Paýtagtymyzda ýurdumyzyň dindarlarynyň maslahaty geçirildi.
Onuň işine welaýatlardan we Aşgabat şäherinden din işgärleri, il sylagly ýaşulular gatnaşdylar. Maslahatyň gün tertibinde ýurdumyzyň dindarlarynyň öňünde duran wezipelere we guramaçylyk meselelerine garaldy.
Maslahatda çykyş edenler hormatly Prezidentimiziň ynsanperwer başlangyçlary bilen Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe halkymyzyň milli özboluşlylygyny kepillendirýän we dünýä medeniýetiniň genji-hazynasyna giren milli ýörelgelerimiziň, ynsanperwerlige we ýagşylyga ýugrulan baýramlarymyzyň aýratyn many-muzmun bilen baýlaşýandygyny hem-de jemgyýetimiziň ruhy taýdan sagdyn ösmegine özüniň oňyn täsirini ýetirýändigini bellediler.
Beýik ösüşleri we özgertmeleri başdan geçirýän täze taryhy eýýamda beýik geljegine ynamly gadamlar bilen barýan, gurýan we döredýän bagtyýar halkymyz hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyza bolan beýik söýgini artdyrýan, ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini dabaralandyrýan hem-de ýagşylygy ündeýän, şöhratly taryhymyzy, baý medeni mirasymyzy we häzirki ruhy galkynyşyň hakyky manysyny açyp görkezýän milli baýramlarymyzy uludan toýlaýar.
Maslahatda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan döwletimizde üstünlikli amala aşyrylýan özgertmeler milli Liderimiziň taýsyz tagallalary bilen ýurdumyzy we jemgyýetimizi hemmetaraplaýyn ösdürmekde ruhy gymmatlyklarymyzyň we halkymyzyň ägirt uly döredijilik kuwwatynyň rowaçlanandygynyň, eýýamlaryň we nesilleriň ruhy baglanyşygyna döwlet derejesinde aýratyn ähmiýet berilýändiginiň, dostlugyň, agzybirligiň hem-de jebisligiň ajaýyp ýörelgesiniň dünýä ýaýylýandygynyň aýdyň ykrar edilmesidir.
Bu ýere ýygnananlar döwlet Baştutanymyzyň ýöredýän syýasatyny goldaýandyklaryny aýdyp, geljekde-de mukaddes Garaşsyzlygymyzyň ägirt uly özgertmelere beslenen üstünliklerini wagyz etmäge, şeýle hem milli mukaddesliklerimizi, halkymyzyň köpasyrlyk däp-dessurlaryny we urp-adatlaryny çäksiz hormatlaýan ruhubelent nesilleri kemala getirmäge örän işjeň gatnaşmaga taýýardyklaryny beýan etdiler.
Maslahatyň baryşnda Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe ata-babalarymyzdan miras galan özboluşly däp-dessurlarymyzy geljekki nesillerimize, halk köpçüligine doly we dogry ýetirmekde dindarlaryň öňünde durýan wezipeleriň üstünde hem durlup geçildi.
Şeýle hem maslahatda guramaçylyk meselelerine garaldy. Şonda Türkmenistanyň müftüsi wezipesine Ç.Seräýewiň saýlanandygy baradaky hem-de beýleki çözgütler yglan edildi.
Maslahatyň ahyrynda oňa gatnaşanlar milli Liderimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, geljekde-de mähriban Watanymyzyň eşreti üçin yhlas bilen işlejekdiklerine, parasatly we merdana ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän asylly däp-dessurlarymyzy, milli we ahlak gymmatlyklarymyzy giňden wagyz etmekde, ösüp gelýän ýaş nesilleri terbiýelemekde güýçlerini gaýgyrmajakdyklaryna döwlet Baştutanymyzy ynandyrdylar.