Ï Tebigaty söýýänler we bilýänler üçin fotobäsleşik
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Tebigaty söýýänler we bilýänler üçin fotobäsleşik

view-icon 807
Türkmenistanlylaryň iki sanysy Germaniýanyň halkara hyzmatdaşlygy jemgyýetiniň, Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýanyň sebitleýin ekologiýa merkeziniň sebitleýin taslama saýtynda ekologiki onlaýn fotobäsleşiginiň ýeňijisi boldular. Biziň ýurdumyzda bu taslama Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrligi bilen bilelikde amala aşyrylýar.


Fotobäsleşigiň jemleri boýunça Türkmenistanyň Tebigaty goramak ministrliginiň Milli çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi institutynyň hünärmeni Pawel Ýerohin “Köýtendagdaky deňiz derejesinden 2500 metr belentlikdäki arça tokaýlygy” fotosuraty bilen “Tokaý serişdelerini durnukly dolandyrmak” ady bilen geçirilen bäsleşikde ýeňiji boldy. Şeýle hem onuň “Badhyz goraghanasyndaky dag goçlarynyň sürüsi” atly işi “Haýwanat dünýäsini durnukly dolandyrmak” ady bilen geçirilen bäsleşikde birinji orny eýeledi. Fotosöýüji Karim Azizow bolsa “Köýtendag güýzüniň öwüşginleri. Hojapil obasy” işi bilen “Öri meýdan serişdelerini durnukly dolandyrmak” ady bilen geçirilen bäsleşikde iň gowy iş diýlip baha berildi.

Bu bäsleşik geçen ýylyň ahyrynda yglan edilipdi. Onuň şertlerine görä fotosuratçylar – Merkezi Aziýa sebitiniň ýurtlarynyň höwesjeňleri her bir ugur boýunça birnäçe fotosuratlary teklip edip bilýärler. Türkmenistanly we Özbegistanly höwesjeňler aýratyn işjeňlik görkezdiler. Döredijilik bäsleşiginiň şertlerine laýyklykda, ýeňijiler elektron fotosergisine gatnaşyjylaryň sesleriniň jemi we bäsleşigiň emin agzalarynyň bahasy boýunça kesgitlendi.

Bu bäsleşigi guraýjylar umumylykda 200 töweregi fotosuratlary aldylar, ses bermekligiň programmasyna-hasapçysyna laýyklykda bolsa, serginiň wirtual ses berijileriniň 2 müňsi töweregi gatnaşdy.