Şu gün ählihalk baýramçylygynyň – mukaddes Garaşsyzlyk gününiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Döwlet guşy” atly romany esasynda Türkmenistanyň Baş drama teatrynyň sahnasynda goýlan adybir oýnuň ilkinji gezek görkezilişi boldy.
Döredijilik işini ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygyna bagyşlan artistler türkmenistanlylara ata Watanymyzyň taryhy, türkmen halkynyň gahrymançylygy we watan söýüjiligi barada gürrüň berýän bu ajaýyp eser bilen tanyşdyrdylar.
Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň romany bilen tanyşdyryş dabarasy laýyk bir ýyl mundan ozal Daşoguzda Türkmenistanyň Ýaşulularynyň maslahatyna gabatlanyp geçirildi. Şu döwürde bu kitap okyjylar köpçüliginiň genji-hazynasyna öwrüldi. Bu adybir oýnuň ilkinji gezek görkezilişine köp adamyň gelmegi-de “Döwlet guşy” atly romanyň meşhurlyga eýedigine şaýatlyk edýär.
Ajaýyp teatryň zalynda Türkmenistanyň hökümetiniň agzalary, Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, harby we hukuk goraýjy edaralaryň, jemgyýetçilik guramalarynyň, Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalaryň ýolbaşçylary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, medeniýet we sungat işgärleri, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ýaşlar ýygnandylar. Tomaşaçylaryň arasynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XVII maslahatynyň wekilleri, şeýle hem baýramçylyk dabaralaryna gatnaşmak üçin ýurdumyza daşary döwletlerden gelen myhmanlar bar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň bu romany çagalyk döwrüne 1941-1945-nji ýyllaryň ýowuz urşy gabat gelen kakasy Mälikguly Berdimuhammedowa bagyşlanýar. Milli Liderimiz kakasy barada gürrüň berende, diňe bir öz ýatlamalaryna esaslanmak bilen çäklenmän, dokumental maglumatlary – romanyň gahrymanynyň ata Watanymyza we halkymyza wepaly gulluk edendigini, ahlak taýdan tämizdigini we asyllydygyny görkezýän subutnamalara esaslanýar. Şunda oýnuň başlangyjy hökmünde milli Liderimiziň şu sözleri saýlanyp alyndy: “Men bütin ömrüme goldaw-tekge berip gelýän kalbymyň ruhubelentlik, bagtyýarlyk simfoniýasynyň diňe birje ülüşini – kakamyň çagalyk ýyllarynyň diňe bir ýarym ýylynyň wakalaryny, eziz adamlar, size ýetirmegi makul bildim. Sebäbi romandaky bütin ömrüme maňa goldaw – ganat berýän ol ruhy-ahlak sypatlarynyň siziň kalplaryňyzy hem heýjana saljakdygyna, size nemuna-ideal boljakdygyna men berk ynanýaryn”.
Sahna oýny bagtyýarlyga bagyşlanan görnüş bilen başlanýar, şunda obanyň ýaşaýjylary mekdebiň öňündäki meýdança ýygnanýar. Bu ýerde küşt oýnalýar, täzelikler bilen tanşylýar, gazetler okalýar, aýal-gyzlar el işleri bilen meşgullanýar. Bir söz bilen aýdanyňda, adamlaryň parahat durmuşy görkezilýär. Mekdebiň müdiri şäherden täze enjamlary – mikroskopy, dünýäniň nusgawy edebiýatçylarynyň suratlaryny, globusy we şol ýerde halk tarapyndan “maşyn –bagşy” diýlip atlandyrylan we oba sazandalarynyň ürç edinip öwrenen patefony getirýär. Bu täsirli görnüş halkymyza bolan söýgä, durmuş ykrarnamasyna ýugrulandyr.
