Ozal habar berlişi ýaly, ýurdumyzda 23-nji noýabrda geçiriljek welaýat, etrap, şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça dalaşgärleri hödürlemek tamamlandy. Häzirki wagtda dalaşgärleri belligi almak we olaryň saýlawçylar bilen duşuşyklary dowam edýär.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 13-nji oktýabrda bolan giňeldilen mejlisinde bu möhüm çäre hakda söz açyp, Türkmenistanda ýurdumyzyň raýatlarynyň demokratik hukuklaryny berjaý etmegi üçin ähli zerur şertleriň döredilendigini belledi. Köp partiýaly syýasy ulgamy döretmek boýunça taryhy çäreler görüldi. Döwlet Baştutanymyz biziň wezipämiz giň demokratiki we bäsleşik esasynda saýlawlary guramaçylykly geçirmek üçin ähli şertleri döretmekden ybaratdyr diýip nygtamak bilen türkmenistanlylaryň halk maslahatlarynyň agzalygyna iň mynasyp wekilleri saýlajakdygyna ynam bildirdi.
Dalaşgärleri hödürlemek işiniň ilatyň ýokary raýat işjeňliginde geçendigini belläp geçmeli, muňa ýerlerde geçirilen guramaçylyk işleri köp babatda ýardam etdi. Saýlaw okruglarynyň ählisinde bir orna birnäçe dalaşgär hödürlendi.
Watandaşlarymyzyň arasynda uly hormatdan we ynamdan peýdalanýan iň mynasyp adamlar öz saýlaw okrugyna wekilçilik etmek hukugy ugrunda dalaş edýärler. Syýasy partiýalar, jemgyýetçilik birleşikleri we raýatlar toparlary tarapyndan hödürlenen, degişli saýlaw toparlarynda bellige alnan dalaşgärlere dabaraly ýagdaýda şahsyýetnama gowşurylýar. Dalaşgärleri bellige almak şu ýylyň 29-njy oktýabryna çenli dowam eder.
Şu günler ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga laýyklykda, hemme ýerde saýlawlaryň öňýanyndaky çäreler dowam edýär, şolaryň barşynda halk maslahatlarynyň agzalygyna dalaşgärleriň saýlawçylar bilen duşuşyklary geçirilýär.
Saýlawçylar dalaşgärleriň hünär we guramaçylyk ukyplary, saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamalarynyň esasy ugurlary bilen tanyşýarlar, onuň düýp mazmuny bolsa Türkmenistanyň mundan beýläk-de ösüşiniň we rowaçlygynyň bähbidine milli Liderimiziň durmuş ugurly syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmäge goşant goşmak türkmen halkynyň maddy hal-ýagdaýyny has gowulandyrmak maksadyndan ybaratdyr.