Ï «Saglyk – baş baýlykdyr!»
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Saglyk – baş baýlykdyr!»

view-icon 1103
Şeýle şygar bilen bäsleşik özüniň bejerijilik mineral suwly, welaýatyň çäklerinden daşarda hem meşhur bolan sagaldyş öýünde – “Farap” şypahanasynda geçirildi.

Bäsleşige biziň ýurdumyzyň bejeriş serişdeleri barada, şol sanda Türkmenistanyň çäklerinde ösýän dermanlyk ösümlikleriniň iş ýüzünde peýdalanylyşy, şeýle hem ýurduň mineral çeşmeleriniň suwlary barada öz bilimlerini giňden beýan eden bejeriş-dynç alyşa ýöriteleşen iň gowy lukmanlar gatnaşdylar.


Farabyň suwy barada aýdylanda bolsa, ol plýus 37-39 gradusly hemişelik temperaturaly sulfid-hlorid subtermal suwlaryna degişlidir. Onuň düzümine peýdaly mikroelementleriň 32-si, şol sanda ýod, brom, magniý, kükürt wodorody, demir we beýlekiler girýär. Olaryň sany boýunça farabyň suwy GDA ýurtlarynyň Solwyçegodsk, Kaşino, Nowoižewsk ýaly şypahanalarynyň mineral suwlaryna garanyňda köpdür.

Geçen ýylda öňki şypahananyň ýerine 250 orunlyk, iň ýokary halkara talaplaryna laýyk gelýän “Farap” häzirki zaman bejeriş-dynç alyş toplumy açyldy. Bu ýerde giň hyzmat edişli ajaýyp lukmançylyk gurluşy açyldy. Şunlukda bu şypahananyň geljekde uly ösüşleri gazanmaga uly mümkinçiligi bardyr. Ol häzirki wagtda hem Mollagara, Baýramaly, Arçman we Ýyly suw ýaly meşhur türkmen şypahanalarynyň arasynda mynasyp orny eýeleýär.