Ï Özara gyzyklanma bildirilýän ulgam – adaty hytaý lukmançylygy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özara gyzyklanma bildirilýän ulgam – adaty hytaý lukmançylygy

view-icon 911
Pekiniň adaty lukmançylyk uniwersitetiniň rektory Su Anlongyň ýolbaşçylygyndaky wekilýet Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň professor-mugallymlar düzümi we talyplary bilen duşuşdy. Duşuşygyň barşynda hyzmatdaşlygyö gelejegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şu ýylyň ýaz paslynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Hytaý Halk Respubliksayna bolan resmi saparynyň çäklerinde Pekiniň adaty lukmançylyk uniwersitetine baryp gördi. Bu ýerde Türkmen döwletiniň baştutanyna bu ýokary okuw mekdebiniň hormatly profesory diýen at berildi.Türkmen döwletiniň baştutany minnetdarlyk sözi bilen çykyş edip, ýakyn iktaraplaýyn gatnaşyklary, hususan-da Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti bilen Pekiniň adaty hytaý lukmançylyk uniwersitein arasynda gatnaşyklary ösdürmäge, ylmy usulýet we tejribe alyşmaga çagyrdy.

Pekiniň adaty lukmançyyk uniwersitetiniň rektory Su Anlongyň belleýşi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň lukmançylyk ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ýola goýulan hyzmatdaşlyk gatnaşyklary – Hytaýyň we Türkmenistanyň liderleriniň hytaýyň lukmançylygyny Türkmenistanda ösdürmek, siziň ýurduňyzyň lukman hünärmenlerini müňlerçe ýy taryhy bolan hytaý halkynyň lukmançylygynyň mümkinçiliklerigi baradky bilimi bilen baýlaşdyrmak baradaky ylalaşyklarynyň netijesidir.

- Lukmançylyk tehnologiýalarynyň çalt depginler bilen ösdürilýändigine garamazdan, köp adamlar müň ýyllyklaryň dowamynda özüniň netijeliligini görkezen tebige derman serişdelerine esaslanýan adaty lukmançylyga höwes bildirýärler. Onuň üstesine hem eger-de häzirki zaman derman serişdeleri bilen deňeşidrlende olaryň iň az goşmaça täsiri bar. Mundan hem başga, ýakynlarda dörän birnäçe keseller, meselem süýji keseli, üçin häzirki zaman ýewropa lukmançylygynda aňrybaş netijeli bejeriş ýok, adaty hytaý lukmançylygynda bolsa bar.


Siziň ýurduňyzda hem halk lukmançylyny, hususan-da dermanlyk ösümliklerini, öwrenmäge uly üns berilýär. Siziň hormatly Prezidentiňiz olara bagyşlap kitap ýazypdyr. Bu biz üçin keselleriň öňüni almakda we bejermekde Türkmenistanda ösýän ösümlileri ulanmakda ylmy gözlegleri geçirmek üçin örän ajaýyp binýat bolup durýar.

Biziň uly arzuwymyz – Türkmenistanda birnäçe hyzmatlary ýerine ýetirjek lukmançylyk merkezini gurmakdan ybaratdyr. Ilkinji nobatda ol dürli keselleri bejermek boýunça merkez bolar. Şeýle hem ol öwreniş merkezi bolar - onuň binýadynda adaty hytaý lukmançylygy boýunça hünärmenleri taýýarlap bolar. Elbetde, ol biziň lukmançylyk ýokary okuw mekdeplerimiz bolan Pekiniň adaty lukmançylyk uniwersiteiniň we Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň hyzmatdaşlyk merkezi bolar. Ol düýpli we praktiki ähmiýetli gözlegleri geçirmekde özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlarynyň biri bolar.

Şeýle hem Su Anlong Pekiniň adaty hytaý lukmançylyk uniwersiteiniň her ýylda türkmen talyplaryny okatmaga kabul etmäge taýýardygny belledi. Bu ýokary okuw mekdebinde hytaý lukmançylygy, farmasewtika, derman serişdelerini öndürmek boýunça okuwlar alnyp barylýar. Okuwlar hytaý, iňlis, nemes we rus dillerinde alnyp barylýar. Ýöne, jenap Su Anlongyň talyplar bilen bolan söhbetdeşliginde belleýşi ýaly, adaty hytaý lukmançylyk bilimine doly eýe bolmak üçin hytaý dilini bilmek hökmandyr. Sebäbi onuň esasynda öz filosofiýasy ýatyr. Ol bolsa hytaý lukmançylygyny ýewropanyňkydan düýpli tapawutlandyrýar.

Şeýle hem uniwersitetde iň häzirki zaman lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen klinikalaryň dördüsi bardyr. Bu ýerde her ýylda alty milliondan gowrak adam öz saglyklaryny bejerdýärler. Bu ýerde talyplaryň iş tejribesini geçirmäge mümkinçilikleri bardyr. Uniwersiteti ösdürmegiň maksatlarynyň biri hem adaty hytaý lukmançylyk ulgamynda halkara tejribelerini we bilimlerini alyşmak, onuň häzirki zaman lukmançylygy bilen goşulyşmagy bolup durýar. Uniwersitet talyplary alyşmak maksatnamasyndan başga hem dünýäniň 23 ýurudunyň bilim we ylmy institutlary bilen bilelikdäki gözleg işlerini geçirýär.