Ine Täze 2015-nji ýyl başlandy, sabyrsyzlyk bilen garaşylýan bu baýramçylyk elmydama täze ajaýyp isleg-arzuwlar garşylanýar. Bu şadyýan we şowhunly baýramçylyk aýratyn-da çagalarda ýatdan çykmajak täsirleri galdyrýar. Şunda tolgundyryjy duşuşyklar bolýar, köp sanly süýji nygmatlar we garaşylmadyk ýakymly sowgatlar berilýär, munuň özi bu baýramçylyk barada ýakymly ýatlamalary döredýär.
Biziň ýurdumyzda Täze ýyl halkymyz tarapyndan iň oňat görülýän baýramçylyklaryň biri bolup durýar. Däp bolşy ýaly, bu baýramçylyk guramaçylyk taýdan ýokary derejede, giňden, şadyýanlyk bilen we dabaraly hem-de parahatçylyga, ýagşylyga, şatlyk-şagalaňa we myhmansöýerlige mahsus ýagdaýda garşylanýar. Ýurdumyzyň paýtagtymyzdaky “Älem” medeni-dynç alyş merkeziniň meýdançasynda goýlan owadan Baş arçasynyň ýanynda aşgabatlylaryň we paýtagtyň myhmanlarynyň müňlerçesi ýygnanýarlar. Türkmenistanyň ähli künjenklerinde, şäherleriň we obalaryň açyk sahna meýdançalarynda goýlan dürli yşyklar, girlýandlar we oýnawaçlar bilen bezelen ýaşyl arçalaryň ýanynda tanymal artistleriň we çeper höwesjeňleriň toparlarynyň gatnaşmagynda sahnalaşdyrylan tomaşalar we konsertler guralýar.
Ýurdumyzyň Baş arçasynyň ýanynda paýtagtymyzyň çagalary we welaýatlardan gelen myhmanlar ýygnanýarlar, olar arçanyň gözelligini hem-de “Älem” meýdançasyndaky şäherjikde Täze ýyla mahsus çärelere syn edýärler. Baş döwlet Täze ýyl arçasynyň ýanyndaky şowhunly tomaşa hemmeler bilen birlikde, “Döwletliler köşgünde” terbiýelenýänler, okuwda tapawutlanan mekdep okuwçylary, intellektual olimpiadanyň ýeňijileri, döredijilik we sport, şol sanda halkara derejesindäki bäsleşikleriň ýeňijileri bolan ýaşlar gatnaşýarlar. Tomaşalar merkeziniň zallaynda-da çagalar üçin dürli çäreler guralýar. Bu ýerde çagalar attraksionlarda aýlanýarlar, kompýuterde başdan geçirmeleriň we oýunlaryň dünýäsine gyzyklanma bilen aralaşýarlar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan gowşurylan ajaýyp sowgatlar dabara gatnaşýan ýaşlarda baýramçylyk babatda ýatdan çykmajak täsir galdyrdy. Döwlet Baştutanymyzyň adyndan “Döwletliler köşgünde” terbiýelenilýänlere ýörite sowgatlar berildi.
Täze ýylyň ilkinji gününde ýaş türkmenistanlylar “Älem” medeni-dynç alyş merkezindäki täsin galdyrýan ertekiler şäherjigine, Türkmenistanyň Döwlet sirkine, Maslahat köşgine döredijilik toparlarynyň gatnaşmagynda ýatdan çykmajak baýramçylyk dabaralaryna syn etmäge çagyryldy. Bu döredijilik toparlary çagalar üçin täsirli çykyşlary taýýarladylar. Olaryň öňünde estrada aýdymçylary, teatrlaryň artistleri, tans toparlary çykyş edip, ýaş tomaşaçylarda şadyýan baýramçylyga mahsus bolan ýakymly täsirleri galdyrdylar. Bu meýdançalarda çagalaryň bagtyýar gülküsi ýaňlanýar, çagalar tomaşaçylara höwes bilen goşulyşýarlar we olara süýji nygmatlar hödürlenýär. Täze ýyl baýramçylygyna bagyşlanyp, arçalaryň ýanyndaky şowhunly çykyşlar, garaşylmadyk sowgatlar, täze tanyşlyklar, ýakymly täsirler mekdep okuwçylarynyň gyşky dynç alyş döwründe ýaş aşgabatlylary we paýtagtyň myhmanlaryny begendirer.
