Türkmen gümrükçileri 4-nji noýabrda öz hünär baýramçylyklaryny belleýärler. 1991-nji ýylyň 4-nji noýabrynda Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy döredildi.
Häzirki wagtda Döwlet gümrük gullugynyň binasynda dabaraly ýygnak geçirilýär. Onuň resmi böleginde harby atlar dakylar, şeýle hem gullukda tapawutlanan işgärler sylaglanar, dabaraly konsert geçiriler. Bu şanly senäniň öňüsyrasynda bu gullugyň düzümleriniň wekilleriniň arasynda kiçi futbol, küşt, milli göreş, erkin göreş we sambo boýunça edarara sport bäsleşigi geçirildi.
Şu ýyl türkmen gümrüginiň gurluşynyň üsti iň iri halkara awtoulag arteriýalarynyň ýolunyň ugrunda ýerleşýän üç möhüm desga bilen ýetirildi. Olar Ahal welaýatynyň Änew şäheriniň golaýynda ýerleşýän, 4-nji sentýabrda açylyp, ulanmaga berlen, Halkara gümrük terminalydyr, şeýle hem “Artyk” we “Sarahs” geçiriş nokatlarydyr. Geçen ýyl ýurduň gümrük gullugynyň döredilmeginiň senesiniň öňisyrasynda gümrükçiler Aşgabat şäheriniň işewürler böleginde ýerleşýän Arçabil şaýolunyň ugrunda iň häzirki zaman binany sowgat aldylar. Häzirki wagtda bu ýerde Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugynyň merkezi diwany ýerleşýär.
Halkara gümrük terminaly ýurduň iň iri ulag geçelgesiniň çatrygynda, Ýewropanyň we Aziýanyň arasyndaky halkara awtoulag ýolunda guruldy. Ol Aşgabat şäher gümrük gullugynyň zolagyna degişlidir. Umuman Döwlet gümrük gullugy welaýatlar boýunça bölünýär. Olarda ýurduň çäkleri we sebitleriň serhetleri boýunça nokatlary dolandyrmak amala aşyrylýar.
Türkmenistan Bütündünýä gümrük guramasynyň agzasydyr. Döwlet gümrük gullugy özüniň ygtyýarlylygynyň çäklerinde ÝHHG, BMG-niň Merkezi Aziýa boýunça ösüş maksatnamalary we beýleki halkara guramalary bilen hyzmatdaşlyk edýär. Taslama öňdebaryjy gümrük gözegçiligi serişdeleri bilen üpjün edilen iň döwrebaplaşdyrylan we häzirki zaman logistiki merkez hökmünde düzüldi we amala aşyryldy. Terminalyň üpjünçiligi Halkara awtomobil ulaglary birleşiginiň (IRU) talaplaryna laýyk gelýär, onuň işi bolsa Türkmenistan tarapyndan halkara ýüklerini daşamak baradaky kitaby ulanmak bilen, halkara ýüklerini daşamak hakynda Gümrük konwensiýasynyň (TIR Carnet) we Bütündünýä gümrük gullugy tarapyndan kabul edilen gümrük işlerini ýeňilleşdirmek we garmonlaşdyrmak hakynda Kioto Konwensiýasynyň düzgünlerini ýerine ýetirilmegini üpjün etmek bolup durýar.
Gullukçylaryň durmuş taýdan üpjün edilmegi boýunça çäreleri amala aşyrmak dowam etdirilýär. Gümrük nokatlaryny gurmakdan başga hem ýaşayş – gulluk we ähli amatlyklary bolan ýaşaýyş jaýlary gurulýar. Daşoguz welaýatynda desgalaryň birden ikisiniň – welaýat gümrük gullugynyň binasy we 24 öýli ýaşaýyş jaýynyň gurluşygy tamamlanyp barýar. Geçen birnäçe ýyllaryň dowamynda Balkan we Lebap welaýatlarynda, şeýle hem türkmen paýtagtynda – Aşgabat şäherinde gulluk ýaşaýyş jaý toplumy we ähli amatlyklary bolan ýaýyş jaýlary guruldy.
Döwlet gullugynyň ýanynda okuw merkezi işleýär. Bu ýerde gulluga täze kabul edilenler başlangyç, şahsy düzümi bolsa tassyklanan okuw maksatnamasyna laýyklykda, hünär kämilligi boýunça iňlis dilini öwrenmegi öz içiçne alýan beýleki okuwlary geçýärler. Bu okuw merkezi gümrük resminamalaryny taýarlamak boýunça hünärmenkeri hem taýýarlaýar. Umuman bu okuwlar gümrük gullugynyň ähli ugurlary boýunça bir aýlayk we gysga möhletleýin okuwlardyr. Şeýle hem Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby institutynda hem gümrük işleri boýunça hünärmenler taýýarlanylýar.