Türkmenbaşy şäheriniň taryhy merkezinde Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň Medeni-sport toplumynyň (MST) binýat desgasy bolan nebitçileriň Medeniýet köşgüniň durkuny täzelemek işleri tamamlandy. Köp ugurly sagaldyş, sport-döredijilikli, konsert, işewürlik we dynç alyş meýdançaly köşk toplumynyň gaýtadan dikeldilip, ulanmaga bermek dabarasy Türkmenistanyň Garaşsyzlyk gününiň öňisyrasynda geçirildi. Dabaraly çärä şaheriň we zawodyň müdürliginiň ýolbaşçylary, gurluşykçylar we releýjiler, jemgyýetçilik guramalarynyň, medeniýet, bilim, sport edaralarynyň wkilleri kenarýaka şäheriniň ýaşulylary we ýaşlary gatnaşdylar. Köşk toplumynyň durkuny täzelemek işlerinde tapawutlanyp işlän TNGIZT we baş potratçy “Daşoguznebitgazgurluşyk” edarasynyň işgärlerine gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy. Şanly sene mynasibetli konsert berildi.
TNGIZT Medeniýet-sport toplumynyň arhitektura toplumynyň esasy binasynyň köşgüň içinde – birinji gatda giň eýwanyň iki tarapy boýunça hem iki sany maslahat zaly, şeýle hem häzirki zaman enjamly we tehnikaly konsert zaly ýerleşýär. Ondan bir gat ýokarda bolsa gaznany kompýuter arkaly dolandyrylýan we resminamalarda, neşirýatlarda, surat we wideomateriallarda, predmet eksponatlarda beýan edilýän, nusgawy önümlerde, maketlerde we tehnologiki enjamlaryň hereket edýän modelleri görkezilýän häzirki zaman kitaphana ýerleşýär.
Köşgüň demirgazyk we günorta diňlerini ikinji gat derejesinde birleşdirýän ýokary üçekli galareýanyň aşagynda dürli dabaralary geçirmek üçin köp orunly banket zaly ýerleşdi. Açyk meýdançalar, şol sanda köp gatly binanyň tekiz üçekleri, çeper germewler tutulan, deňziň aýaýyp görnüşine we Şagadam, Gubadag we gadag ýaly ajaýyp daglaryna bakyp duran tomusky kafe üçin bölünip berildi.
TNGIZT Medeni-sport toplumynyň durky täzelenenden soňra ol umumyşäher sport, medeni we dynç alyş ýerine öwrüldi. Onda, oňaýly dynç alamk üçin ýerler we pökgüli oýunlar boýunça toparlaýyn ýaryşlary geçirmek üçin aýratyn sport zal bilen bir hatarda sport-sagaldyş işler, fintes we ýüzmek boýunça bäsleşikler, göreş, stoluň üstünde oýnalýan tennis, agyr atletika, bilýard we sportuň beýleki görnüşleri üçin ähli şertler döredilendir. Bu ýerde açyk asmanyň aşagynda, öňde bolşy ýaly, ýöne gatnaşyjylar we tomaşaçylar üçin has oňaýly şertlerde okuw-türgenleşik sapaklary we kiçi futbol boýunça bäsleşikler geçiriler.
MSK köşk toplumynyň durky täzelenende çagalara niýetlenen ýerlere aýratyn üns berildi. Nebitçileriň medeniýet köşgüniň günorta ganatyny düzýän bina täzeden planlaşdyryş geçirildi, desgalaryň birnäçesi düýbünden täzeden guruldy. Rejelenen binanyň köp bölegi ýaş zehinlilere – ýurdumyzda meşhur bolan TNGIZT “Dagdan” folklor toparyna berildi. Bu örän uly, beýik üçekli we diwarlary aýnaly binadyr. Ol çeperçilik taýdan bezelişi we ýörüte enjamlar bilen üpjün edilşi boýunça häzirki zaman professional balet mekdepleri bilen deňeçerdir. Binanyň beýleki böleginde ses ýazgy studiýasy, saz, horeografiki we wokal gurnaklary ýerleşer. Bina ýakyn ýerleşýän gök zolakly çäklerde suw çüwdürimleri, oýnawaç awtomatly zally çagalar kafeteriýasy, labirint-öýjagaz, bassyrmala gurlandyr, köçe türgenleşik enjamlary, hiňňillikler, depejikler we beýleki attraksionlar oturdular.
Nebitçileriň durky täzelenip, ulanmaga berlen Medeniýet köşgi şäheriň merkezinde onuň ýaşaýjyalry we myhmanlary üçin döredijilik we medeni-dynç alyş ýerini emele getirdi.