Ï Ýurdumyzyň esasy sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň esasy sport toplumyndaky baýramçylyk dabaralary

view-icon 798
Şu gün paýtagtymyzdaky köpugurly Aşgabat sport toplumynda ýurdumyzyň durmuşynda möhüm ähmiýeti bolan beýik baýramçylyga—Garaşsyzlyk gününe bagyşlanan giň möçberli dabaralar ýaýbaňlandyryldy. Üçünji müňýyllygyň bosagasynda, 1991-nji ýylyň 27-nji oktýabrynda türkmen halky köp asyrlaryň dowamynda eden arzuwyny amala aşyrdy. Türkmen halkynyň kalbynda orun tutan bu taryhy günüň gelmegi bilen häzirki beýik gazananlarymyzyň, ýeňişlerimiziň binýady tutuldy. Şeýlelikde, tüürkmen döwetiniň we halkynyň taryhynda täze eýýam, ykbal çözüji döwür başlandy.

Şu günler mukaddes türkmen topragynda edermen pederlerimiziň mukaddes ruhy siňen ýurdumyzda Garaşsyzlygyň 23 ýylllygy myasybetli ählihalk dabaralay ýokary ruhubelentlik we milli bitewülik ýagdaýynda bellenilýär. Bu şanly baýramçylyk mynasybeti mähriban Watanymyzyň gözel paýtagtynda, ähli welaýatlarda döwrebap ýaşaýyş jaýlary, täze önümçilik binalary, dürli maksatly desgalar ulanylmaga berilýär. Ýurdumuzyň dürli künjeklerindäki seýilgäh we medeni merkezlerinde aýdym-sazly çykyşlar guralýar. Ildeşlerimiziň kalplary şatlykdan, özygtyýarly Watanymyza bolan buýsançdan püre-pür.

Şu gün agşamlyk baýramçylyk çäreleri paýtagtymyzyň “Aşgabat” köpugurly stadionynda dowam etdi. Aşgabadyň binagärlik keşbi bilen ajaýyp sazlaşygy emele getiren sport toplumy baýramçylyk lybasyna bselenipdir. Ýurdumyzyň döwlet tugy güýz şemalyna pasyrdaýar, aýdym-sazlaryň owazy belentden ýaňlanýar. Stadionda geçirilýän baýramçylyk çäresine gatnaşmaga eglýän adamlaryň akmynyň yzy üzülmeýär. 20 müň tomaşaçy orunlyk sport binasynyň münberlerinde boş orun ýok. Bu ýere Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlary, Mejlisiň deputatlary, hormatly ýaşulular, daşary ýurtlaryň Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalarynyň baştutanlary, Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky ilçileri, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýurdumyzyň we daşary ýurtlaryň habar beriş serişdeleriniň wekilleri, köpsanly ýaşlar ýygnandylar. Dabara gatnaşyjylaryň hatarynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň ХVII maslahatyna gatnaşmak üçin Aşgabada gelen daşary ýurtlardaky watandaşlarymyz, baýramçylyk günlerinde Türkmenistana gelen köpsanly daşary ýurtly myhmanlar bar.


Dabara gatnaşyjylaryň ellerinde Döwlet baýdaklary, dürli reňkdäki şarlar we şygarlar bar. Hemmeler dabaranyň başlanmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýar.

Stadionyň merkezinde ýaşlar hatara düzülip, ХХIII belgini sekizburçlugyň içinde şekillendirdiler. Munuň özi mähriban Watanymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň ýyllygyny alamatlandyrýar. Stadionyň esasy münberiniň öňünde dabara gatnaşyjylar ak baýdajyklar bilen “GARAŞSYZLYK” diýen ýazgyny emele getirýärler.

Ägirt uly sport toplumynda guralan baýramçylyga gatnaşyjylar agzybirlik bilen Döwlet senasyny ýerine ýetirýärler. Hemmeleriň bilelikde ýerine ýetiren senasy adamlaryň kalbynda mähriban Watanymyza bolan buýsanjy goşalandyrdy. Dürli reňkli şarlaryň ýüzlerçesi asmana göterilýär. Olar şu pursatda özlerini iň bagtyýar adamlar saýdylar.

Garaşsyzlyk güni diňe bir baýramçylyk bolman, eýsem, ýurdumyzyň ýylboýy çekilen zähmetiň jemlerini, geljekki täze meýilnamalary alamatlandyrýan şanly senedir. Türkmenistanlylar Garaşsyzlygyň 23 ýyllyk baýramyna mynasyp zähmet sowgatlaryny taýýarladylar. Ýurdumyzda birnäçe iri önümçilik desgalarynyň ulanmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Olaryň hatarynda Lebap welaýatynyň Hojambaz etrabyndaky gazy gaýtadan işleýän zawody, Serdarabat etrabyndaky gazturbinaly elektrik bekedini, Mary şäherindäki ammiak we karbamid öndürýän zawodlar toplumyny hem-de gazturbinaly elektrik bekedini görkezmek bolar.

