Şu gün – 13-nji noýabrda Türkmenistanyň Saýlaw kodeksine laýyklykda, saýlaw okruglarynyň ählisinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermek başlandy.
Saýlaw kodeksine laýyklykda, bu iş ilkinji nobatda uzak iş saparyna we rugsada gidýän raýatlar üçin, şeýle hem käbir sebäpler boýunça saýlawlar güni bolan 23-nji noýabrda öz saýlaw uçastogyna gelip hem-de has mynasyp dalaşgär üçin sesini berip belmejekler üçin göz öňünde tutuldy.
Umuman alnanda, saýlawlara taýýarlygyň möwsüminiň barşy hakynda söz açyp, şu günler ähli uçastoklarda saýlaw toparlarynyň işjeň işini belläp geçmek zerurdyr, olaryň düzümine zähmetkeşler toparlarynyň, syýasy partiýalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň has mynasyp wekilleri girdi.
Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda TDH-a habar berişleri ýaly, saýlawlaryň öňýanyndaky ähli tapgyrlar öz wagtynda, milli kanunçylygyň hem-de umumylykda kabul edilen halkara kadalarynyň talaplaryna laýyklykda guraldy. Ýurdumyzyň ähli saýlaw uçastoklary işe doly taýýardyr.
Saýlawlara gözegçiligi milli synçylar amala aşyrýar. Olaryň hemmesine saýlawlaryň öňýanynda hem, gönüden-göni ses berilýän günde hem saýlaw okruglaryna baryp görmek mümkinçiligi berildi.
Halk maslahatlaryna agzalaryň saýlawlary habar beriş serişdeleriniň uly üns merkezinde durýar. Gazetlerde, hususan-da paýtagt we welaýat metbugatynda olaryň terjimehallary çap edildi. Saýlawçylar dalaşgärleriň saýlawlaryň öňýanyndaky maksatnamalary bilen guralan duşuşyklaryň çäklerinde ýa-da saýlaw uçastoklarynda tanşyp bildiler.
Şeýlelikde, halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlary boýunça möhletinden öň ses bermegiň şu gün badalga alan tapgyry ýerlerde bu jemgyýetçilik--syýasy çäräni geçirmäge taýýardygyny tassyklaýar, ol hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň nygtaýşy ýaly, ýurdumyzyň ösüşiň demokratik ýoluna, türkmen halkynyň abadançylygynyň hem-de rowaçlygynyň maksatlaryna ygrarlydygynyň subutnamasydyr.