Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Bagabat şäherçesiniň golaýynda Türkmenistanyň hukuk goraýjy edaralary tarapyndan geçirilen birnäçe ýörite işleriň barşynda elden alnan neşe serişdeleriniň uly tapgyryny ýok etmek boýunça çäre geçirildi. Türkmenistanyň Hökümeti tarapyndan guralan bu çärä Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň ýanyndaky neşekeşlige garşy göreş boýunça utgaşdyryjy topar we Türkmenistanyň Sagdyn jemgyýet howpsuzlygyny goraýyş döwlet gullugy tarapyndan guralan çärä harby we hukuk goraýjy edaralarynyň, jemgyýetçilik guramalarynyň ýolbaşçylary, daşary döwletleriň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň barşynda 200 kilogramdan gowrak neşe serişdeleri ýok edildi, munuň özi türkmen döwletiniň we biziň jemgyýetimiziň häzirki döwürde tutuş adamzat üçin howply wehimleriniň birine garşy berk durulmagyna ygrarlydygyny aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama öwrüldi.
Elden alnan neşe maddalary ýok edilmänkä, ýygnananlara görkezildi. Şondan soňra haltalar we düwünçekler yzly-yzyna ýörite peçlere oklanýar. Galyberse-de, bu haýyrly işe gatnaşýak isleýänleriň her biri gadagan edilen harytly düwünçegi peçe oklamaga mümkinçilik döredidi. Ýeri gelende aýtsak, bu peçler halkara kadalaryna laýyklykda guruldy hem-de neşe serişdeleriniň dolulygyna ýok edilmegini kepillendirýär. Şo serişdeler bellenilen düzgünlere laýyklykda hem-de hukuk goraýjy edaralarynyň işgärleriniň gözegçilik etmeginde ýok edildi.
Ýygnananlar bu çäräniň möhüm ähmiýete eýedigini belläp, Türkmenistanyň neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna we jenaýatçylyga garşy göreşe ygrarlydygyny oňladylar. Ýurdumyz parahatçylyga we giň halkara hyzmatdaşlygyna mahsus ýörelegelere esaslanýan syýasaty ýöredip, dünýä bileleşiginiň häzirki döwürdäki wehimlere garşy göreşmek ugrundaky bilelikdäki tagallalaryna işjeň goşulýar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasy bilen özara arkalaşykly hereket edip, neşe serişdeleriniň we psihotrop maddalarynyň bikanun dolanyşygyna garşy göreş boýunça BMG tarapyndan 1961-nji, 1971-nji we 1988-nji ýyllarda kabul edilen Halkara konwensiýalarynyň 3-sine işjeň gatnaşýar hem-de 2012-2015-nji ýyllarda BMG-niň neşe Serişdeleriniň Agzasy bolup durýar.
Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedow neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreşi içeri we daşary syýasatyň ileri tutulýan ugurlarynyň hatarynda görkezýär. Milli Liderimiziň baglangyjy boýunça ýurdumyzda Sagdyn jemgyýet howpsuzlygynyn goraýyş döwlet gullugy döredildi. “2011-2015-nji ýyllarda neşe serişdeleriniň bikanun dolanyşygyna garşy göreş hem-de neşe serişdelerine we psihotrop maddalara mätäç adamlara kömek bermek boýunça Iş meýilnamasyna laýyklykda, neşe serişdeleriniň gizlin getirilmeginiň öňüni almak hem-de neşekeşligi ýüze çykarmak we öňüni almak boýunça giň gerimli çäreler amala aşyrylýar. Tutuş ýurdumyz boýunça düşündiriş işleri işjeň ýagdaýda geçirilýär, muňa hukuk goraýjy edaralary bilen birlikde, saglygy goraýyş bilim edaralary we jemgyýetçilik guramalary goşuldy. Häzirki wagtda trükmen jemgyýetinde ýaramaz endiklere garşy durmagyň has oňaýly ýoly hökmünde sportuň, sagdyn durmuş ýörelgeleriniň meşhurlygy barha artýar.
Neşe serişdelerini ýok etmek boýunça geçirilen çäre Türkmenistanyň parahatçylygy, durnuklylygy we yzygiderli ösüşi pugtalandyrmak işine ygrarlydygyny aýdyň görkezýän nobatdaky subutnama hem-de häzirki döwürdäki wehimlere we howplara garşy durmak ugrundaky ählumumy tagallalara goşulýan täze anyk goşanda öwrüldi.
Bu çärä gatnaşyjylar Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowa ählumumy howpa garşy durmakda hem-de sebitde we tutuş dünýäde howpsuzlygy üpjün etmekde möhüm ähmiýete eýe bolan bu asylly başlangyja goşulmaga mümkinçilik döredilendigi tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.