Ï Täze “Saglyk” döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanmaga başlandy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Täze “Saglyk” döwlet maksatnamasy işlenilip taýýarlanmaga başlandy

view-icon 3998
2015-nji ýylda 1995-nji ýylyň 21-nji iýulynda kabul edilen “Saglyk” Döwlet maksatnamasynda göz öňünde tutulan işler tamamlanar. Onuň ornuna täze “Saglyk” döwlet maksatnamasy geler. Döwlet baştutanynyň tabşyrygy boýunça eýýäm Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi beýleki hyzmatdaş edaralary bilen ony işläp taýýarlamaga girişdi.

Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň maslahatlar zalynda iş maslahaty geçirildi. Oňa ministrlikleriň hünärmenleri, paýtagtyň keselhanalarynyň we welaýatlaryň saglygy goraýyş müdirlikleriniň ýolbaşçylary, şeýle hem birnäçe edaralaryň, jemgyýetçilik we saglygy goraýyş ulgamynda dürli milli we döwlet maksatnamalarynyň durmuşa geçirilmegine gatnaşýan halkara guramalarynyň wekilleri garnaşdylar. Gün tertibine “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň kabul edilmeginiň ýigrimi ýyly içinde amala aşyrylan işleriň jemlerine we ýurduň saglygy goraýyş ulgamyny mundan beýläk hem ösdürmegiň esasy ugurlary girizildi.

Maslahata gatnaşyjylaryň belleýişleri ýaly, häzirki wagtda hereket edýän milli saglygy goraýyş ulgamynyň ýokary derejesi abraýly halkara guramalary, ilkinji nobatda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy tarapyndan berk halkara standartlaryna laýyk gelýändigi tassyklandy. Şu ýyllaryň dowamynda döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde olara lukmançylyk hyzmatlaryny etmekde maşgala ýörelgesine geçmek amala aşyryldy. Bu bolsa lukman hünärmenlerini taýýarlamak meselesine gaýtadan çemeleşmegi we bejergä öňdebaryjy usullary ornaşdyrmagy talap edýärdi., türkmenistanlylaryň durmuş ýörelgesine öwrülen meýletin döwlet lukmançylyk ätiýaçlandyrmasy girizildi.

Ätiýaçlandyrylan raýatlara berilýän ýeňillikleriň arasynda derman serişdelerini we lukmançylyk ähmiýetli önümleri satyn almaga 90 göterim inderimiň, döwlet saglygy goraýýyş edaralarynyň tölegli lukmançylyk hyzmatlarynyň ähli görnüşine, şeýle hem Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň düzümine girýän şypahanalara ýylda bir sapar ýollanma almaga 50 göterim indermäniň bardygyny ýatlap geçeliň.

Ýurduň saglygy goraýyşyny tapgyrlaýyn özgertmek bejeriş edralarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmegi, olaryň durkuny täzelemegi we täzeden enjamlaşdyrmagy, işgärleri taýýarlamagy, şol sanda daşary ýurtlarda hem, şeýle hem ýerli çig maldan derman önümleriniň önümçiligini nazarlaýan lukmançylyk senagatyny döretmegi, farmasewtika ulgamynda ylmy gözlegleriň ösdürilmegini höweslendirmegi öz içine alýardy. Özgertmeleriň esasy ugurlarynyň biri hem lukmançylyk hyzmatlaryny bermegiň halkara standartlaryna laýyk gelmegine gönükdirilen öňdebaryjy lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen iň häzirki zaman keselhanalaryň döredilmegi bolup durýar. Şu ýyllaryň dowamynda halkara hyzmatdaşlygy – Ýewropanyň lukmançylyk merkzleri bilen hyzmatdaşlyk, giň tejribe alyşmak işjeň ösdürildi. Bilelikdäki ylmy gözleglere, ylmy maslahatlary, sergileri we maslahatlary guramaga uly üns berildi.

Ýurduň saglygy goraýyş ulgamy soňky on ýylyň dowamynda has hem ösdürildi. Ýurduň ähli ýerinde häzirki zaman lukmançylyk merkezlerini – öňüni alyş, “Ene mähri” enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezleini gurmak ösdürildi. Giň göwrümli ösgertmeler oba ýerlerindäki saglygy goraýyş edaralaryna hem degip geçdi. Ol köp ugurly welaýat keselhanalaryny, olaryň etrap bölümlerini, oba saglyk öýlerini we merkezlerini öz içine aldy. Lukmançylyk ylmynyň soňky gazananlary bilen üpjün edilen ýurduň dynç alyş öýleriniň we şypahanalarynyň täze häzirki zaman bölümleri sözüň doly manysynda ikinji durmuşa eýe boldular. Ýurduň adaty dynç alyş we saglygy dikeldiş merkezlerinden başga hem, şypahanalar we keselleriň öňüni alyş edaralary döredildi. Hazaryň ekologiýa taýdan arassa kenarynda bolsa, halkara derjelerine laýyk gelýän dynç alyş zolagy – “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy döredilýär. Bu ýerde eýýäm onlarça myhnanhana we “aňrybaş” derejeli sagaldyş merkezler we ýüzlerçe beýleki desgalar, şol sanda dynç alýanlaryň saglyklaryny dikeltmek üçin ýokary derejeli oňaýylyklaryň bolmagyny üpjün edýän sport desgalary hereket edýärler.

Ýurduň saglygy goraýyş ulgamynyň ýene-0de möhüm ugurlarynyň biri hem lukmançylyk we farmasewtika senagatyny ösdürilmegini giňeltmek, ýerli çig maldan önümleri öndürmäge gönükdirilen täze kärhanalary döretmek bolup durýar diýlip, maslahatda bellenildi.

Maslahata gatnaşyjylar täze “Saglyk” Döwlet maksatnamasynyň düýbüni esaslandyrmak bilen, diňe bir milli saglygy goraýyş ulgamynyň özgerdilmeginiň we kämilleşdirmegiň ýygrimi ýyllyk tejribesini göz öňünde tutman, eýsem onuň ösdürilmegi hem göz öňünde tutulmalydyr diýip, bellediler. Dürli keselleriň öňüni almak meseleleri, sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmek, ýaramaz endiklere garşy göreşmek, şeýle hem ýurduň ähli künjeklerinde ýokary derejeli lukmançylyk kömeklerini bermek, şypahana-dynç alyş ulgamyny kämilleşdirmek we giňeltmek, ýurduň lukmançylyk we farmasewtiki senagatyny mundan beýläk hem ösdümek täze maksatnamanyň esasy ugrlary bolar.