Welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň netijleri jemlendi
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň 27-nji noýabrda geçirilen giňişleýin mejlisinde milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedow geçen ýekşenbe güni geçirilen welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň agzalarynyň saýlawlarynyň netijeleri hakynda hasabaty diňläp, bu jemgyýetçilik-syýasy çäräniň uly ähmietini belledi. Döwlet Baştutanymyz halk maslahatynyň saýlanan agzalarynyň halkyň bildiren ynamyny ödejekdigine hem-de Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginiň, türkmenistanlylaryň bagtly we abadan durmuşynyň bähbidine tutanýerli zähmet çekjekdigine ynam bildirdi.
Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparda Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentliginiň (TDH) habarçysyna habar berişleri ýaly, MST-niň ýakynda geçirilen mejlisinde saýlawlaryň gutarnykly netijeleri jemlenildi. Mejlise Merkezi saýlaw toparynyň agzalary, Merkezi saýlaw toparynyň ýanynda döredilen iş toparlarynyň wekilleri, milli synçylar, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Mejlisiň barşynda saýlawlaryň dalaşgärlige, aýanlyga we açyklyga mahsus ýörelgelere laýyklykda geçirilip, Türkmenistanyň ösüşiň demokratik ýoluna hem-de hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň başlangyjy boýunça döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynyň ähli ugurlarynda oňyn özgertmeleri amala aşyrmak syýasatyna ygrarlydygyny aýdyň görkezýän ýene-de bir subutnama öwrüldi.
Tutuş ýurdumyz boýunça resmi hasaba alnan 3524 dalaşgärlerden welaýat halk maslahatlarynyň 240 agzasy we etrap hem-de şäher halk maslahatlarynyň 1480 agzasy saýlandy. Saýlaw okruglarynyň ählisinde bir ýere üçin iki we şondan-da köp dalaşgärler görkezildi.
Häkimiýetiň wekilçilikli edaralarynyň agzalarynyň bilim we hünär derejesi ýokarydyr—olaryň aglabasy oba we suw hojalygynda, ýangyç-energetika toplumynda, bilim we saglygy goraýyş ulgamynda, döwlet häkimiýet we dolandyryş edaralarynda işleýärler hem-de syýasy partiýalaryň, kärdeşler arkalaşyklary we ýaşlar guramalarynyň işjeň agzalarydyr. Saýlananlaryň hatarynda ýurdumyzda ýaşaýan dürli milletleriň wekilleri bar.
Saýlawlary geçirmegiň ähli tapgyrlarynyň barşynda saýlaw uçastoklarynyň hemmesinde gözegçiligi amala aşyran milli synçylaryň işine ýokary baha berildi. Synçylar saýlaw toparlarynyň mejlislerine, saýlaw gutularyna möhür basylanda, ses bermegiň öňüsyrasynda we barşynda, sesler sanalanda, şeýle hem okrug boýunça saýlawlaryň netijeleri kesgitlenende we umumy netijeler jemlenende saýlaw uçastoklarynda boldular.
Ähli saýlaw uçastoklarynyň döwrebap aragatnaşyk enjamlary bilen üpjün edilmegi netijesinde, maglumatlary işläp taýýarlamakda we Türkmenistanda saýlawlary we sala salşyklary geçirmek baradaky Merkezi toparyna ugratmakda bökdençlik döremedi.
Merkezi saýlaw toparynyň mejlisinde welaýat, etrap we şäher halk maslahatlarynyň saýlanan agzalarynyň düzümine garaldy we tassyklanyldy. Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda, olaryň sanawy ýakyn wagtda metbugatda çap ediler.
Mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşyjylar saýlawlaryň ýurdumyzda hereket edýän kanunçylyga we halkara hukugy boýunça ählumumy kadalara laýyklykda guramaçylykly geçirilendigini bellediler.
Şeýlelikde, üç aý mundan ozal saýlawlaryň öňüsyrasynda başlanan giň gerimli çäre türkmen halkynyň jebisligini we agzybirligini, Garaşsyz, Bitarap döwletimiziň demokratik esaslaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga taýýardygyny we çalyşýandygyny aýdyň äşgär görkezdi. Ýurdumyz türkmen jemgyýetiniň durmuşynda demokratik ýörelgeleri pugtalandyrmagyň, halk häkimiýetiniň türkmenleriň asyrlarboýy eýerip gelen hem-de täze taryhy eýýamda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan döwlet gurluşygy boýunça amala aşyrylýan syýasatda öz beýanyny tapan ýörelgelerini berkitmegiň ýolunda täze we möhüm ähmiýetli ädim ätdi.
Merkezi saýlaw toprynyň mejlisinde guramaçylyk meseleleriniň käbirine garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.