Ï Watany şöhratlandyrýarys
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Watany şöhratlandyrýarys

view-icon 906
Türkmenistanyň Içeri işler ministrligi we Aşgabat şäheriniň medeniýet müdirligi Watan goragçylarynyň güni mynasybetli paýtagtyň Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky 1001 harby bölüminde IIM klubynyň maslahatlar zalynda baýramçylyk konsertini guradylar. Klubyň eýwanynda Bäşim Nuraly adyndaky Çagalar çeperçilik mekdebiniň okuwçylarynyň işleriniň sergisi we kitap sergisi açyldy.

Tomaşaçylaryň – möhletli gullugyň harby gullukçylarynyň, serkerdeleriň we harby bölümiň şahsy düzüminiň öňünde IIM orkestri, şeýle hem paýtagtyň artistleri çykyş etdiler.

Içeri işler ministrliginiň orkestriniň aýdymçylarynyň aýdym kompozisiýalary ýaňlandy. “Watan”atly aýdymy ýerine ýetiren Türkmenistanyň at gazanan artisti Arslan Atdanow, halk artistler Annaguly Öwlýägulyýew we Şaguly Allaberdiýew tomaşaçylara öz döredijiliklerini sowgat berdiler, “Aşgabat” tans ansambly “Göwün mukamy” atly tansy ýerine ýetirdi. Konsertiň jemleýji bölüminde «Şöhrat Arkadaga, Şöhrat Watana» kompozisiýa ýerine ýetirildi.


Maýor, harby bölümiň şahsy düzüm bilen işleşmek boýunça komandiriň orunbasary Şamyrat Gylyjowyň belleýşi ýaly, onuň harby gullukçylary Aşgabatda, Abadan etrabynda, şeýle hem welaýat merkezleriniň ählisinde – aýratyn batolýonlaryň bar ýerlerinde Daşoguzda, Maryda, Balkanabatda, Türkmenabatda jemgyýetçilik düzgünlerini goramak boýunça gulluk edýärler hem-de patrullyk edýärler. Şeýle hem harby gullukçylar IIM okuw merkezinde döwlet gurluşynyň esaslaryny – Konstitusiýany, Türkmenistanyň Kanunlaryny, hukuk goraýyş çärelerine degişli bolan Prezidentiň Permanlaryny, Jenaýat kodeksini öwrenmek bilen, harby we ynsanperwer taýýarlyk boýunça sapaklar geçýärler. Harby gullukçylar özleriniň boş wagtlarynda hereketli oýunlar ýa-da köp ugurly sport toplumynda türgenleşik bilen meşgullanýarlar, kitaphana gatnaýarlar.

Harby bölüm 2013-nji ýylyň 12-nji awgustynda açyldy. Häzirki wagtda ol ep-esli çägi eýeläp, onda ondan gowrak bina – ştab, Mälikguly Berdimuhamedow adyndaky muzeý ýerleşýär. Onuň ekspozisiýasy taryhy resminamalary we original goşgulary, fotosuratlary, Türkmenistanyň içeri işler edaralarynda işlän ýyllarynda bitiren hyzmatlary üçin we ýaş nesilleri – hukuk düzgünlerini goraýjylary terbiýelemek işinde bitiren hyzmatynyň hatyrasyna Mälikguly Berdimuhamedowa degişli bolan şahsy zatlary öz içine alýar.