Ï Gyşky deňiziň kenaryndaky dynç alyşlar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Gyşky deňiziň kenaryndaky dynç alyşlar

view-icon 704
Ýanwar aýynyň şu günlerinde Awazanyň “Daýanç” sagaldyş merkezi aýratyn şagalaňa eýe boldy. Bu ýerini - Hazaryň kenaryny biziň ýurdumyzyň ähli künjeginden gelen ýüzlerçe çagalaryň şadyýan sesleri we gülküleri gurşap aldy. Olaryň arasynda mümkinçilikleri çäkli bolan çagalar hem bar. Olar üçin bejeriş we gyzgalaňly dynç alyşy kärdeşler arkalaşygynyň paýtagtyň we welaýatlaryň birleşikleri guradylar. Özi hem çagalar bu ýere öz ene-atalary bilen geldiler.

Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkezine degişli bolan “Daýanç” saglygyňy berkitmek üçin hyzmatlaryň köp görnüşini ýerine ýetirýär. Aýratynlykda ýerleşýän iki gatly bejeriş korpusynda lukmanlaryň görkezmesi boýunça ýodbromly (onuň gözbaşy azyndan bir kilometrlikde ýerleşýär) we ösümlk wannalaryny kabul edip bolýar. Ony palçyk terapiýasy bilen gezekleşip alyp bolýar. Asly wulkandan gelip çykan gyzgyn daşlary ulanmak uly meşhurlykdan peýdalanýar. Fizoterapiýa bölümi häzirki zaman enjamlar toplumy bilen üpjün edilendir.


Bu ýerde umumylykda sagaldyş-dikeldiş hyzmatlarynyň onlarçasy berilýär. Şu täze ýylda olaryň görnüşleri has hem giňeldiler. Sebäbi Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşygynyň Milli merkeziniň goldamagynda lukmançylyk enjamlarynyň iň gowy görnüşleriniň nusgalaryny satyn almak meýilleşdirilýär. Umuman, bu ýerde döredilen myhmansöýerlik we ýokary hilli hyzmat ediş bilen baýlaşdyrylan aladalar hem ulularyň, hem çagalaryň minnetdarlygyna mynasyp bolýar.

“Daýanç” sagaldyş merkezine çagalar döredijilik festiwallaryny geçirmek üçin dünýäniň dürli ýurtlaryndan ýaş zehinler gelýärler. Çagalar wekiliýetleriniň ýolbaşçylary bu ýerde dynç almak üçin döredilen şertleriň dünýäniň meşhur çagalar sagaldyş merkezlerinden hiç bir pes däldigini tassyklaýarlar.