Ï Parahat-7 jaýayş jaý toplumy gurulýar we abadanlaşdyrylýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Parahat-7 jaýayş jaý toplumy gurulýar we abadanlaşdyrylýar

view-icon 715
Golaý iki ýylda dokuz gatly ýaşaýyş jaýlarynyň 60-sy, sagyk öýi, her biri 160 orunlyk çagalar baglarynyň 8-si we her biri 600 orunlyk umumy bilim berýän mekdepleriň 4-si paýtagtyň Parahat-7 ýaşaýyş jaý toplumynyň üstüni ýetirer

Aşgabat şäher häkimligi ýerli gurluşyk kärhanalary bilen desgalaryň taslamasyny düzmek we gurmak hem-de olaryň ýekyn ýerlerini abadanlaşdyrmak barada şertnama baglaşar.


Gurluşyk işleri Türkmenistanyň Prezidentiniň Kararyna laýyklykda amala aşyrylar. Resminama laýyklykda, gurluşyk işlerine 2014-nji ýylyň dekabr aýynda başlamak hem-de 2016-njy ýylyň dekabr aýynda desgalary doly taýýar görnüşinde ulanmaga bermek borçly edildi.

Resminamada geljekki binalaryň Aşgabat şäheriniň arhitektura-şähergurluşyk keşbini özgertmäge, biziň ýurdumyzyň ilatynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini gowlandyrmaga goşant goşmalydygy, ilaty häzirki zaman ýaşayş jaýlary bilen üpjün etmäge hyzmat etmelidigi nygtalýar.