Ï Çagalar oftalmologiýasy: ylmyň öňdebaryjy çäklerinde
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çagalar oftalmologiýasy: ylmyň öňdebaryjy çäklerinde

view-icon 1263
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň ýanyndaky Ylmy-kliniki merkeziniň esasy ylmy ugurlarynyň biri hem çagalar oftalmologiýasynyň meselelerini çözmäge düýbünden täzeçe çemeleşmegi işläp düzmek bolup durýar. Elbetde, iň täze lukmançylyk tehnologiýlaryny ulanmak bilen, çagalarda dogabitdi keseller bolan ýokary şowalyk, çaşy gözlülik, katarakta, glaukoma, täze döreýän we beýleki göz keselleriniň profilaktikasy, diagnostikasy we bejermek, kesellileriň bu toparlarynyň maýyp bolmaklarynyň azalmagyna we onuň netijesinde bolsa ýaş nesliň sagalamagyna alyp barýar.

Çagalar bölüminde oftalmoonkologiýa meseleli çagalaryň kesellerini anyklamak, bejermek we dispanserizasiýalaşdyrmak takyk ýola goýlandyr. Soňky ýyllarda differensial anyklaýyş üçin ýaş suwuklygyny kristallaşdyrmagy öwrenmek boýunça ylmy gözlegler we çagalaryň görüş agzalarynda täze döreýişleri netijeli bejermek geçirilýär.

Mekdebe çenli we mekdep ýaşly çagalarda gowşak görüşiň öňüni alyş çärelerini geçirmek – häzirki zaman çagalar oftalmologiýasynyň esasy meselesi bolup durýar. Bu meseläniň üstünlikli çözülmegi çagalar oftalmologlarynyň göz keselleri kafedrasynyň işgärleri bilen bilelikde alyp barýan öňüni alyş çäreleriniň toplumyny üpjün edýär. Ylmy-kliniki merkezinde “Öňüni alyş çärelerini geçirmek boýunça toplumlaýyn ulgamyň esasy ugurlary we çagalarda akkomodasion-refraksion bozulmalary dikeltmek” temasy boýunça ylmy işler yzygiderli alnyp barylýar. Çagalaryň görüş ukybynyň bozulmalary boýunça ylmy temany ýerine ýetirmegiň çäklerinde metodiki gollanmalar neşir edildi, kiçi ýaşly mekdep okuwçylary üçin öňüni alyş çäreleriniň toplumy işlenip taýýarlandy.


Geçen ýylda biz Aşgabat şäheriniň orta mekdepleriniň kiçi synp okuwçylarynyň ählisiniň mugallymlary bilen öwrediş maslahatlarynyň tapgyryny geçirdik. Bu geçirilen maslahatlarda mugallymlar kiçi ýaşly mekdep okuwçylarynda gözüň akkomodasion enjamynda türgenleşigi üçin ýörite maşklar toplumyny özleşdirdiler, ýaş aýratynlyklaryny nazara almak bilen, okuwyň dowamynda optimizasiýa boýunça teklipler berildi. 3D-suratly we okuwdan üznüzksiz ýörite göz maşklary metodiki programmasy işlenip taýýarlandy we ornaşdyryldy. Bu teklipler her 20 minutdan geçilýän sapaklarda ýörite maşklar üçin bäş minutlyk arakesmäni; kompýuter bilen işlemegiň ahyrynda (20 minutdan köp bolmadyk) – 3D-suratyň kömegi bilen akkomodasiýany türgenleşdirmek boýunça 1 minutlyk arakesmäni öz içine alýar. Esasy möhüm şertleriniň biri hem okuw otaglarynyň ýagtylygy boýunça arassaçylyk kadalaryny berjaý etmek, okuwçyny partanyň başynda we kompýuter bilen işlände dogry oturtmak, bir günde dörtden köp bolmadyk sapaklary geçmek; okuwlary olaryň çylşyrymlylygy boýunça bölmek; dogry iýmitlenmgi guramak bolup durýar.

Häzirki wagtda okuwçylaryň görüş bozulmalaryny ir ýüze çykarmak maksady bilen, paýtagtyň orta mekdepleriniň ýanynda orta hünärli lukman işgärleri üçin nobatdaky öwrediji maslahatlar guraldy. Munuň üçin mekdepler gerek bolan zerur gollanmalar bilen goşmaça üpjün edildi.


Paýtagtyň mekdepleriniň onlarçasynyň ýokary synp okuwçylary gözden geçirildi. Çagalarda görüş agzalaryny öwrenmek bütewi unifisirlenen usulda geçirildi, ýagny öňünden taýýarlanan lukman görüşiň ýitiligini, çuňlaşdyrylan bejergi zerur bolanlary takyklady. Çuňlaşdyrylan bejergi görüşiň bozulmalary ýüze çykarylan ýa-da bu babatda ýüz tutan çagalarda geçirildi. Munuň üçin anamnestiki maglumatlaryň birnäçesini, şertler baradaky maglumatlary öz içine alýan çagalaryň görüşini öwrenýän shema işlenilip taýýarlandy. Şular ýaly çemeleşmeler her bir anyk ýagdaýda görüşi gowulandyrmak üçin anyk çäreleri öz wagtynda düzmäge kömek edýär.

Bu shema boýunça bolup geçen keseller täze we möhüm mesele bolup durýar. Esasy iş täze ylmy işleriň ýylsaýyn döremegindedir. Olaryň kömegi bilen bedeniň umumy ýagdaýy we birnäçe keselleri arkaly görüş bozulmalarynyň sebäbini tapyp bolýar. Geçirilen gözleg işleriň netijeleri hereket işjeňliginiň ýokarlandyrylan kadasy çaganyň bütin bedenine köp taraplaýyn sagaldyş täsirini ýetirýänigini tassyklady, ol myşsa ulgamyny we daýanç-hereket apparatyny ösdürýär. Bu bolsa, hususan-da, sapaklarda dogry ýagdaýy saklamaga, ýeňilligi, çalasynlygy, çydamlylygy türgenleşdirýär we emele getirýär hem-de şahsyýetde gowy häsiýetleriň ýüze çykmagyna şert döredýär.