösüşiň hil taýdan täze sepgitlderine çykyp, ýurdumyz öňe tarap okgunly gidendigi üçin türkmen döwletiniň Baştutany Gurbanguly Berdimuhamedowa çuňňur hoşallyk duýgularyndan doldurdy.
...Baýramçylyk aşamyny feýerwerk jemledi. Ol özüniň müň dürli ýagty öwüşginleri bilen Türkmenabadyň gijeki asmamyny ýagtylandyrdy.