Şeýle hem şu ýyl Balkan welaýatynyň Gyýanly şäherçesinde polietilen we polipropilen öndürýän häzirki zaman gazhimiýa toplumynyň, Mary welaýatynyň “Galkynyş” gaz käninde tebigy gazy kükürtden arassalaýan toplumyň gurluşygyna badalga berildi. Balkan welaýatynyň Garabogaz şäherinde karbamid öndürýän we Ahal welaýatynda tebigy gazdan benzin öndürýän zawodlaryň gurluşygyna girişildi. Munuň özi möhüm ähmiýetli desgalaryň sanawynyň hemmesi däldir.

Şu pursatlarda köpugurly stadionda guralan dabarada türkmen halkynyň we mähriban Watanymyzyň gülläp ösmeginiň bähbidine giň möçberli özgertmeleriň başyny başlaýjy milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyna mukaddes baýramçylyk mynasybetli gutlag sözleri ýaňlanýar.

Dabara Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni wasp edýän şowhunly aýdymlar bilen dowam edýär. Häzirki döwürde türkmen ýaşlary halkara ölçeglerine doly laýyk gelýän derejede kämil enjamlar bilen üpjün edilen institutlarda we uniwersitetlerde bilim almaga hem-de ylymlaryny dünýäniň iň öňdebaryjy okuw mekdeplerinde çuňlaşdyrmaga mümkinçilik aldylar. Ýurdumyzyň ýaş nesilleri döwrebap enjamlar, multimediýa we interaktiw tehnologiýalar bilen üpjün edilen mekdepleriň, çagalar baglarynyň yzygiderli gurulýanlygy üçin gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýdýarlar. Şu okuw ýylynyň başynda orta mekdepleriň 59-sy, çagalar baglarynyň 20-si, şeýle hem Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti ulanmaga berildi. Halkara türkmen-türk uniwersitetiniň binalar toplumynyň gurluşygy batly depginde alnyp barylýar.

Sport meýdançasynyň merkezindäki ХХIII belgi bedewiň kellesiniň we nalynyň şekiline öwrülýär. Stadionyň ylgaw ýodasynda ady rowaýata öwrülen, dünýä şöhrat gazanan ahalteke bedewleri peýda bolýar. Atlylaryň ellerinde Türkmenistanyň Döwlet baýdaklary bar. Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ahalteke bedewlerine aýratyn gadyr goýýandygy bellärliklidir. Milli Liderimiziň başlangyjy boýunça ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasy döredildi. Her ýylda paýtagtymyzda saýlama ahalteke bedewleriniň arasynda gözellik bäsleşigi geçirilýär. Mundan başga-da, owadanlykda, çeýelikde we çydamlylykda deňsiz-taýsyz bolmadyk türkmen bedewleri sirk sungatyna işjeň gatnaşýar. Ýakynda Italiýanyň Latina şäherinde geçirilen ХVI Halkara sirk festiwalynda türkmen atlylarynyň dünýä derejeli ýyldyzlar diýlip ykrar edilmegi munuň aýdyň subutnamasdyr. Festiwalyň jemleýji gününde guralan dabarada oňa gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda “Galkynyş” milli at üstündäki oýunlar toparynyň agzalaryna “Latina-2014” festiwalynyň baş baýragy bolan altyn kubok, “Di Albakeсe”, “Сonsegina il Premo”, “Сomune Di Latina” baýraklary we Italiýanyň Ahalteke assosiasiýasynyň diplomy gowşuryldy.

Baýramçylyk dabaralary çagalaryň we ýetginjekleriň tans toparynyň çykyşy bilen dowam edýär. Olar uly dabara bilen “Berkarar döwletiň bagtyýar nesli” atly aýdym-sazly tomaşany ýerine ýetirýärler we meýdançada türkmen güneşiniň şekilini janlandyrýarlar Olaryň joşngunly tanslarynda, owazly aýdymlarynda bagtyýarlyk, çaga şatlygy, ýagty geljege bolan pugta ynam duýulýar. Türkmen halky asyrlarboýy çagalarynyň parahatçylykda, bolçulykda ýaşamagyny, öz zehinlerini ösdürmegi, mähriban topragyň bähbidine ykybyny peýdalanmagy arzuw edipdir. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň öňdengörüjilikli syýasaty netijesinde ýaş nesillerimiz milletimiziň iň gowy däpleri esasynda terbiýelenilýär. Ýaşajyk türkmenistanlylaryň hemmetaraplaýyn we sazlaşykly ösmegi üçin ähli mümkinçinlikler bar.

