Ï Çagalyga garaýan penjireli öý
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalyga garaýan penjireli öý

view-icon 976
Balkanabat şäherinde gurulan 420 orunlyk ýörüteleşdirilen mekdebiň ak mermerli binasyny şeýle atlandyryp bolar. Bu bina saglyk mükinçilikleri çäklendirilen çagalara Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 23 ýyllyk baýramçylygyna ajaýyp sowgat boldy.

Bu çagalar sagaldyş merkeziniň penjirelerinden Balkan daglarynyň giň görnüşi açylýar, onuň eteginde ýerleşýän bag-gezelenç toplumy, stedion we beýleki bedenterbiýe-sagaldyş meýdançalar görünýär. Bu ýer örän şowly saýlanyp alnypdyr. Tebigatyň şypaly howasynda öz saglyklaryny dikeltjek, okajak hem-de ýaşajak, elbetde, aladaçyl mugallymlaryň, terbiýeçileriň, lukmanlaryň ýakyndan gurşap almagynda, çagalaryň saglygyna oňaýly täsir etjek arassa dog howasy bu ýeriniň aýratynlygydyr.


Okuw-ýaşaýyş binalarynyň üçüsi taslananda çagalaryň beden mümkinçilikleri we toparlaryň ýaş derjeleri göz öňünde tutulandyr. Bu ýerde döredilen oňaýylyklaryň ählisi şular ýaly okuw mekdeplerine bildirilýän iň ýokary talapalara laýyk gelýär. Binanyň jaýlarynyň ählisi ýagty we giň, öý şertlerindäki ýaly ýyly hem-de oňaýly. Bu bolsa bu ýere göçüp gelen çagalaryň bu ýere tiz öwrenişmeklerine oňaýly täsirini ýetirýär.


Okuw otaglary dünýäniň önüm öndürijileriniň iň häzirki zaman tehnikasy, şol sanda iteraktiw tagtaly, multimediýa ulgamly, barlaghana enjamlary we okatmagyň beýleki tehniki serişdeleri bilen üpjün edilendir. Lingafon enjamlary logopedlere çagalaryň dil sözleýşini ösdürmäge, olaryň dil näsazlyklaryny düzetmäge, daşary ýurt dillerini öwrenmeklerini ösdürmäge ýardam edýär.

Çagalar bilen işleşmekde baý tejribeleri bolan, olaryň psihologiýasyny oňat bilýän pediator, logoped, stomatolog, terapewt we beýleki lukmanlar bu dikeldiş merkeziniň lukman işgärleriniň düzümini düzýärler. Iň häzirki zaman lukmançylyk tehnikalary bilen üpjün edilen birnäçe lukmançylyk we bejeriş-sagaldyş, prosedura otaglary olaryň ygtyýaryndadyr. Baş binada ýörüte suw howzy, köp ugurly wannalar ýerleşýär. Bu ýerde oňurgany we daýanç-hereket synasyny bejermekde peýdaly bolan suw owkalamasyny we beýleki bejeriş-sagaldyş proseduralary alyp bolýar.


Bu täze mekdebiň umumy tutýan meýdany 30 müň inedördül metrdir, oňa ýakyn ýerleşýän çäkler abadanlaşdyrylyp bag we beýleki gyrymsy agaçlar ekilendir. Şeýle hem bu ýerde gök ot ekilen we ylgaw ýodaly stadion, basketbol meýdançalary, tennis kortlary ýerleşýär. Bu ýerde çagalar hereketlendiriji oýunlary oýnap bilerler, beden terbiýesi we sport bilen meşgullanyp bilerler.