Şu gün paýtagtymyz Aşgabatda we ýurdumyzyň ähli welaýatlarynda her ýylyň noýabr aýynyň soňky ýekşenbesinde däp boýunça bellenilýän Hasyl toýuna bagyşlanan uly baýramçylyk dabaralary geçirildi. Aşgabatda bu baýramçylyk paýtagtymyzyň atçylyk sport toplumynda geçirildi. Baýramçylyk görnüşinde bezelen meýdançada toýuň esasy gahrymanlaryny – ýurdumyzyň oba hojalygynyň ösmegine mynasyp goşant goşan öňdebaryjy kärendeçileri, mehanizatorlary, alym-agronomlary, seçgiçileri we oba hojalygynyň beýleki hünärmenlerini hormatladylar.
Dabara gatnaşyjylaryň arasynda Ministrler Kabinetiniň agzalary, Mejlisiň ýolbaşçylary, Türkmenistanda resmi taýdan işleýän diplomatik wekilhanalaryň baştutanlary, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri, ylym, medeniýet we sungat işgärleri, hormatly ýaşulular, paýtagtyň we welaýatlaryň häkimlikleriniň wekilleri, talyp ýaşlar, ýaşaýjylar hem-de paýtagtymyzyň myhmanlary bar. Myhmanlaryň hatarynda şu günler Aşgabatda geçirilen Türkmenistanyň pagta önümleriniň IV halkara sergi-ýarmarkasyna we “Türkmenistanyň pagta önümleri we dünýä bazary” atly halkara maslahata gatnaşan köpsanly daşary ýurtlylar bar.
Ýokary hasyl ussatlarynyň, belli kärendeçileriň şöhratly zähmetiniň we elbetde, türkmen topragynyň berekediniň hormatyna bu ýerde Türkmenistanyň obasenagat toplumynyň gazananlarynyň köpdürli sergisi guraldy. Ýörite ugurly edaralaryň wekilleri tarapyndan taýýarlanan bölümlerde pagtaçylyk we gaýtadan işlenen pagta önümleriniň, däneçilik pudagynyň, maldarçylygyň, azyk we dokma senagatynyň önümleri, tohumlaryň ýokary sortlarynyň nusgalary, oba hojalyk ulaglarynyň maketleri, esasy oba hojalyk tehnikalarynyň görnüşleri görkezildi.
Türkmen heýkeltaraşlary, suratkeşleri, zergärleri serginiň owadan döredijilikli bölegini gurap, daýhanlaryň şöhratly zähmetine mähriban Watanymyza bolan söýgä bagyşlanan iň oňat işlerini görkezdiler. Dabaranyň myhmanlary we oňa gatnaşyjylar ýaş suratkeşleriň işlerini hem gyzyklanma bilen synladylar. Sungatyň bu ýoluna täze gadam goýýan ýaşlar owadan öwüşgünleri bilen topragymyzyň berekedini, mähriban Watanymyzyň gözelligini doly beýan etdiler.
Milli medeniýetiň, däp-dessurlaryň we adatlaryň ruhy bilen baýlaşan baýramçylygyň öwüşgünini halk bagşy sazandalaryň, pälwanlaryň hem-de göreşe we dürli milli oýunlara gatnaşýan türkmen jigitleriniň çykyşlary artdyrdy. Welaýatlaryň hem-de paýtagtymyzyň estrada aýdymçylary, aýdym-saz toparlary hem öz döredijiliklerini myhmanlara görkezdiler. Baýramçylyk görnüşinde bu ýerde bezelen ak öýlerde bolsa halkymyza gadymdan bäri mahsus bolan hoşniýetlilik we myhmansöýerlik bilen bu ýere gelen myhmanlara milli tagamlary hödürlediler. Şol milli naharlary bolsa türkmen zenanlary ak öýlerden uzakda bolmadyk ýerlerde gazanlarda atarypdyrlar. Türkmen palawynyň, pişmesiniň ajaýyp ysy tutuş baýramçylyk meýdançasyna ýaýrap, dabara gatnaşyjylaryň ählisini bereketli saçagyň başyna çagyrdy. Şunuň ýaly baýramçylyk pursatlary umumymilli toýuň özboluşly ruhuny döretdi.
Hasyl toýy ýurdumyzda her ýylda giňden we şowhunly bellenip, oba hojalyk ýylynyň tamamlanýandygyny aňladýar we onuň netijelerini jemleýär. Şunuň bilen birlikde, ol türkmen topragynyň baýlygyny, oba zähmetkeşleriň zähmetsöýerligini, daýhanlarymyzyň yhlasly elleri bilen ýetişdirilen ýokary hasyly, saçagyň berekedini şöhratlandyrýar. Hasyl toýy pagta taýýarlamak boýunça şertnamalaýyn borçnamalaryna üstünlikli hötde gelen ýurdumyzyň pagtaçylarynyň şu ýylky uly üstünligini hem dabaralandyrýar.
Hasyl toýy mynasybetli ýurdumyzyň ähli künjeklerinde däp boýunça medeni-köpçülikleýin, jemgyýetçilik çäreleri – konsertler, sergiler, maslahatlar, teatr we sport görkezme çykyşlary we beýlekiler dabaraly geçirilýär. Baýramçylygyň barşynda ýurdumyzyň paýtagtynda hem bolşy ýaly, welaýatlaryň atçylyk sport toplumlarynyň meýdançalarynda dabaraly çäreler giňden guraldy. Olarda tüýs ýürekden şatlyk we halkyň guwanjy, Watanymyzyň üstünlikleri üçin belent buýsanç duýgulary ruhlary galkyndyrdy. Baýramçylyk sahnalarynda zähmetsöýer türkmen daýhanlaryny wasp etdiler, meşhur estrada aýdymçylary we artistleri, görnükli bagşylar, iň oňat falklor we tans toparlary, ýaş we tejribeli türgenler çykyş etdiler.
