Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň milli merkezinde “Kärdeşler arkalaşyklarynyň birleşigi, olaryň hukuklary we işleriniň kepilligi hakynda” Türkmenistanyň Kanunyň kabul edilmeginiň bir ýyllygyna bagyşlanyp maslahat geçirildi. Kärdeşler arkalaşyklarynyň pudaklaýyn geňeşleriniň başlyklary, paýtagtyň kärhanalarynyň kärdeşler arkalaşyklarynyň işjeň agzalary kabul edilen kanunyň döwletiň jemgyýetçilik-syýasy durmuşyny giň demokratiýalaşdyrmak boýunça kärdeşler arkalaşyklarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmakda tutýan ornuny we ähmiýetini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle hem kanunyň kärdeşler arkalaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürülmeginiň, raýatlary kärdeşler arkalaşyklaryna giňden çekmekde hukuk esasy bolandygyny bellediler. Kanun kärdeşler arkalaşyklarynyň ustaw maksatlaryny çözmekde kesgitli oňyn özgertmeleri gazanmaga şert döretdi.
“Kärdşler arkalaşyklarynyň birleşigi, olaryň hukuklary we işleriniň kepilligi hakyndaky” Kanunyň düzügünleri babatda çykyş eden pudaklaýyn geňeşeleriň birnäçesiniň ýolbaşçylary kanunyň düzgünlerini iş ýüzünde il aşyrmakda toplan tejribeleri bilen paýlaşdylar. Hususan-da bu kärdeşler arkalaşyklaryna mahsus bolan olaryň gorag borçlaryna degişlidir.
Kärdeşler arkalaşyklary kanunçylyk binýadyna esaslanyp, toparlaýyn şertnamalaryň “gorag meýdanyny” epesli giňeltmegi, şeýle hem hususy telekeçiler tarapyndan hem-de daşary ýurt firmalary bilen bilelikde döredilen kärhanada toparlaýyn şertnamany giňeltmegi işjeň gazanýarlar. Howpsuz iş şertleriniň, degerli gündelik durmuşynyň döredilmegine jemgyýetçilik gözegçiligi kärdeşler arkalaşyklarynyň uly hem-de jogapkärli işlerini bölegi bolup durýar.
Şeýle hem Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary sagdyn durmuş ýörelgesiniň ornaşdyrylmagynda, köpçülikleýin sport hereketiniň ösdürülmeginde möhüm orny eýeleýär. Zähmetkeşleriň we olaryň maşgalalarynyň sagaldyş merkezlerinde oňaýly şertlerde dynç almaklary üçin ýakyndan alada edilýär.
Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklary has köpçülikleýin jemgyýetçilik guramasydyr. Ýurtda pudaklaýyn kärdeşler arkalaşyklarynyň 14-si, territorial birleşikleriniň 5-si we her bir zähmet toparynda diýen ýaly ilkinji gurama hereket edýär.