Ï Innowasion tehnologiýalar saglygyň hyzmatynda
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Innowasion tehnologiýalar saglygyň hyzmatynda

view-icon 1167
Halkara trawmatologiýa merkezi şikesleri we olaryň netijelerini bejermegiň iň täze usullaryny ornaşdyrýar. Bu bolsa kesellileri bejermegiň möhletlerini azaltmaga we tiz wagtdan sagalmagyna, operasiýadan soňky ýüze çykyp biläýjek gaýra üzülmeleri duýdurmaga şert döredýär. Esasan hem maloinwazion usuly ulanmak esasy ugur bolup durýar. Bu bolsa syrkawlaryň tiz sagalmagyny we şikes ýetenden soňky gaýra üzülmeleri duýdurmaga şertleri döredýär. Täze usullaryň arasynda – turba görnüşli süňkleriň öňüni alyş osteosintezi, bogunlaryň diagnostiki we bejeriş artroskopiýasy, çanaklygy but süňki bilen birleşdirýän we dyz bogunlarynyň endoprotizirlemek, döwülen süňkleriň transkuten usullary we beýlekiler bar.

Bogunlary endoprotizirlemegiň netijesinde buduň inçelýän ýeriniň medial döwülmesinde, çanaklyk-but bognunyň dogabitdi displaziýalarynda, dyz süňküniň ujunyň koksatrozalarynda we aseptiki nekrozalarynda, şikes ýetenden soňky we dyz bognunyň idiopatiki arttrozalarynda we beýleki şulara meňzeş çanaklyk-but bogunlarynyň patalogiýasynda syrkawlar birnäçe günüň dowamynda işjeň durmuşa gaýdyp gelmäge mümkinçilik aldylar.


Turba görnüşli süňkleriň öňüni alyş osteosintezi syrkawy uzaga çekmedik immoblizirlemäge, gysga wagtda işjeňleşdirmäge, süňk döwükleriniň dürli gaýra üzülmelerini öňünden duýdurmaga mümkinçilik berýän turba görnüşli süňkleriň döwüklerini bejermegiň az inwaziw usuluna degişlidir.

Diagnostiki we bejeriş artroskopiýa adam bognuna gönüden-göni “seretmäge”, özi hem az maloinwaziw, has az trawmatiki usul bilen “seretmäge” mümkinçilik berýär. Artroskopyň kömegi bilen bogunlarda endoskopiki diagnostika we çalt bejeriş usullary geçirilýär. Bu usulyň maloinwaziwligi bogunlaryň hereketini örän gysga wagtda dikeltmäge mümkinçilik berýär.

Halkara trawmatologiýa merkeziniň açylmagy netijesinde ösüşe eýe bolan lukmançylygyň ýene-de bir ugry – neýrohirurgiýa bolup durýar. Biziň hassahanamyzyň 30 oruna niýetlenen ýöriteleşdirilen bölüminde liniýa neýrohirurgiki stasionaryň esasy meseleleriniň ählisi ýerine ýetirilýär. Bu gyssagly hyzmat, göçme maslahat beriş, şol sanda sanitariýa awiýasiýasy boýunça nobatçylyk işleridir. Şeýle hem syrkawlary we neýrohirurgiki kesellileri hirurgiki bejeriş we osteohondrozly pasiýentleri, merkezi nerw ulgamynyň parazitar zyýanly, şeýle hem çagalar hem, ondan başga hem dogabitdi anomaliýaly (gidrosewaliler, spinnomozgly grižalar) çagalar kabul edilýär.

Merkezde ýokary takykly diagnostiki enjamyň bolmagy gysga wagtlarda diagnozy jikme-jik öwrenmäge, bejerişiň görnüşini saýlap almaga, gije-gündiziň islendik wagtynda öňüni almak babatda gyssagly çözgüdi kabul etmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki zaman enjamlary bilen üpjün edilen operasiýa edilýän bölümler arka hirurgiýasy ulgamynda hirurgiki işleri giňeltmäge mümkinçilik berdi. Şikesde we degeneratiw kesellerinde (osreohondrozyň III derejesi, arka kanaly stenozolly ligamentoz, indiki öňki spondilistezlarda) oňurganyň boýun böleginde operasiýalar ýerine ýetirilýär. Oňurganyň döş we bil böleklerinde transperdikulýar spondilodez işjeň ulanylaýr. Diskleri gryžalaryna hirurgiki täsir etmelerinden soňra diski “protezirleme”, ony “keýçe” çalyşmak geçirilýär. Bu durmuşa geçirilýän işleriň ählisi syrkawlaryň çalt sagalmagyna, olaryň durmuşynyň hilini gowulandyrmaga şert döredýär.

Iň häzirki zaman diagnostiki we bejeriş enjamlary bilen üpjün edilen Halkara trawmatologiýa merkezi ýokary hilli lukmançylyk kömegini bermek üçin zerur bolan ähli zatlara eýedir. Bu ýerde lukmanlar we pasiýentler üçin ýewropa talaplaryna laýyk gelýän şertler döredilendir.