Ï Özüňi tanatmak
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Özüňi tanatmak

view-icon 4068
Däp bolup gelşi ýaly, Türkmenistanyň Zenanlar birleşigi her ýylyň başynda “Ýylyň zenany” bäsleşigini yglan edýär. Bäsleşigiň maksady -jemgyýetde zenanyň ýokary derejesiniň bolmagyna ýardam bermek, iň zähmetsöýer, jemgyýetçi, maşgala ojagyny we däp-dessurlary saklaýjy zenanlaryny ýüze çykarmak, giň dünýä jemgyýetçiligini biziň zenanlarymyzyň gazananlary bilen tanyşdyrmak bolup durýar.

Bäsleşik – “Ýokary hünär ukyplylygy üçin”. “Hünär ussady”, “Jemgyýetçilik işinde tapawutlanandygy üçin”, “Çagalary terbiýelemekde gazananlary üçin”, “Türkmen döwletiniň berkararlyk we bagtyýarlyk döwründe jemgyýeti ösdürmek üçin goşan goşandy üçin”, “Telekeçilikde gazanan üstünlikleri üçin” ýaly ýedi ugur boýunça geçirildi. Bäsleşigiň şertleri boýunça oňa gatnaşyjylar emin agzalaryna özi, öz işi, maşgalasy barada wideoşekilleri, şeýle hem zähmetde we jemgyýetçilik durmuşynda bäsleşikde gazanan üstünliklerine şaýatlyk edýän toplan diplomlaryny we hormat hatlaryny görkezýär.


Bäsleşik zenanlar guramalarynyň arasynda giň goldawa eýe bolup, ol obalarda, şäherçelerde, etraplaryň şäherlerinde, welaýatlaryň merkezlerinde we paýtagtda ýaşaýan zenanlaryň köp sanlysyny öz işine barha köp çekýär. Olaryň ählisini durmuşda eýeleýän işjeň ýagdaýlary, özlerini tanatmak hem-de öz zähmetleriniň mysalynda berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwrüniň döredijilikli maksatlaryny şöhratlandyrmak islegleri birleşdirýär.

Şu ýylda yglan edilen bäsleşigiň birinji tapgyry ýurduň etraplarynda eýýäm geçirildi. Kärhanalaryň we edaralaryň ilkinji zenanlar guramalary öz wekillerini görkezdiler. Birinji tapgyryň ýeňijileri fewral aýynda welaýatlar we Aşgabat şäheri derejesinde geçiriljek bäsleşiklere gatnaşarlar. Bäsleşigiň bu tapgyrynda emin agzalary bäsleşigiň jemleýji tapgyrynyň dalaşgärleriniň atlaryny aýdarlar. Onda ýedi ugur boýunça ýeňiji bolan zenan “Ýylyň zenany” diýen derejä eýe bolar.