Gyşky dynç alyş döwründe “Älem” medeni-dynç alyş merkezindäki tomaşalar guralar hem-de paýtagtymyzdaky teatrlarda, kionokonsert zallarynda we sirkde, Gökderede çagalar üçin niýetlenen sagaldyş merkezlerinde baýramçylyga bagyşlanyp ertekilerdäki söýgüli gahrymanlar bilen duşuşyklar geçiriler, bulara ähli şäherlerden we welaýatlardan ýaş türkmenistanlylaryň müňlerçesi syn eder.
Dürli reňkdäki yşyklar we girlýandlar dakylan owadan arçalar, bularyň daş-töwereginde baýramçylyga mahsus görnüşde bezelen meýdançalar, arçalaryň we süýji nygmatlaryň ýakymly ysy, tomaşalara gatnaşýanlaryň owadan lybaslary diňe Täze ýyl baýramçylygyna mahsus bolan ýatdan çykmajak täsirleri döretmegi dowam edýär.
Ýaş nesil barada hemmetaraplaýyn alada etmek, ýaş türkmenistanlylaryň her biriniň intellektual we döredijilik ukyplaryny ösdürmek üçin amatly şertler döretmek-- hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň döwlet syýasatynyň möhüm ugry bolup durýar. Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bagtyýar we sazlaşykly ösýän çagalar ýurdumyzyň abadançylygynyň iň oňat görkezijisidir. Olar üçin Türkmenistanyň ähli künjeklerinde owadan, döwrebap mekdepler, mekdebe çenli çagalar edaralary, sport meýdançalary we stadionlar, medeni we dynç alyş merkezleri gurulýar we bularyň gurluşygy dowam edýär. Şeýle hem Hazar deňziniň kenar ýakasynda we Aşgabadyň etegindäki ajaýyp Gökderede gurlan täze sagaldyş merkezleri, zoologik toplum-Milli janly tebigy muzeý çagalar üçin ajaýyp sowgada öwrüldi. 2012-nji ýylda bolsa paýtagtymyzda çagalar we ýetginjekler üçin “Älem” tomaşalar köşgi guruldy, binagärlik çözgüdi we tehnologik taýdan üpjün edilişi boýunça bu köşk häzirki wagtda çagalaryň we ulularyň has gelim-gidimli ýerleriniň birine öwrüldi.
Täze ýyl türkmenistanlylar tarapyndan gowy görülýän baýramçylyklaryň biri bolup durýar, bu baýramçylyk çagalara şatlyk paýlaýar, olar esasy gahrymanlar Aýazbaba we onuň agtyjagy Garpamyk bilen duşuşyklara sabyrlsyzlyk bilen garaşýarlar, olaryň gelmegi bilen, şadyýan baýramçylyk dabaralarynyň şowhuny artyp, hakyky ertekä öwrülýär diýen ýaly, bu ýagdaý çagalarda we ulularda ýakymly täsr galdyrýar. Çagalar baglarynda we mekdeplerde, teatrlarda we medeniýet merkezlerinde Täze ýyla bagyşlanan irki tomaşalar, aýdym-sazly we sahnalaşdyrylan çykyşlar guralýar.
Täze ýyla bagyşlanan köp sanly tomaşalarda çagalar üçin entek ýakymly pursatlar garaşýar. Olar üçin täsirli oýunlar, bäsleşikler, Aýazbaba we onuň kömekçisi Garpamyk, ertekilerdäki we multfilmlerdäki söýgüli gahrymanlar, şeýle hem 2015-nji ýylyň nyşany diýlip hasaplanýan goýuny şekillendirýänler bilen duşuşyklar guralar.
Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Medeniýet ministrlilgi hem Telewideniýe, radiogepleşikler we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti, paýtagtymyzyň we welaýatlaryň häkimlikleri tarapyndan guralýan baýramçylyk çäreleri mekdep okuwçylarynyň dynç alyş gnülerinde dowam eder we 10-njy ýanwarda tamamlanar. Şu döwürde paýtagtymyza gelýän ýaş türkmenistanlylar üçin Aşgabat, dynç alyş merkezleri, teatrlary we paýtagtymyzyň gözel künjekleri boýunça gyzykly gezelençler guralar.