Taryhy müňýyllyklardan gaýdýan Türkmenistanyň gadymy we baý ekerançylyk medeniýeti häzirki wagtda ösüşiň täze derejesine çykýar. Türkmenlerde topraga, suwa aýawly garamak ýaly gadymdan mahsus häsiýetler saklanyp galdy we biziň günlerimizde has-da ösüdrildi. Muňa uly ähmiýet berilýär. Ýerleriň hasyllylygy netijeli ýokarlanýar, önümçilikde oba hojalyk önümlerini damjalaýyn usulda suwarmak ulgamy peýdalanylýar, öndürijilikli tehnikalar we enjamlar satyn alynýar, tohumçylykda we sort-synag işinde, täze ýerleri özleşdirmekde, iň täze tehnologiýalary peýdalanmak esasynda önümleri gaýtadan işlemekde we öndürmekde uly işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzda daýhanlaryň ýokary öndürijilikli zähmet çekmegi, ýokary hasyl ösdürip ýetişdirmegi, asylly zähmetleriniň hözirini görüp, hal-ýagdaýlaryny yzygiderli ýokarlandyrmagy üçin hemme şertler döredildi. Daýhanlar ýeňillikli tölegler boýunça mineral dökünleri, tohumlary, oba hojalygyndaky zyýankeşleriň garşysyna göreşmek üçin himiki serişdeleri satyn alýarlar. Oba hojalyk önümleriniň satyn alyş nyrhlary ýokarlanýar, her ýylda daýhanlaryň bähbidine ýurdumyzda olaryň tabşyran önümleri üçin maliýe hasaplaşyk ulgamy kämilleşdirilýär. Döwletiň uly goldaw bermegi netijesinde pudagyň önüm öndürişiniň möçberi yzygiderli ösdürilýär.
Paýtagtymyzda Hasyl toýunyň resmi bölegi atçylyk sport toplumynyň binasynyň öňündäki ýörite enjamlaşdyrylan sahnada geçirildi. Bu ýere ýygnananlar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň edermen oba zähmetkeşlerine, hasyl ussatlaryna we ähli halkyna iberen Gutlagyny uly üns bilen diňlediler. Milli Liderimiziň nygtaýşy ýaly, eziz Watanymyzyň ähli babatda ösüşleriň täze belentliklerine göterilýän ajaýyp zamanasynda hasyl ussatlarynyň tutanýerli, halal zähmetlerinden bol hasyl eçilýän bereketli türkmen topragynyň, edermen babadaýhanlaryň zähmet ýeňişleriniň şanyna tutulýan Hasyl toýy halkymyzyň iň buýsançly baýramlarynyň biridir. Oba hojalyk önümleri öndürijilere ykdysady ýeňillikleriň berilmegi, öňdebaryjy kärendeçileriň we ýer eýeleriniň, ussat mülkdarlaryň zähmetine ýokary baha berilmegi ýurdumyzda daýhan zähmetine belent sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr. Gadymdan gelýän daýhançylyk däplerini häzirki zaman ylmynyň gazananlary bilen utgaşdyryp, ýokary hasyl almagy başarýan ussat babadaýhanlara geljekde hem çekýän zähmetiniň hözürini görüp, bagtyýar durmuşda ýaşamak, şeýle hem ýaş, başarjaň daýhan neslini terbiýeläp ýetişdirmek üçin ýurdumyzda zerur şertler döredilýär.
Döwlet Baştutanymyzyň Gutlagy şowhunly el çarpyşmalar bilen garşylandy. Dabara paýtagtymyza ýurdumyza ähli welaýatlaryndan gelen oba hojalygynyň öňdebaryjy hünärmenlerini sylaglamak bilen dowam etdirildi. Watanymyzyň obasenagat toplumynyň ösmegine uly goşant goşan iň oňat kärendeçilere, alymlara, oba hojalykçylara, mehanizatorlara hormatly Prezidentimiziň adyndan gymmat bahaly sowgatlar gowşuryldy.
Dabara gatnaşyjylar hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul etdiler. Onda oba hojalyk pudagynyň işgärleri barada edýän yzygiderli aladasy we hemişelik berýän ünsi üçin milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirilip, ýurdumyzyň obasenagat toplumyny mundan beýläk-de ösdürmek üçin ähli tagallalaryň gaýgyrylmajakdygy ynandyrylýar.
Ýurdumyzyň obasenagat toplumynyň işgärleriniň adyndan hormatly Prezidentimize ajaýyp ahalteke bedewi sowgat berildi.
Paýtagtymyzyň aýlawynda Hasyl toýy baýramçylyk at çapyşyklary bilen dowam etdi. Çapyşyklar milli dabaralara bagyşlanyp guraldy. Geçirilen ýedi çapyşygyň netijeleri boýunça ýeňijilere mynasyp bolan baýraklary gowşuryldy.
Uly baýramçylygyň öňýanynda türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň döwlet medeniýet merkeziniň Mukamlar köşgünde ýurdumyzyň medeniýet we sungat ussatlarynyň uly baýramçylyk konserti geçirildi. Hasyl toýuna bagyşlanan baýramçylyk dabaralary konsert agşamlary ýurdumyzyň welaýatlarynda hem geçirildi.
Türkmen sazandalary, aýdym-saz we tans toparlary özleriniň ajaýyp döredijilik çykyşlary bilen babadaýhanlarymyzyň asylly zähmetini, ägirt uly ýeňişlerini hem-de Berkarar döwletimihziň bagtyýarlyk döwründe ýurdumyzyň şöhratly üstünliklerini wasp etdiler.