Ýeri gelende aýtsak, “Döwlet guşy” atly sahna oýny romanyň baý many-mazmuny, şol sanda ondaky täsirli duýgulary äşgär etmäge mümkinçilik berýän ýagdaýlara baýdyr. Režissýoryň oý-pikiriniň we ssenograflaryň işiniň ýerine düşmegi netijesinde bu oýunda mekdepdäki globus gahrymanyň diňe bir bilimleri edinmek bilen çäklenmän, oňa romanyň awtorynyň pikirine görä, özboluşly görnüşe eýe bolan kiçeňräk türkmen obasynyň, şol ýerde ýaşaýan her bir adamyň ýaşaýan ýeri hökmünde görkezilýär. Olar bu ýagdaýlaryň öňünde bir maşgala hökmünde dik durýarlar. Ýaş Mälikguly bu uly maşgalanyň agzalarynyň biri hökmünde hem-de halkyň jümmüşinde ýaşap, onuň iş-aladalaryny, ýeňişleriň şatlygyny we ýeňlişleriň gussasyny bilelikde paýlaşýan, iş-aladalar we bagtyýar geljek bilen ýaşaýar. Hereketleriň äleme degişlidigi grafika we sahnanyň gök, mawy reňkler bilen bezelmegi arkaly äşgär edilýär. Obadaky ýşaýjylar – älemiň bir bölegi, olaryň dünýä baradaky arzuwlary bolup durýar. Fronta gidýän obalylaryň urşuň dürli menziller, dürli ýurtlar arkaly geçmegi bilen özleriniň sabyrsyzlyk bilen garaşylan parahatçylyga ýetmegi-de ýöne ýerden däl.
Sahnada döredilen oýyn romandaky dünýä we parahatçylyk baradaky oý-pikirleri äşgär etmek arkaly şoňa görä döredildi. Ýaş Mälikguly uruş döwrüniň gahrymany bolmak bilen çäklenmeýär, çünki onuň kakasy – Berdimuhammet Annaýewiň fronta gitmek bilen, ýowuz döwürde şu maşgala, onuň ýadawsyz zähmeti ugrundaky alada onuň gerdenine düşdi.
“Ähli zat front üçin” – bu şygar sahna oýnunyň ähli görnüşlerinde görnüp, tyldaky zenanlaryň, çagalaryň we garrylaryň iş-aladalarynyň many-mazmunyny äşgär etmek arkaly olaryň fronta, bagtyýar durmuşyň has-da golaýlaşjakdygyna ynamyny berkidýär. Sahna oýnunyň esasy aýratynlyklarynyň biri-de – meýdançadaky baş sahnanyň öňünde ýene-de bir esasy wakanyň görkezilmeginden ybarat bolup durýar. Režissýoryň bu çözgüdine görä, tomaşaça wagtyň we nesilleriň özara gatnaşygyna syn etmäge mümkinçilik döredilýär. Ony ak-gara dokumental kinodaky kadrlaryň täsiri bilen deňeşdirmek bolar.
Sahna oýnunda ses we saz taýdan bezemek hem oňyn täsir galdyrýar. Şunda uguş ýyllarynyň sazlary we milli mukamlar utgaşdyrylýar. Şunda saz arkaly sahna oýnunyň many-mazmunyna düşünmäge ýardam edilýär. Meselem, esasy gahrymanlar, ilki bilen romanyň awtorynyň atasy Berdimuhammet aganyň durmuşynda ahalteke bedewiniň örän uly ähmiýete eýe bolmagy bedewiň kişňemegi arkaly äşgär edilýär. Sahna oýnunda bagtyýarlyk guşunyň keşbi birnäçe gezek äşgär edilýär.
Urşuň ýowuz ýyllarynyň, şol taryhy döwürdäki kynçylyklara garamazdan, sahna oýnunyň gahrymany – ýaş Mälikguly öz oý-pikirleriniň tämizligini saklaýar hem-de munuň özi onuň ilkinji şahyrana dünýäsinde äşgär bolýar. Sahna oýnunda ynsanyň kalbynyň döredijilikli güýjüniň çeşmesi toýlarda hem-de ýeňiş gazanylan maý aýynda uruş gahrymanlarynyň duşuşygynda has içgin äşgär edilýär.
