Şu gün Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Demokratiýa we adam hukuklary baradaky Türkmen milli institutynda Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara nsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça pudagara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Onuň gün tertibine şu düzümiň işiniň esasy ugurlary bilen baglanyşykly meseleler girizildi. Duşuşyga Mejlisiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň birnäçesiniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlise gatnaşyjylar pudagara toparynyň 2014-nji ýyl üçin iş meýilnamasynyň ýerine ýetirilişiniň barşyny ara alyp maslahatlaşdylar. Bellenilişi ýaly, garalýan döwürde bu düzümiň agzalary tarapyndan adam hukuklary babatynda Türkmenistanyň kanunçylyk namalarynyň birnäçesine üýtgetmeleri we goşmaçalary girizmek boýunça teklipleri taýýarlamak üçin seljerme berildi.
Ýurdumyz häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň baştutanylygynda BMG-niň doly hukukly agzasy hökmünde döredijilikli daşary syýasat strategiýasyny durmuşa geçirmek bilen, möhüm halkara meselelerini, şol sanda parahatçylygy we howpsuzlygy gorap saklamak we berkitmek, belent ynsanperwerlik taglymlary we gymmatlyklary kemala getirmek meselelerini çözmekde hil taýdan täzeçe çemeleşmeleri öňe sürýär. Şunuň bilen baglylykda, çykyş edenler Türkmenistanyň dürli ugurlar boýunça halkara ylalaşyklarynyň we konwensiýalarynyň köpüsini tassyklamagynyň hem-de soňra olaryň kadalarynyň milli kanunçylyga girizilmeginiň türkmen jemgyýetiniň demokratik ýörelgelerini mundan beýläk-de berkitmäge, türkmenistanlylaryň hukuklaryny we azatlyklaryny üpjün etmäge ýardam berýändigini bellediler.
Mälim bolşy ýaly, Türkmenistan adam hukuklaryny we bähbitlerini goramagy döwlet syýasatynyň esasy ugry hökmünde yglan etmek hem-de halkara hukugynyň umumyykrar edilen kadalaryny ileri tutmak bilen, degişli resminamalary ýerine ýetirmek boýunça öz üstüne alan borçnamalaryny birsyhly berjaý edýär. Şunuň bilen baglylykda, nobatdaky mejlisiň gün tertibine esasy maksady adam hukuklarynyň üpjün edilmegi babatynda ýurdumyzyň kanunçylygyny has-da kämilleşdirmek bolan milli maksatnamalaryň taslamalaryny ara alyp maslahatlaşmak bilen baglanyşykly meseleler girizildi.
Mejlisiň barşynda toparyň agzalary “Kämillik ýaşyna ýetmedikleriň işleri barada adyl kazyýetlik ulgamyny ösdürmek boýunça Türkmenistanyň Baş maksatnamasynyň” ýerine ýetirilişiniň barşyna hem garadylar. Birnäçe beýleki degişli kadalaşdyryjy--hukuk namalarynyň taslamalary boýunça hem pikir alyşmalar boldy.
Duşuşykda “Çaganyň irki ösüşi we ony mekdebe taýýarlamak boýunça 2011-2015-nji ýyllar üçin Türkmenistanyň Milli maksatnamasyny” ýerine ýetirmegiň çäklerinde alnyp barylýan işler barada maglumatlar aýdyldy. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýaş nesli milli we umumadamzat ruhy gymmatlyklarynyň esasynda terbiýelemek boýunça wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek maksady bilen, çäreleriň tutuş toplumy amala aşyrylýar.
Nobatdaky mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan bu düzümiň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek, şol sanda abraýly halkara guramalary, ozaly bilen bolsa Birleşen Milletler Guramasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, maglumatlar ulgamynda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe Türkmenistany ösdürmegiň döwlet strategiýasynyň esasy ugurlaryny ilata düşündirmek bilen baglanyşykly işleri geçirmekde ähli gaýratlaryny we tejribelerini sarp etjekdiklerine ynandyrdylar.