Ï Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ýurdumyzyň sebitlerinde täze binalaryň açylyş dabaralary

view-icon 697
Şu gün ýurdumyzda täze binalary we desgalary ulanmaga bermek dabarasy ýene-de Balkan welaýatynyň dolandyryş merkezinde geçirildi. Bu ýerde çörek-bulka we süýji önümleri öndürmek boýunça täze kärhana dabaraly ýagdaýda açyldy.

Bu şanly waka mynasybetli, irden dürli reňkdäki lentalar we şarlar bilen baýramçylyga mahsus ýagdaýda bezelen täze binanyň öňündäki meýdançada ruhubelent we şadyýan ýagdaý höküm sürüp ugrady. Ýygnananlaryň arasynda welaýatyň we şäheriň häkimlikleriniň, kärhanalaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri, hormatly ýaşulular, ýaşlar bar. Balkanyň döredijilik toparlary täsirli folklor we aýdym-sazly kompozisiýalary ýerine ýetirip, öz ussatlyklaryny görkezdiler.

Dabara gatnaşyjylar öz çykyşlarynda hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowa ata Watanymyzyň ykdysady kuwwatyny pugtalandyrmak maksady bilen netijeli çäreleriň amala aşyrylýandygy, türkmenistanlylaryň maddy hal-ýagdaýyny has-da ýokarlandyrmak barada içgin alada edilýändigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler. Ýygnananlar türkmen döwletiniň Baştutanyna berk jan saglyk, uzak ömür hem-de ata Watanymyzyň we halkymyzyň bagtyýarlygy ugrundaky asylly işde täze ajaýyp üstünlikleri arzuw etdiler.


Çörek-bulka we süýji önümleri öndürmek boýunça täze kärhana ýurdumyzyň telekeçileri – “Şir Arslan” kärhanasy tarapyndan guruldy. Binanyň birinji gatynda hamyry ýugurmak, galyplarda ýerleşdirmek, çörek we süýji önümlerini bişirmek üçin ýöriteleşdirilen enjam bilen üpjün edilen bölüm ýerleşýär. Bu ýerde dükan hem bar, şonda ýurdumyzda ösdürilip ýetişdirilen bugdaýdan taýýarlanan ýokary hilli we dürli görnüşdäki çörek we çörek önümleri ýerlener. Süýji bölüminde biskwitli tortlar, ruletler, dürli görnüşdäki gatlamalar we köke satuwa çykaryldy. Şu dabara gatnaşan myhmanlar bularyň tagamyna mynasyp baha berdiler. Binanyň ikinji gatynda gulluk-tehniki otaglar ýerleşýär. Ýeri gelende aýtsak, taslamany düzüjiler işgärler üçin amatly şertleriň döredilmegini göz öňünde tutupdyrlar.

Umaman alanyňda, täze kärhana öňdebaryjy tehnologiýalary we dünýäde toplanan oňyn tejribäni ugur edinýän ýurdumyzyň içerki bazarynda azyk bolçulygyny artdyrýan önüm öndürijileriň üstünlikleri gazanýandygyny görkezýän ýene-de bir subutnamadyr.