Täze sahna oýny türkmenleriň durmuşyndaky ýagdaýlar, türkmen halkynyň baýramçylyklaryna we gündelik durmuşyna mahsus bolan özboluşly milli däp-dessurlar bilen utgaşýar. Sahnadaky keşpleriň bitewiligini, dramaturgiýanyň täsirliligini, sazyň we bezeg serişdeleriniň owadanlygyny özünde jemleýän bu sahna oýnuna milli sahna ussatlary, şeýle hem teatryň ýaş artistleri, köpçülikleýin sahnalarda bolsa talyplar we mekdep okuwçylary gatnaşýarlar. Tejribäniň, ussatlygyň we ýaşlygyň birleşiginden teatr sahnasynda oýnuň esasy ýörelgesi bolan taryhyň, halk hakydasynyň, nesilleriň ruhy bitewiliginiň baglanyşygy öz beýanyny tapýar.
Üýtgewsiz ruhy gymmatlyklar bolan ýokary ahlaklylyk, adamkärçilik, hoşniýetlilik we söýgi hakynda gürrüň bermek bilen sahna oýny özünde ägirt uly ruhy ýörelgäni jemleýär. Ol häzirki zaman tomaşaçysyna ýakyndyr we düşnüklidir hem-de türkmeniň Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe, Garaşsyz türkmen döwletiniň gülläp ösýän eýýamynda ýaşaýan türkmen nesillerine gönükdirilendir. “Şeýle agyr şatylara merdi-merdanalyk bilen döz gelip, oba adamlaryna goldaw-hemaýat beren, beýik gahrymançylyk görkezen kakama men çäksiz guwanýaryn, buýsanýaryn... Mähriban kyblamyň ömür ýoly – maňa nusgalyk ýol, onuň asylly beýik ahlak sypatlary meniň idealym, meniň durmuş uniwersitetim” diýip, milli Liderimiz öz kitabynda nygtaýar.
Sahna oýnunyň jeminde onuň baş maksady has-da aýdyň duýulýar. Oýnuň ahyrynda halkyň şöhratly gahrymanlary belende göterilýär. Onuň merkezinde milletiň atasy Oguz han bar. Sahna obrazly janlandyrylan Mälikguly aga çykýar. Onuň aýdan sözleri mähriban Watanymyza söýgüniň, türkmen nesilleriniň topraga wepasynyň, parahatçylyk dörediji zähmetsöýer gahryman halkyna çuňňur hormatyň senasy bolup ýaňlanýar. Ol jümle pederlerimiziň beýik işlerini dowam edýän öz ogluna hoşallyk sözleri, ony mähriban halkyň täze üstünlikleriniň, eziz Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine täze ýeňişlere ak patany äşgär edýän sözler bilen jemlenýär.
Şeýlelikde, sahna oýnunyň jemi häzirki döwre, türkmen halkynyň agzybir maşgala bolup ýurduň baş baýramyny dabaralandyrýan eýýamyna baglanyşyp gidýär we ol mähriban Watanymyzy, onuň milli gahrymanlarymyzyň beýik işlerini mynasyp dowam etdirýän ogul -- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň esaslandyran Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni şöhratlandyrýar.
“Döwlet guşy” sahna oýnunyň örän täsirli hem-de özünde kalbyňy tolgundyrýan, hiç kimi perwaýsyz goýmaýan durmuş galkynyşyny özünde jemleýän güýji bar. “Döwlet guşy” sahna oýnunyň tomaşaçylar tarapyndan gyzgyn garşylanmagy we oňa yzy üzülmeýän el çarpyşmalaryň bagyşlanmagy onüň örän şowly çykan eserdiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Sahna oýnunyň ahyrynda täze eseri döredijilere hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ajaýyp gülli sebet gowşuryldy.