Şu gün türkmen paýtagtynda Mustafa Kemal Atatürküň ýadygärligine gül goýmak dabarasy boldy.
Däp boýunça, her ýyl türk halkynyň lideriniň aradan çykan güni bu ýere Türkiýä Respublikasynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň işgärleri, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň işgärleri, giň jemgyýetçiligiň wekilleri, Türkmenistanda işleýän türk kompaniýalarynyň ýolbaşçylary, şeýle hem paýtagtymyzdaky türkmen-türk okuw mekdepleriniň mugallymlary we okuwçylary, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekiller gelýärler.
Bu ýere ýygnananlar meşhur syýasatçy we döwlet işgäri Mustafa Kemal Atatürküň agty ýadygärligini bir minutlyk dymmak bilen hatyraladylar we ýadygärlige çemenleri hem-de gül desselerini goýdular.
Türkiýä Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şewki Mustawelliogly çykyş edip, bu ýere ýygnananlaryň ählisine we türkmen halkyna türk halkyna bildirilýän doganlyk duýgulary hem-de däp-dessurlaryna goýulýan hormat üçin çuňňur hoşallyk duýgularyny beýan etdi.