>“Beýik özgertmeleriň ýyl ýazgysy” atly dowamly senenamalaýyn neşiriň 7-nji goýberilişi çapdan çykdy. Onuň sahypalarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň eziz Watanymyzyň gülläp ösmegine we türkmen halkynyň abadançylygyny üpjün etmäge gönükdirilen köpugurly döwlet işi, şeýle hem Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ýaýbaňlandyrylan okgunly özgertmeler öz beýanyny tapýar.
Neşiriň nobatdaky goýberilişinde 2013-nji ýylda bolup geçen, Garaşsyz hem Bitarap türkmen döwletiniň içerki özgertmeleriniň amala aşyrylyşyny hem-de halkara gatnaşyklarynyň ösdürilişini şöhlelendirýän maglumatlar we wakalar gysga görnüşde beýan edilýär. Şanly wakalara we uly sepgitlere beslenen bu ýyl täze taryhy eýýamda milli Liderimiziň başlangyjy bilen ýurdumyzyň ähli pudaklarynda üstünlikli durmuşa geçirilýän düýpli özgertmeleriň geriminiň barha giňeldilýändigini, ykdysady kuwwatynyň pugtalandyrylyp, mähriban halkymyzyň bolçulygynyň artdyrylýandygyny, dünýäniň syýasy giňişliginde ata Watanymyzyň abraýynyň barha ýokarlanýandygyny ýene bir gezek aýdyň görkezdi.
Kitap “Zähmet ýeňişleriniň we şanly özgertmeleriň ýyly” atly giňişleýin sözbaşy bilen açylýar. Onuň mazmuny täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň abadan durmuşynyň hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan yzygiderli we maksadaokgunly durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugrudygyny aýdyň açyp görkezýär. Täze taryhy eýýamda milli Liderimiziň parasatly ýolbaşçylygynda geljek üçin niýetlenen, ýurdumyzy ösdürmäge hem-de senagatlaşdyrmaga, ykdysadyýeti döwrebaplaşdyrmaga we diwersifikasiýa ýoly bilen ösdürmäge, türkmen jemgyýetini mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmaga, ruhy-medeni ulgamy kämilleşdirmäge, halkymyzyň bagtyýar durmuşy üçin ähli şertleri döretmäge gönükdirilen toplumlaýyn maksatnamalar üstünlikli amala aşyrylýar.
Şunuň bilen birlikde, kitapda getirilýän maglumatlar Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli, döredijilikli daşary syýasatynyň üstünliklere eýe bolýandygyny aýdyňlyk bilen tassyklaýar. Bu syýasat bolsa, halkara bileleşiginiň ykrarnamasyna eýe boldy. Ýurdumyz häzirki döwrüň wajyp meseleleriniň çözgüdini işläp taýýarlamaga işjeň gatnaşyp, sebit hem-de ählumumy derejede parahatçylygyň, abadançylygyň we ösüşiň bähbidine oňyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge saldamly goşant goşýar.
Şeýlelikde, neşirde berkarar, kuwwatly, bäsdeşlige ukyply döwlet hökmünde özüniň eýeleýän ornuny has-da berkiden Garaşsyz hem Bitarap Türkmenistanyň hemmetaraplaýyn ösüş ýolundaky nobatdaky möhüm tapgyr barada gürrüň berilýär. Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň alyp barýan işleriniň hatda gysgajyk senenamalaýyn syny-da ýurdumyzyň durmuşynda täze taryhy eýýamy alamatlandyran giň möçberli özgertmeleriň ýokary depginde amala aşyrylýandygyna göz ýetirmäge mümkinçilik berýär. Paýtagtymyzda hem-de ýurdumyzyň welaýatlarynda köpsanly täze binalaryň açylmagy, senagat, ulag-aragatnaşyk we beýleki maksatly desgalaryň dabaraly ulanmaga berilmegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr. Şol dabaralara milli Liderimiziň gatnaşmagy bolsa olaryň ähmiýetini has-da artdyrdy.
Saldamly maglumatlar binýady we çuň many-mazmun derejesi bilen tapawutlanýan kitabyň nobatdaky goýberilişi okyjylara hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döredijilikli, ýokary ynsanperwerlikli syýasatynyň düýp özenine we häsiýetine, esasy ýörelgelerine hem-de baş ugurlaryna çuňňur düşünmäge ýardam berer. Bu neşir şeýle hem alym taryhçylar we ülkäni öwrenijiler, ýokary okuw mekdepleriniň we ýörite orta okuw mekdepleriniň, umumybilim berýän mekdepleriň mugallymlary, partiýa we jemgyýetçilik guramalarynyň işjeň agzalary üçin ylmy-salgy beriş neşiri, talyplar we okuwçylar üçin okuw gollanmasy, häzirki Türkmenistanyň durmuşy bilen gyzyklanýanlaryň ählisi üçin bolsa peýdaly gollanma bolup hyzmat eder. Neşir raýatlara, aýratyn hem ýaşlara berilýän syýasy bilimi we terbiýäni gowulandyrmakda, ilatyň arasynda jemgyýetçilik – syýasy bilimleri giňden ýaýbaňlandyrmakda möhüm ähmiýete eýedir. Ýylýazgysynyň goşundysynda adam we geografiki atlaryň görkezijileri, şeýle hem duş gelýän gysgaldylan sözleriň düşündirişli sanawy berilýär.
Neşir Türkmenistanyň Prezidentiniň Arhiwiniň esasy hünärmenleri tarapyndan çapa taýýarlanyldy hem-de türkmen we rus dillerinde aýratyn kitap bolup çap edildi, bu bolsa onuň okyjylar köpçüligini we ýaýraw giňişligini ep-esli giňeltmäge ýardam berýär.