Ýerli wekilçilikli häkimiýetiň guramalaryna – welaýatlaryň, welaýat hukukly şäherleriň, etraplaryň, etrap hukuly şäherleriň halk maslahatlaryny saýlamak boýunça saýlaw möwsümi dowam edýär. Paýtagtyň ýaşaýjylary 23-nji noýabrda şäher halk maslahatynyň agzalaryny we Aşgabat şäheriniň etraplarynyň halk maslahatlarynyň agzalaryny saýlarlar.
Aşgabat şäher saýlaw toparynyň başlygy Jennet Adakowanyň belleýşi ýaly, Aşgabadyň halk maslahatynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça okruglaryň 40-sy, saýlaw uçastoklarynyň 266-sy döredildi. Paýtagtyň etraplarynyň halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça 120 okrug dňredildi.
Aşgabatda şäher halk maslahatynyň agzalygyna dalaşgärleriň 80-si hasaba alyndy, etraplaryň halk maslahatlarynyň agzlygyna dalaşgärleriň 240-sy dalaş edýär. Şeýleleik bilen, halk maslahatynyň agzalarynyň bir mandatyna we şäher hem-de paýtagtyň her etrabynyň bir mandatyna 2 sany dalaşgär bäsleşýär. Dalaşgärleriň 80 göterimden gowragy ýokary bilimlidir, şonçasy hem 30-da 50 ýaş aralygyndadyr. Dalşgärleriň arasynda dürli milletleriň wekilleri bar. Olaryň köp bölegi bolsa zenanlardyr.
Dalaşgärler saýlawçylar bilen geçirýän duşuşyklarynda paýtagty toplumlaýyn ösdürmekde ýerli wekilçilikli häkimiýetiň goşandyny artdyrmaga gönükdirilen maksatnamalary bilen tanyşdyrýarlar.