Ï Watanymyza birkemsiz gulluk edendikleri üçin harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini sylaglamak dabarasy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watanymyza birkemsiz gulluk edendikleri üçin harby gullukçylary we hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerini sylaglamak dabarasy

view-icon 750
Şu gün paýtagtymyzdaky “Halk hakydasy” Ýadygärlikler toplumynda Watan goragçylaryna – harby gulukçylaryň we hukuk goraýjy işgärleriň bir toparyna döwletimiziň mukaddes Garaşsyzlygynyň 23 ýyllygy mynasybetli ýokary döwlet sylaglaryny gowşurmak, harby we ýörite atlary dakmak hem-de hünär derejelerini bermek, dabarasy boldy.

Bu ýokary sylaglara Bitarap Türkmenistanyň garaşsyzlygyny we öz ygtyýarlylygyny pugtalandyrmaga, goranmak ukybyny berkitmäge, howpsulygy, kanunçylygy, hukuk tertibini üpjün etmäge uly goşant goşan hem-de berkarar Watanymyzy, merdana halkymyza köpýyllaryň dowamynda bir kemsiz gulluk eden, türkmenistanlylaryň ösüp gelýän neslini gaýduwsyzlyk we watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly hyzmatlary bitiren harby we hukuk goraýjy edaralaryň has tapawutlanan wekilleri mynasyp boldular.

Mälim bolşy ýaly, hormatly Prezidentimiz şu ýylyň 6-njy oktýabrda paýtagtymyzda gurlup ulanmaga berlen Ýadygärlikler toplumynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda möhüm ähmiýetli çäreleri geçirmek, toplumda medallara mynasyp bolan raýatlarymyza, şol sanda harby gullukçylara, hukuk goraýjy edaralaryň işgärlerine döwlet sylaglaryny gowşurmak dabaralaryny geçirmek çäreleriniň guralmagynyň maksada laýyk boljakdygyny belledi.

Şu nukdaýnazardan, “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 23 ýyllyk baýramynyň geçirilýän gününde ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň has tapawutlanan gullukçylaryny hem-de işgärlerini sylaglamak dabarasy boldy.

Soňra bu mukaddes künjekde Türkmenistanyň Döwlet senasy ýaňlandy. Şeýlelikde, ýokary döwlet sylaglaryna, harby we ýörite atlara, harby derejelere mynasyp bolanlary sylaglamak dabarasy başlandy.

Şeýle hem döwlet Baştutanymyzyň gol çeken Permanyna laýyklykda, mukaddes harby borjyny ak ýürekden berjaý edip, Watanymyzyň goranmak ukybyny pugtalandyrmaga goşan hem-de jemgyýetimizde kanunçylygy we hukuk tertibini berktmekde, asudalygy gorap saklamakda bitiren uly hyzmatlary göz öňünde tutulyp, hukuk goraýjy we harby edaralaryň gullukçylarynyň hem-de işgärleriň bir toparyna harby we ýörite atlar dakyldy hem-de hünär derejeleri berildi.

Dabaranyň barşynda bellenilişi ýaly, türkmen halky öz taryhynyň dowamynda parahatçylyksöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we ynsanperwerlik ýörelgelerine ygrarly bolup geldi. Häzirki döwürde, täze taryhy eýýamda şol ýörelgeler Türkmenistanyň daşary syýasat strategiýasynyň özenini düzýär. Ýurdumyz özygtyýarly ösüş ýoluna düşüp, tutuş dünýä jemgyýetçiliginiň uly gyzyklanmasyny döredýän döwlet gurluşynyň täsin nusgasyny döretmek bilen, amatly jemgyýetçilik-syýasy ýagdaýy üpjün etmegi başardy. Munuň özi Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe belent maksatlara üstünlikli ýetmegiň möhüm şerti bolup durýar.

Türkmenistanyň Harby doktrinasy hem diňe goranyş we parahatçylyk häsiýetine eýedir. Ol türkmenistanlylaryň parahatçylykly we abadan durmuşynyň, ýurdumyzyň ösüş we rowaçlyk ýoly bilen ynamly öňe gitmeginiň kepili bolup durýan Ýaragly Güýçlerimiziň goranyş ukybyny ýokarlandyrmaga, ýurdumyzyň howpsuzlygyny üpjün etmäge gönükdirilendir.

Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başyny başlan giňmöberli harby özgertmeleri, ilkinji nobatda, milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny dörebaplaşdyrmaga, ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň işini kämilleşdirmäge, ýokary hünärli hünärmenleriň watançylyk terbiýesine hem-de söweşjeň taýýarlygyna gönükdirilendir. Şol hünärmenler bolsa gaýduwsyz we edermen ata-babalarmyzyň şöhratly harby däplerini mynasyp dowam etdirýärler. Ýeri gelende aýtsak, ýurdumyzda açylan ýöriteleşdirilen ýokary okuw mekdeplerinde harby ussatlygyň tälimlerini ele almak we okamak üçin ajaýyp şertler döredildi. Bu ýokary okuw mekdepleri ýurdumyzyň goşuny we hukuk goraýjy edaralary üçin hünärli işgärleri taýýarlaýan merkezlere öwrüldi.

Mähriban topragymyzyň parahatçylygynyň we asudalygynyň gorgynda duran harby gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak, olaryň gulluk etmegi hem-de dynç almagy üçin amatly şertleri döretmek hem harby ulgamda amala aşyrylýan özgertmeleriň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy bilen döwrebap serhet galalarynyň we harby şäherjikleriň, edara binalarynyň, has oňaýly ýaşaýyş jaýlarynyň, sport desgalarynyň we beýleki möhüm desgalaryň köpçülikleýin gurulmagy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Soňra bu ýerde ýokary döwlet sylaglaryna we degişli derejelere mynasyp bolanlar mukaddes ýadygärlige gül desselerini goýdular. Atalyk aladasy hem-de esaz Watanymyzyň we mähriban halkymyzyň öňünde biren hyzmatlaryna beren ýokary bahasy üçin Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Gurbanguly Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, dabara gatnaşyjylar özleriniň mukaddes harby we raýatlyk borjuny berjaý edip, mundan beýläk hem mukaddes Garaşsyzlygymyzyň beýik gazananlarynyň, türkmen döwletiniň milli bähbitleriniň we howpsuzlygynyň, mähriban halkymyzyň parahat durmuşynyň goragynda berk durjakdyklaryna ynandyrdylar.