Ï Plakat hereket etmäge çagyrýar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Plakat hereket etmäge çagyrýar

view-icon 637
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň sergiler zalynda plakatlaryň döredijilik bäsleşiginiň jemi jemlendi. Bu bäsleşik sagdyn durmuş ýörelgesine eýerýän, ýaramaz endiklerden daşda durmaga çalyşýan ýaş nesle bagyşlandy. Bäsleşik bir aý mundan ozal ýurduň Medeniýet ministrligi, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasy, Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkezi tarapyndan yglan edildi.

Toparyň karary bilen iki sany baýrakly orun kesgitlendi. Onuň birinjisine çeperçilik akademiýasynyň talyplary D.Mämmetgulyýew, G.Jumaýewa mynasyp boldular. Şeýle hem ikinji orny bu akademiýanyň talyplary M.Çaryýewa, I.Allaýarowa, üçünji orun bolsa ýaş hudožnikler M.Kulyýewe, R.Haýydowa berildi. Bäsleşigiň baýrakly orunlaryna mynasyp bolanlara we tapawutlananlara gymmat bahaly sowgatlar we höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Bäsleşige Çeperçilik akademiýasynyň talyplary, ýurduň dürli sebitleriniň çeperçilik ýörite hünär okuw mekdepleriniň we mekdepleriň okuwçylary gatnaşdylar. Netijede saýlama toparyň öňünde bäş ýüzden hem gowrak işi seljermek wezipesi durdy, olaryň üç ýüzsi töweregi gönüden-göni bäsleşige gatnaşdyryldy. Wagyz-nesihat polotnolar hudožnikleriň bu meselä çynlakaý garaýandyklaryny görkezdi. Hudožnikleriň bäsleşige gatnaşan ýaş nesli adama estetiki taýdan täsir etmegiň köne usullaryny gaýtadan dikeltmegi we täze usullaryny işläp taýýarlamagy başardylar.