Mýunhen şäheriniň Lýudwig Maksimilian uniwersitetiniň kardiohirurgiýa professory Kallin Wikol sapar bilen Maryda boldy. Nemes professory Türkmenistanda örän möhüm wezipäni ýerine ýetirýär: ol türkmen kärdeşleri bilen Kardiologiýa kliniki merkezinde ýürek-damar kesellerini bejermegiň häzirki zaman usullaryny durmuşa ornaşdyrýar we ösdürýär.
Mara bolan sapar örän netijeli boldy. Sapar welaýatyň lukmançylyk edaralary bilen tanyşlykdan başlandy. Hususan-da myhman, Gaýragoýulmasyz kömek merkezinde, Enäniň we çaganyň saglygyny goraýyş merkezinde boldy. Welaýatyň keseli anyklaýyş merkezinde ol lukmanlar üçin söhbetdeşlik üçin geçirmeli wagtyny tygşytlamak bilen, saparyň meýilnamasynda göz öňünde tutulan wagtyna görä köp wagtyny geçirdi. Şeýle hem professor Wikol pasientleriň birnäçesine maslahatlary berdi. Keseli anyklandan soňra olaryň her birine keseli bejermek boýunça maslahatlar we hereket etmegiň meýilnamasy berildi.
Professor Wikol özüniň Mara bolan saparynyň ahyrynda “Dermanhana” welaýat müdürliginiň maslahatlar jaýynda kardiologiki kesselleriň has köp gabat gelýän görnüşlerini hirurgiki usul bilen bejermegiň meseleleri boýunça ylmy-amaly maslahat geçirdi. Maslahat jaýyna welaýatyň lukmançylyk ulgamynyň işgärleri – kardiologlar, terapewtler, reanimatologlar, maşgala lukmanlary – umumylykda welaýatyň şäherleriniň we etraplarynyň lukmanlarynyň iki ýüzden gowragy ýygnandy. Maslahat dünýä kardiohirurgiýasynyň häzirki zaman gazananlary bilen tanyşdyrmak maksady bilen geçirildi.
Kallin Wikol maslahatda eden çykyşyny slaýdlary görkezmek bilen utgaşdyrdy. Germaniýadan gelen myhman medikamentoz bejergisine mahsus bolan kardiologiýa keselleriniň düzümini bejermegiň innowasion usullarynyň üstünde aýratyn durup geçdi.