Halaç etrabynyň Esenmeňli geňeşliginiň Ak ýap obasynda 90 orunlyk täze çagalar bagy açyldy
Giň iki gatdan ybarat bolan binada çagalaryň ruhy we beden taýdan sazlaşykly ösmekleri üçin ähli şertler döredilendir. Degişlilikde ýaş aýratynlyklary boýunça toparlaryň oýun oýnaýan otaglary oýnawaçlaryň dürli görnüşleri we çagalaryň döredijiligini ösdürmek üçin gerek bolan zatlaryň ählisi bilen üpjün edilendir. Çagalaryň gowy hilli üpjün edilen saz we sport zallarynda gözellik dünýäsine aralaşmaga we dürli görnüşli bäsleşikleri geçirmäge mümkinçilikleri bardyr.
Olar okuw otaglarynda ýokary hünärli mugallymlaryň ýolbaşçylygynda kompýuter sowatlylygyny we daşary ýurt dilleriniň başlangyç tapgyrlaryny ele alýarlar. Ýatylýan jaýalar bu ýerde terbilelenýänleriň oňat dynç almaklary we täze güýçleri tiz toplamaga mümkinçilik berýän oňaýly we owadan krowatlar bilen üpjün edilendir.
Binanyň abadanlaşdyrylan çäklerinde çagalaryň söýüp oýnaýan depejikli, hillikli, ertekileriň gahrymanlaryny alamatlandyrýan skulpturaly oýun meýdançasy guralandyr.
Çagalar bagynyň açylmagy mynasibetli geçirilen dabaranyň dowamynda tapawutlanyp işlän gurluşykçylara gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Esenmeňli geňeşliginde bir ýyl mundan ozal häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen Saglyk öýi ulanmaga berildi. Induki ýyl bolsa 500 orunlyk orta okuw mekdebiniň täze binasyny açmak göz öňünde tutulýar.