Şu gün Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň Gämi obasynda Türkmenistanyň Gahrymany, Türkmenistanyň “Hormatly Il-ýaşulusy”, belli oba hojalyk işgäri Myratberdi Sopyýewiň 85 ýaşynyň dolmagy mynasybetli dabara geçirildi. Welaýatyň medeniýet işgärleriniň aýdym-sazly çykyşlary bu çärä aýratyn öwüşgin çaýdy.
Gämi obasyndaky häzirki zaman Medeniýet öýünde geçirilen dabarada çykyş edenler tutuş ýurdumyza belli bolan, Türkmenistanyň oba hojalyk pudagyny ösdürmäge uly goşant goşan Myratberdi aganyň durmuş ýolunyň tapgyrlary, onuň ekerançylygyň netijeliligini ýokarlandyrmak arkaly azyk önümleriniň bolçulygyny üpjün etmekde eýelän mynasyp orny hakynda gürrüň berdiler.
Hormatly il ýaşulusynyň, meşhur oba hojalyk işgäriniň hormatyna geçirilen dabarada oňa hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň adyndan ýörite sowgatlaryň gowşurylmagy, milli Liderimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny ösdürmäge içgin üns berýändiginiň, Watanymyz üçin örän wajyp bolan bu pudagyň ösdürilmegine tutuş ömrüni bagyş eden Myratberdi aga ýaly tanymal ekerançylara döwlet derejesinde belent sarpa goýulýandygynyň nyşanydyr.
Dabarada çykyş edenleriň belleýişleri ýaly, Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň dürli ýyllardaky ösüş tapgyrlary Myratberdi Sopyýewiň ady bilen baglanyşyklydyr.
M.Sopyýew öz gezeginde ýurdumyzyň oba senagat toplumyny ösdürmek, bu pudakda işleýän adamlaryň durmuş derejesini ýokarlandyrmak barada hemmetaraplaýyn alada edýändigi üçin, häzirki wagtda Türkmenistanyň oba hojalyk pudagynyň belent sepgitlere eýe bolandygy, bu pudakda giň gerimli özgertmeleriň geçirilýändigi hem-de öz şahsy zähmetine berlen ýokary baha üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden alkyş sözlerini aýtdy.
Soňra berlen toý sadakasynda “Hormatly il ýaşulusynyň” ýaşynyň uzak bolmagy, hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli tutumlarynyň rowaç almagy dileg edildi.