Soňra stadionda köpsanly türkmen türgenleri peýda bolýar. Az salymdan meýdança Olimpiýa şäherjigini ýatladýar. Onda sportuň onlarça görnüşleri boýunça görkezme çykyşlary ýaýbaňlandyrylýar. “Saglygym—baş baýlygym” diýen halk pähimini ugur edinýän Türkmenistanda milletimiziň saglygy döwletimiziň baş baýlygyna deňelýär. Bu ulgamyň kämilleşdirilmegi babatda döwlet derejesinde alada edilýär. Ýurdumyzda soňky ýyllaryň dowamynda täze sport desgalarynyň köpsanlysynyň ulanylmaga berilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.

Döwrebap sport binýadynyň döredilmegi ýurdumyzda halkara ýaryşlaryny geçirmäge mümkinçilik berýär. Mälim bolşy ýaly, şu ýyl "Awaza" milli syýahatçylyk zolagynda windsörfing boýunça dünýä çempionatynyň nobatdaky tapgyry boldy. Şu ýylyň noýabrynda bolsa paýtagtymyzda guşakly göreş we türkmen milli göreşi boýunça dünýä çempionaty geçiriler.

Türgenler meýdançada 2017 belgini şekillendirýärler. Munuň özi Aşgabatda ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän ýylyny alamatlandyrýar. Iri yklym ýaryşyny geçirmek üçin Aziýanyň Olimpiýa geňeşiniň türkmen paýtagtyny saýlap almagy hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän we ýurdumyzda sportuň, köpçülikleýin bedenterbiýäniň ösdürilmegine, Türkmenistanyň halkara sport ulgamyna goşulyşmagyna gönükdirilen syýasatynyň aýdyň netijesidir.

Türkmen türgenleriniň iri halkara ýaryşlarynda gazanýan netijeleri ýurdumyzda alnyp barylýan durmuş syýasatynyň oňyn netije berýändigini alamatlandyrýar. Koreýanyň Inçhon şäherinde geçirilen ХVII tomusky Aziýa oýunlarynda ildeşlerimiziň medallaryň 6-syna mynasyp bolmagy munuň subutnamasydyr. Köp sanly tomaşaçylar ylgaw ýodajyklary bilen ýöriş edýän döşleri medally dürli halkara ýaryşlarynda ýeňiji bolan türkmen türgenlerini el çarpyp garşylaýarlar.

Soňra sport meýdançasynda beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ýaşan döwrüni häzirkizaman bilen baglanyşdyrýan edebi-sazly sahnalaşdyrylan çykyş başlanýar. Halkymyzyň köpasyrlyk arzuwyny aýdym edinen Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryndaky arzuwy ýüz ýyllaryň aşmagy bilen kuwwatly, özygtyýarly döwletiň döremeginde wysal boldy. Şu ýyl Türkmenistanda we dünýäniň köp ýurtlarynda türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllyk toýy giňden bellenilýär. Türkmen halky beýik şahyryň çuňňur mana ýugrulan eserlerine aýratyn gadyr goýýar. Magtumguly Pyragynyň arzuw eden eýýamy Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe hasyl boldy. Şu ajaýyp döwürde, medeniýet we sungat işgärlerine ýazyjy-şahyrlara, žurnalistlere nusgalyk edebi eserleri, ýokary çeperçiligi bolan dürli göwrümli, gyzykly makalalary, tele we radio gepleşileri, kinofilmleri, sahna oýunlaryny döretmek bagty miýesser etdi.

Ýurdumyzyň bäş welaýatynyň döredijilik toparlarynyň çykyşlary baýramçylygyň jemini jemledi. Toparlaryň her biri hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Medeniýet halkyň kalbydyr”, “Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň kadalaşdyrylyşy”, “Janly rowaýat”, “Bereketli türkmen saçagy”, “Owazly tolkunlaryň mekany” atly kitaplarynda öňe sürülýän başlangyçlary özleriniň belent owaza beslenen çykyşlarynda sungatyň beýik dili bilen beýan etdiler. Soňra bilelikde “Küştdepdi” tansynyň ýerine ýetirilmegi türkmenistanlylaryň milli Lideriniň daşyna mäkäm jebisleşendiginiň, mähriban Watanymyzyň abadançylygynyň we rowaçlygynyň aýdyň beýanyna öwrüldi. Dabara gatnaşyjylar Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň gülläp ösmegini, agzybir türkmen halkynyň rowaçlygyny, Gahryman Arkadagyň janynyň sag, ömrüniň uzak bolmagyny ýakymly owazlar bilen wasp etdiler.

Baýramçylyk dabarasy tamamlaýjy tapgyra gadam goýdy. Stadionyň meýdançasynyň merkezinde ýene-de şanly senäni alamatlandyrýan ХХIII belgi peýda boldy.

Mähriban Watanymyzy, Garaşsyzlygymyzy, türkmen halkyny we Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwrüni esaslandyryjy milli Liderimizi wasp edýän “Ýaşa Arkadaga!” atly aýdym ägirt uly dabaranyň jemini jemledi.

Baýramyňyz gutly bolsun, türkmen halky! Beýik baýram türkmen topragyny gurşap aldy!