Ï Zenanlar – biziň Watanymyzyň buýsanjydyr
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Zenanlar – biziň Watanymyzyň buýsanjydyr

view-icon 886
Daşoguzda “Ýylyň zenany” bäsleşiginiň welaýat tapgyry geçirildi. Ýurduň işewürlik we jemgyýetçilik durmuşuna gatnaşýan zenanlaryň döredijilik we intellektual mümkinçiliklerini ýokarlandyrmaga gönükdirilen bu däbe öwrülen çärä ýurduň demirgazyk sebitiniň dürli hünärlerde işleýän zenanlary, obalarda, şäherçelerde we welaýatyň dolandyryş merkezinde ýaşaýan zenanlary gatnaşdylar.

Bäsleşik – “Ýokary guramaçylyk ukyplylygy üçin”. “Hünär ussady”, “Jemgyýetçiň ösmegi üçin goşan goşandy üçin”, “Çagalary terbiýelemekde gazananlary üçin”, “Telekeçilikde gazanan üstünlikleri üçin”, “Obany ösdürmek üçin goşan goşandy üçin” ýaly ýedi ugur boýunça geçirildi.

“Ýylyň zenany” welaýat bäsleşiginiň ýeňijileriniň arasynda çagalar bagynyň müdiri, halyçy, Köneürgenç döwlet taryhy-medeni ýadygärliginiň işgäri, şepagat uýasy, telekeçi ýaly zenanlar bar.

“Ýylyň zenany” bäsleşiginiň welaýat tapgyrynyň ýeňijilerine Kärdeşler arkalaşygynyň Daşoguz welaýat birleşiginiň adyndan gymmat bahaly sowgatlar dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.